Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGASY ÝOGALAN MAŞGALA NÄDIP GOLDAW BERMELI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (6 Ses)

caga olumiGazagystanly awtor Dinara Kusain, "Salam, ene-atalar" atly kitabynda çaga ölümçiliginden we çagasy aýrylan maşgalalara, şeýle hem agyr keselli çagalara goldaw bermekden söz açýar. Men makalany okap, türkmenistanly ene-atalara, maşgalalara peýdaly bolup biljek maslahatlary paýlaşmagy makul bildim.

Çaga ölümi barada maşgala we ene-ata bilen nähili gürleşmeli?

Käwagt maşgala agzalaryna teselli berjek bolup, ýerliksiz sözleri aýtmagymyz mümkin. Mysal üçin: "Ýagdaýyňa düşünýärin". Bu dogry däldir. Çünki biz jepa çekýäniň duýgularyny göz öňümize hem getirip bilmeýäris.

↪ Wakalar we ene-atalar dürli-dürlüdir. Şol sebäpli, ene-atanyň ýagdaýyna görä bolmak örän möhüm.

↪ Ilki bilen, olara gynanjyny paýlaşmaga mümkinçilik bermeli. Duýgularyňy içiňde saklamak, gizlemek soňy bilen adamyň fiziki we psihiki saglygyna zyýan ýetirip bilýär.

↪ Käbir ene-atalar tanyşlary we ýakynlary bilen derdini paýlaşmaýar, käbirleri tersine gürleşmek we paýlaşmak isleýär. Biziň bu meselede hiç kimi ýazgarmaga ýa-da ugrukdyrmaga hakymyz ýokdur.

↪ Şeýle-de, başga ýollar bilen öz kömegiňi hödürläp bolýar. Meselem: gezmelemäge ýa bir ýerik gitmäge çagyrmak; nahar bişirmäne, öý-içerini ýygnamana kömek etmek. Umuman, adamyň gussasy bilen ýeke galmagyny islemesek, onuň ýanynda bolmaly, emma irizmeli hem däl.

Ölüm bilen ýüzbe-ýüz bolýan çaga nähili goldaw bermeli?

Maşgala şeýle betbagtçylyga duçar bolanda, köplenç ünsümizi ene-atalara berip, çagalary unudýarys. Çaganyň özüniň bu ýagdaýy nähili kabul edýändigi barada oýlanmaýarys. Oýlansak-da, ugruny tapyp, oňa nähili çemeleşmelidigini bilmeýäris.

↪ Agyr keselli çaga bilen psihologiki baglanyşyk gurmak örän möhümdir. Köp halatlarda, çaga ene-atasyna garanda, keseki adamlar, psiholog, daşrak garyndaş ýa-da maşgala dosty bilen duýgularyny paýlaşmak aňsadrak gelýär. Çünki çaga özüniň dünýäden gitjegini bilýär we hossarlaryny gynandyrmak islemeýär.

↪ Çaganyň öz islegine hormat goýmaly. Eger ol bu barada gürleşmek islemese, ony gürletjek bolmaly däl. Ýöne, eger ol gaýgysyny paýlaşmak, öz ýasyny tutmak isleýän bolsa, oňa päsgel hem bermeli däl.

↪ Ýene bir möhüm zat – dogruçyl bolmak. Eger-de çaganyň soraglaryna jogaby bilmeýän bolsak, muny boýun almaly.

↪ Ýetginjekler meselesinde bolsa, olar öz daş keşbiniň üýtgeýşini, geljekki maksatlarynyň amala aşmajagyny örän ýiti kabul edýärler. Şol sebäpli, olaryň kemsinmegine ýol bermän, özüne bolan ynamyny ýitirmezlikde goldaw bermeli. Olaryň galanja ömrüni şatlykly wakalardan doldurmaga çemeleşmeli.

Ölüm bilen ýüzleşýän çaganyň dogan-jigilerini goldamak

Maşgalada şeýle betbagtçylyk bolan ýagdaýynda bu diňe ene-atalara däl, çaganyň doganlaryna we jigilerine hem agyr täsir edýär. Olara hem seresaply çemeleşmek möhümdir.

↪ Beýle ýagdaýda ene-atalar iki oduň arasynda galýarlar: bir çagasyny ýitirýän bolsalar, beýleki çagasy onuň aladasyna, söýgi we idegine mätäç. Ene-atalar bu ýagdaýda hiç çagasyny söýgi-mähirden mahrum etmeli däl.

↪ Kä halatlarda, mekdep ýaşyna ýetmedik çaganyň dogany aýrylansoň özüniň ölmekden gorkup başlamagy mümkin. Şol sebäpli, çaga hiç zadyň howp salmaýandygyny düşündirmek möhümdir.

↪ Käte ene-atalar sagdyn çagalaryny goramak niýeti bilen, keselhanada ýatan doganyny görmäne eltmeýärler. Ylmy-barlaglar şeýle çagalaryň ýagdaýy, dogany bilen wagt geçirmäne we hoşlaşmana mümkinçiligi bolan çagalara garanda, has agyr we ýiti başdan geçirýändigini tassyklaýar.

Terjime eden: Leýli Öräyewa

Ulanylan WEB Salgy

  • 1925 gezek okalan