Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

PLASTIK ZYŇYNDYLARYMYZ NIRÄ GIDÝÄR?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (10 Ses)

plastik konteynerlerÝakynda men BMG Ösüş Maksatnamasynyň (UNDP) Aşgabatda we Awazada amala aşyrylýan ýaşyl şäher maksatnamalary barada habarlary okadym. Esasan hem plastik zyňyndylary azaltmak baradaky 3 taslama meniň ünsümi çekdi. Maglumat diňe rus we iňlis dillerinde çykarylypdyr.

Taslama hyzmatdaşlary

Taslamalar Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hyzmatdaşlygynda alnyp barylýar. Ministrlik 2019-nji ýylyň ýanwar aýynda döredildi. Ministrligiň websaýty ýok.

Hyzmatdaşlaryň ýene biri 1968-nji ýylda açylan we ilat bilen iş alyp barýan Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýeti (Общество охраны природы Туркменистана) jemgyýetçilik guramasy. Bu guramanyň saýtynda taslamalara degişli hiç hili maglumat ýok. Maglumatlary ilat bilen diňe UNDP Türkmenistan paýlaşýar.

Ýaşyl konteýnerler

Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň Ak Bugdaý etrabynyň dürli ýerlerinde plastik zyňyndylary atmak üçin 36 töweregi konteýner goýlupdyr. Bu başlangyç gulaga hoş eşdilse-de, ýurdumyzyň plastik meselesini çözjege meňzemeýär. Sebäbi konteýnerleriň sany örän az. Olar ilatyň oturymly, toplanýan ýerinde goýulmandyr. Halkyň köp bölegi beýle konteýnerleriň bardygyny bilýän hem däldir. Gynansakda, Türkmenistanlylaryň ählisi diýen ýaly plastikleri umumy hapa atylýan konteýnerlere atýarlar. Aramyzda plastikleri islän ýerinde taşlap ýörenler hem bar. Meniň pikirimçe, plastik zyňyndylary azaltmakda we ýygnamakda has gowy netijeleri gazanmak üçin:

↪ Her ýaşaýyş jaý toplumynyň ýanynda umumy hapa atylýan konteýner bilen bile plastik atylýan konteýner hem goýulmaly;

↪ Dürli ýaşdaky adamlara we çagalara plastigiň zyýanlary barada düýpli bilim bermeli;

↪ Şäherlerde zyňylan plastikleri çöpläp ýörite konteýnerlere atýan meýletinçiler toparlaryny döretmeli.

Plastigi şitile çalyşmak

Plastik zyňyndylaryny ýygnap, Oba Hojalygy we Daşky Gurşawy Goramak ministrliginiň guramasyna tabşyran adama şitil berilýär (her 8-10 kg plastige bir sany şitil). Hususy kärhänalar we telekeçiler bu plastiklerden ekarançylykda ulanylýan turbalary öndürýärler. Maňa bu pikir örän ýarady. Bir tarapdan plastik zyňyndylary azalýar. Ikinji tarapdan bolsa, adamlar gazanan şitillerini ekip tebigata peýda getirýärler. Ýöne hemme adamy şitil gyzyklandyrmaýan bolmagy hem mümkin. Şonuň üçin hem, Russiýa federasiýasynyň tejribesi ulanylsa, ýagny plastigiň öwezine pul serişdesi hödürlense, ol has köp adamy plastik ýygnamaga höweslendirip bilerdi.

Ekologiýa sowatlylygy

2019-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda Bütindünýä Durnukly Şäherler Güni mynasybetli taslama hünärmenleri tarapyndan Aşgabat şäheriniň 136-njy mekdebiniň okuwçylary bilen ekologiýa temasy boýunça sapaklar geçirilip, 1500 sany agaç ekilipdir. Şeýle işler ýaş nesliň ekologik terbiýesini ösdürýär. Men şeýle çäreler aşakdakylar bilen goşup geçirilse, ilatyň ekologiýa sowatlylygynyň we tebigatymyzyň howpsuzlygynyň has hem artjagyna ynanýaryn:

↪ Her hepde ähli mekdeplerde ekologik çäreler geçirilip durulsa;

↪ Ekologiýa temasy boýunça gazet-žurnallarda makalalar çap edilip durulsa;

↪ Awtobuslaryň radiolarynda we öýlerimizdäki telewizorlarda ekologiýa üns çekilse;

↪ Köpçülik ýerlerinde plakatlar asylsa.

Şeýle başlangyçlar biz ýaşlary ýurdumyzyň gelejegine goşant goşmaga höweslendirýär. Eger-de ýerli guramalar ilat bilen geçirýän informasion çäreleriniň ýygylygyny we önjeýliligini artdyrsalar, aň-düşünjämiziň çyndanam has ösjegine ynanýaryn.

BMG Ösüş Maksatnamasynyň Aşgabatdaky we Ahal welaýatyndaky plastik zyňyndylary ýygnaýan konteýnerleriniň ýerleşýän ýerleriniň kartasy:

plastik konteyner karta

1. Ýyldyz myhmanhanasy (2 konteýner ) – Bagtyýarlyk köçesi 17

2. Senagatçy myhmanhanasy (2 konteýner) – Arçabil 35

3. Was myhmanhanasy (2 konteýner) – Arçabil 19

4. Nebitçi myhmanhanasy (2 konteýner) – Arçabil 29

5. "Bouygues-Türkmenistan" şereketiniň önümçilik bazasy (1 konteýner) – Ak Bugdaý etraby

6. "Bouygues-Türkmenistan" şereketiniň gurluşyk meýdançasy (5 konteýner) – Çandybil şaýoly

7. ABŞ-nyň ilçihanasy – Puşkin köçesi

8. Amerikan mekdebi – Arçabil şaýoly we Atatürk köçesiniň çatrygy

9. Senagat zonasy (18 konteýner) – Ak Bugdaý etraby

Çeşme: UNDP Turkmenistan

Awtory: Batyr Bäşimow

  • 2165 gezek okalan