Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

NÄME ÜÇIN EKO-OÝUNJAKLARY SAÝLAMALY?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (5 Ses)

eko oyunjaklarHäzirki wagtda köp ýurtda çaganyň ösüşi üçin ekologik taýdan arassa oýunjaklary ulanmak pikiri barha meşhurlaşdy. Çagada daşky gurşawa we tebigata bolan söýgüni döretmek üçin, ol ulanýança garaşmaly däl. Çaga dünýä inen gününden oýunjak saýlap başlamaly. Çaganyň ösüşi boýunça hünärmenler, ene-atalara tebigy materiallardan ýasalan oýunjaklary almagy maslahat berýärler. Eko-oýunjaklar adamyň, çaganyň saglygyna zyýansyz bolup, olar esasan agaçdan, matadan, ýüňden, palçykdan ýasalýar. Olaryň düzüminde zyýanly goşundylar bolmaýar. Eko-oýunjaklar zyňylan halatynda hem, daşky gurşawy hapalaman, gysga wagtyň dowamynda ýere siňip gidýärler.

Ene-atalar çagalarynyň howpsuzlygyny elmydama birinji ýerde goýýarlar. Türkmenistandaky ene-atalaryň içinde oýunjaklaryň ekologika ýaramlylygyna üns berýänler örän az. Siz eko-oýunjaklarda plastik, zäherli boýag, magnit, rezin ýaly zyýanly maddalary tapmarsyňyz. Şonuň üçin hem, eko-oýunjaklary aljak bolmaly.

Agaçdan oýunjaklar adamzat taryhynda ilkinji oýunjaklaryň hatarynda bolup, çaganyň terbiýesinde we ösmeginde heniz hem möhüm ähmiýete eýe. Şeýle oýunjaklar seresaplyk bilen ulanylsa, olary çagalar uzak wagt oýnap bilerler. Agaçdan oýunjaklar dünýä hakda hakyky pikirleri oýandyrmaga, çagalaryň pikirlenmesini, döredijiligini, we fantaziýasyny ösdürmäge kömek edýär.

Matadan tikilen ýa-da ýüňden dokalan gurjaklar hem ekologiýa taýdan arassa hasaplanýar. Olaryň kömegi bilen, çagalar sahna oýunlaryny oýnamagy hem-de pozitiw we negatiw duýgularyny beýan etmegi öwrenýärler.

Tebigy materiallardan elde ýasalan dürli zatlar hem, eko-oýunjaklaryň bir görnüşidir. Olar çagalaryň döredijiligini, sungata bolan zehinini, ünslülik ýaly ukuplaryny ösdürýärler. Beýle oýunjaklar dürli tagtalardan, gamyşlardan, şişkalardan, sapaklardan, we samanlardan ýasalýar.

Toýundan, palçykdan ýasalan zatlar häzirki wagtda öýlerde bezeg hökmünde ulanylýar, ýöne palçykdan ýasalan her-hili haýwanlaryň, adamlaryň şekilleri oýunjak hökmünde çagalara aýratyn tejribe berer.

Çagalar üçin niýetlenen köp harytlaryň düzümindäki esasy zäherleýji maddalar we olaryň çaganyň organizmine edýän täsiri hakynda şu ýerde okap bilersiňiz.

Eko-oýunjaklaryň gözleginde

Türkmenistanda eko-oýunjaklary kesgitleýän we olara gözegçilik edýän kanun heniz ýok. Ýöne Aşgabadyň söwda merkezlerinde ussalaryň ýarmarkasy geçirilýär. Ol ýerde dürli ugurdaky ussalar öz elleri bilen ýasan zatlaryny sergä we satlyga çykarýarlar. Ýarmarkada her tüýsli elde ýasalan eko-oýunjaklara duşmak bolýar. Şeýle-de, instagramda ak-toys17 atly sahypadan onlaýn söwda arkaly hem eko-oýunjaklary satyn alyp bolýar. Söwda merkezlerinde oýunjak dükanlarynyň köpüsinde dürli ýaşdaky çagalar üçin agaçdan oýunjaklar tapdyrýar. Ýöne olar beýleki ekologik däl oýunjaklara garanyňda örän az. Bazarlarymyzda hem bu zatlaryň ählisini tapmak mümkin. Ýöne hili gowy, ekologik taýdan arassa oýunjaklary tanamak gerekdir. Sebäbi söwda merkezlerimizde-de, bazarlarymyzda-da zyýanly plastik oýunjaklar, düzüminde gurşun bolan boýaglar bilen reňklenen oýunjaklar hem örän kän. Meniň pikirimçe, dükanlardaky satyjylardan eko-oýunjaklary barada soramak netijesiz bolar. Sebäbi köp adam eko-oýunjaklardan habarsyz. "Agaçdan ýada matadan (plastik däl) ýasalan oýunjaklaryňyz barmy?" diýip soramak has gowy netije berip biler.

Makalanyň awtory: Batyr Bäşimow

  • 122 gezek okalan