Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MEKDEP PSIHOLOGLARYNA OKUWÇYLARDAN BETER KIMLER MÄTÄÇ?

  • Okyjydan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.83 (6 Ses)

psihologlara kim matacOkyjydan hat

"Mekdepdäki psihologlar esasan näme bilen meşgullanmaly, nämä üns bermeli?" diýlende, kellämize dürli jogaplar gelýär. Mekdebiň işleýişine we onuň "atmosferasyna" daşyndan seredýän adamlar "psihologyň işi esasan okuwçylar bilen bolmaly" diýýärler. Dogry, mekdep okuwçylara hyzmat edýär, emma şol hyzmaty esasy ýerine ýetirijiler mugallymlardyr we mugallymlara psihologik kömek bermek belki-de has wajypdyr.

"Gallup-Health-ways" tarapyndan geçirilen barlaglara görä, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda mugallymlaryň 46%-i gündelik stres derejesiniň ýokarydygyny aýdýarlar. 30,000 mugallymyň arasynda geçirilen başga sowalnamada, mugallymlaryň diňe 15%-i heniz hem kärini söýýändigini aýdypdyr.

Türkmenistanda mugallymlaryň stres ýagdaýy ýa-da kärine bolan höwesi barada anyk maglumatlar ýok. Muňa garamazdan, mekdepde işläp gören ýa-da mugallym tanyşy bolan her bir adama olaryň hal-ýagdaýyny anyk görýärmika diýýärin. Mugallymçylyk käri biziň jemgyýetimizde hormatlanýan bolsa-da, halk arasynda mugallymlar "nerwnyý" adyny aldylar. Mekdepde zähmet çekýän mugallym hökmünde, meniň muňa öz garaýşym bar.

Meniň pikirimçe, mugallymlary "nerwnyý" edýän sebäpler:

Mugallymlar esasy işleriniň DAŞYNDAN ençeme işleri ýerine ýetirýärler. Awgust aýynyň soňunda, sentýabryň başynda "pagta" meselesi başlanýar. Mundan başga-da, olar "dokumentasiýany dogrulamak", peýdasyz we netijesiz ýygnaklara gatnaşmak, ýowarlary geçirmek we polisiýanyň hasabynda duran ýetginjekler bilen iş geçirmek ýaly ençeme işleri etmäge mejburdyrlar.

Elbetde, daşyndan seredýän biriniň "bularyň hemmesi mugallymyň işi" diýmegi mümkin. Emma ýokarda agzalan hemme işleriň ýazmaça hasabatyny ýöretmäge mejbur bolan mugallymlarymyzyň şol işleri HAKYKAT ýüzünde ýerine ýetirmäge wagty we höwesi galmaýar. Çagalara we ýetginjeklere bilim we terbiýe bermek onsuzam agyr iş we munuň bilen ilkinji bolup ylalaşjak adamlar ene-atalar. Ene-atalara hem işlemek hem çagasyna terbiýe bermek nä derejede agyr düşýän bolsa, edil şonuň ýaly mugallymlara hem gündelik hat-ýazuw we jemgyýetçilik işleri bilen bilelikde çagalara üns bermek, olara bir zat öwretmek kyn düşýär. Bu olaryň hemişe stresli, gaharly we dartgynly ýagdaýda bolmagyna getirýär. Bu dartgynlylyk olaryň okadýan synplaryna hem täsir edýär. Öz okuwçy döwrüňizi ýada salyň: mugallymyň klasa ýylgyryp ýa-da gaharlanyp girmegi klasyň "atmosferasyny" bir salymda üýtgedip bilýärdi. Sapagyň gyzykly geçmegi mugallymyň diňe bilim derejesine ýa-da metodikasyna däl, eýsem emosional ýagdaýyna hem baglydyr. Munuň esasy sebäbi çagalaryň duýgurlygydyr. Ýaş tapawudyna garamazdan, çagalar garşysyndaky adamyň emosional ýagdaýyny duýýarlar. Muny men öz tejribämde hem görýärin. Synpa emosional taýdan çökgün ýa-da dartgynly ýagdaýda girenimde meniň metodikamam, taýýarlan gyzykly materiallarymam, ýasama ýylgyryşymam islendik täsiri ýetirip bilmeýär. Sapagyň dowamynda belli bir ýakymsyzlyk duýulýar. Şonuň üçin 2 ýyla ýakyn mugallymçylyk tejribämde öwrenen iň uly zadym: "Klas – meniň aýnamdyr".

Eýsem hem okuwçylaryň hem ene-atalaryň arasynda hususy kurs merkezlerinde zähmet çekýän mugallymlar köplenç öwülýändir. Munuň sebäbini sorasaň, köp okuwçylar ol mugallymlaryň bilim derejesi bilen bilelikde, mylakatlylygyny, hemişe ýylgyrýandygyny we ýumşak gürleşýändiklerini agzaýarlar. Elbetde "hemme zat adamyň özüne bagly" diýip meseläni başdan sowup bolar, emma mekdep mugallymlarynyň iş şertleri bilen kurs merkezlerindäki mugallymlaryň iş şertlerini deňeşdirip görüň. Kurs merkezindäki mugallymyň esasy we ÝEKE-TÄK işi okuwçylara bilim bermekdir. Olar ýazmaça hasabatlar, ýowarlar we pagta bilen meşgullanmaýarlar. Olaryň üns merkezinde okuwçylar we olary okatmagyň dürli usullaryny oýlap tapmak ýaly işler bar. Bahalandyrma, attestat, häsiýetnama ýaly "düzedilmeli" faktorlaryň bolmadygy üçin okuwçylaram, mugallymlaram özlerini rahat duýýarlar. Beýle şertlerde zähmet çekmek mugallymyň psihiki-emosional ýagdaýyna oňaýly täsir edýär.

