Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ZIBIL SORTLANMALYMY ÝA DÄL?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

zibil sortlamaBir wagt Facebook-da arassaçylygyň berjaý edilişi barada pikir alşyldy. Şonda, men "Şäherimizi hapa atylýan gutular bilen üpjün etmeli, ondan soňra adamlardan arassaçylygy berjaý etmegi talap etmeli" diýip, öz pikirimi ýazypdym. Mysal üçin, bir eje öz çagasyna doňdurma alyp berýär, emma onuň gabyny we taýajygyny zyňara ýer ýok. Şeýdibem, alaçsyz ýoluň gyrasyna zyňyp göýberýär. Pikir alyşanlarym maňa "Doňdurmanyň gabyny we taýajygyny şol eje öýüne getirip, hapa atylýan bedrä atmaly" diýip, jogap ýazdylar. Ýöne biziň medeniýetimiz heniz beýle derejä ýetmedik. Halkymyz şeýle endiklere entek öwrenişmedik. Men bolsa, heniz hem öz pikirimden dänmeýärin: Her döwlet halkynda daşky gurşawy arassa saklamak endiginiň ornaşmagyna mümkinçilik döretmeli. Şeýle mümkinçilikleriň biri hem zibil sortlamakdyr.

Zibil sortlamak – bu zir-zibilleri gaýtadan işlemek maksady bilen dürli görnüşlere bölmekdir.

Dürli ýurtlarda dürli hilli zibil atmak we ýygnamak tejribeleri ýöredilýär. Käbir ýurtlar zibillerini umumy zibil gutularyna atsalar, käbirleri zibilleriň sortlanmagy üçin ýöriteleşdirilen gutulary ulanýarlar.

Çehiýanyň zibil sortlaýyş terjibeleri

Biz oglumyzy görmäge Çehiýanyň Brno şäherine bardyk we ol ýeriň arassalygyna geň galdyk. Şonda daşky gurşawy arassa saklamagyň mümkindigini gördük. Geçen gezek baranymyzda, töweregi tokaý we köl bilen örtülen Bistrç etrapçasynda bolupdyk. Tokaýyň hemme ýerinde we kölüň kenarlarynda her ýüz metrden diýen ýaly hapa atylýan konteýnerler bardy.

Bu gezek Kralowada galýarys. Biziň bolýan köçämiziň ähli ýerinde her ýüz metrden "Umumy zibiller üçin" diýen ýazgyly, kiçiräk hapa atylýan konteýnerler bar. Her ýarym kilometrden bolsa, dürli görnüşli zyňyndylaryň sortlanyp atylýan konteýnerler toplumy bar. Öýümiziň (alty gatly bina) ýanynda hapa atylýan ýapyk meýdança bar. Her bir ýaşaýjy meýdançany açary bilen açyp, hapalaryny ýörite konteýnerlere taşlaýar. Meýdançanyň ýanynda gereksiz eşikler we aýakgaplar üçin hem uly konteýner bar. Adamlar gerek bolmadyk eşiklerini ilki bilen ýuwup ütükleýärler, soňra bolsa bu konteýnere atýarlar. Aýakgaplary bolsa, ilki arassalap, şol konteýneriň aýratyn bir bölümine salýarlar. Geýimleriň we aýakgaplaryň atylyş düzgünleri konteýneriň ýüzünde ýazylan. Bu eşikler haýyr-sahawat bilen meşgullanýan guramalara berilýär.

Çehiýada galyndylar nädip ýok edilýär?

Çehiýada kagyz, karton, plastik, aýna aýratyn ýygnalyp, olaryň ählisi gaýtadan işlenýär. Umumy sortlanmaýan hapalar bolsa aýratyn ýygnalyp, adam saglygyna we daşky gurşawa zyýansyz ýakylýar. Ondan alnan energiýadan ýyladyş we suw gyzdyryş ulgamlarynda peýdalanylýar. Lampalar, batareýalar, akkumulýatorlar, himiki serişdeler we ş.m. zyňyndylar üçin ähli söwda merkezlerinde we uly kärhanalarda ýörite konteýnerler bar. Ulanylmaýan öý tehnikalarynyň – telewizorlaryň, komýuterleriň, sowadyjylaryň, kir maşynlaryň we başga metallaryň hem tabşyrylýan ýerleri bar we munuň üçin pul tölenýär. Gurluşykdan galan zyňyndylar bolsa, abatlaýyş işlerini eden şereket tarapyndan aýrylýar.

Gysgaça aýdylanda, Çehiýada zyňyndylary ýygnamak we ýok etmek senagat taýdan ösdürilen. Ýene bir möhüm tarapy – zyňyndylaryň ýygnalyp äkidilmegi üçin her kim pul tölemeli. Wagtynda töleýänlere gowy serpaý hem garaşýar. Meselem, eger zibil üçin bir ýyl öňünden töleg etseň, bir ýyllyk transport kartyny alanyňda tölegiň 15% yzyna berilýär. Hawa, Çehiýa döwleti öz işini ýerine ýetirýär – öz raýatlary üçin gowy şertleri döredýär. Biz hem şoňa ymtylmaly diýip pikir edýärin.

Biz Çehiýadan nähili görelde alyp bileris?

Ýurdy zir-zibilden arassa saklamak üçin täze bir zat oýlap tapmak gerek däl. Biz hem Ýewropa ýurtlarynyň zibil ýygnaýyş we ýok ediş tejribelerini ýurdumyza ornaşdyryp bileris. Bu işleriň başyny döwlet başlamaly, sebäbi biz salgyt töleýäris. Bu işler aslynda arzan hem däl. Konteýnerleriň, tehnikalaryň, zibili gaýtadan işleýän we ýakýan zawodlaryň ählisi pul talap edýär. Emma biziň baý döwletimiz bar ahyryn. Ýewropanyň ýönekeý ýurtlarynyň başaran zadyny biz hem başaryp bileris.

Terjime eden: Batyr Bäşimow

Makalanyň asyl nusgasy

  • 1326 gezek okalan