Bolýar, mekdep mugallymlarynyň stresli we dartgynly bolmagynyň özüne görä sebäpleri bolup biler, emma olara psiholog nämä gerek? Okuwçydan öň näme üçin mugallymlara psihologik kömek ýetirmeli? Meselä birbada seredilende, psihologlaryň mugallymlar üçin getirilmegi okuwçylara peýdasyz ýaly görnüp biler. Emma "Balyk başdan çüýrär" diýlişi ýaly, mekdep mugallymdan başlanýar we mugallymlaryň ýagdaýy bütin mekdebiň, her bir çaganyň ýagdaýyny kesgitleýär. Çagakak hem ejemiz mugallymymyzyň aýdanyna ters gelýän bir zat aýtsa, "Ýok, eje, mugallymym şeýle şeýle diýip öwretdi, sen ýalňyş aýdýaň" diýerdik, sebäbi mugallym okuwçy üçin "hemişe mamla", nusgalyk adam. Emma okuwçy ýaşlarymyzyň ýagdaýyna seredip, olara nusga bolýanlaryň hem ýagdaýyny görmek kyn däl. Mugallymlaryň ýygnagynda 1 sagat oturyp gören adamyň "bularyň bary psih" diýen netijä geljegine ynanýaryn sebäbi mekdepde geçiren ilkinji 1 aýymda meniň özüm şol netijä geldim. Birek-birege sylag hormaty bolmadyk, kiçijik meseleleri gygyryşyp, dawalaşyp "çözýän" adamlardan çagalara gowy terbiýe ýa-da bilim bermegine garaşyp bolmaz. Bu meseläniň iň gyzykly taraplarynyň biri bolsa, iň dawaçy, iň köp gygyrýan mugallymyň "klas düzediji" adyny almagydyr, sebäbi beýleki mugallymlara görä, olar klaslaryny "berk tutýarlar". Mekdep tejribämde ýigrenen frazam şu wagta çenli "berk tutmak" frazasydyr. "Berk tutýan" mugallym ençeme psihiki keselleriň simptomlaryna deň gelýän hereketler edýär. Ol kiçijik zat üçin gygyrýar, okuwçylaryň özüne bolan ynamyny peseldýär we aňsat gaharlanýar. Bulary men "çerepnoy dawleniýam gozganda" edip bilýärin, emma köp mugallymyň hemişeki ýagdaýy bu J Bu ýagdaýdaky mugallymlaryň täsiri okuwçylara hem ýetýär. Gygyrylyp öwrenişen okuwçylarda belli bir wagtdan soň gygyrylmaga "immunitet" ýa-da "öwrenişme" döreýär, ýagny soňky synplarda gygyrylmak olara ol diýen täsir etmeýär. Kiçi synplarda gygyrmak bilen okuwçyny gorkuzyp bolýan bolsa, uly synplarda bu metod işlemeýär. Okuwçylaryň "biperwaýlygyna" gaharlanýan mugallym beter gygyrýar, sebäbi ol mundan başga metod bilmeýär. Has özüni ýitiren mugallym okuwçylara kemsidiji sözler aýdyp täsir etjek bolýar, bu bolsa beter dawalara eltýär. Bu "zamknutyý krugyň" çözgüdi ilki bilen mugallymyň asuda, gaharsyz, oňaýly emosional ýagdaýda bolmagyndan başlanýar. Emma mugallymlarymyza duýgularyna, gaharyna erk etmek üçin hiç hili kömek berilmeýär.

Mekdeplerde edil şu wagt psihologlar ýok. Psiholog bolmadyk ýagdaýynda-da mugallymlar üçin "gahara erk etmek", "emosional zehin", "strese erk etmek" ýaly temalarda türgenleşikler geçirmek, kitaplar okatmak, olara goldaw bermek örän möhümdir. Mugallymlaryň aglaba böleginiň iňlis dilini, käbiriniň rus dilini bilmeýändigi sebäpli bu maglumatlar türkmen dilinde olara ýetirilmelidir. Elbetde, bu "simptomlary bejermek" ýaly görnüp biler, sebäbi men ýokarda mugallymlaryň bu ýagdaýynyň sebäpleri hökmünde olaryň iş şertlerini mysal getirdim we bu iş şertlerini düzetmek iň gowy çözgütleriň biridir. Emma mekdepleriň iş ýagdaýyny gowulandyrmak gaty uly mesele we bir mugallymyň makalasynda doly seljerilip bilinmez. Mugallymlara psihologik taýdan kömek bermek bolsa, has aňsat ýola goýlup bilinjek işleriň biridir. 12 ýyl boýunça her gün çagalarymyzy ynanyp gidýän adamlarymyz gödek, gaharjaň, stresli bolsalar, biz çagalarymyzdan üýtgeşik gowy zatlara garaşyp bilerismi? Mekdep mugallymdan başlaýar ahyry.

#okyjydan #okyjynyňpikiri

Möhüm bellik!

◉ Okyjylardan gelýän ýazgylar, hatlar asyl nusgasynda çap edilýär. Gerek ýerinde, aýdyňlyk üçin grammatik we orfografik düzedişler girizilýär.

◉ Ýazgyda beýan edilýän pikirler we garaýyşlar awtoryň özüne degişli bolup, redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

◉ Ähli okyjylardan we teswirçilerden internetde özüňi medeniýetli alyp barmagyň kadalaryny berjaý etmegi soraýarys. Kemsidiji, ýazgaryjy, göwne degiji teswirleri ýazmak teswirleriňiziň redaksiýa tarapyndan pozulmagyna we hasabyňyzyň bloklanmagyna eltip biler.

  • 1654 gezek okalan