Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ÝETIŞEN GYZ GELINLIK DÄLDIR

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

yetisen gyz gelin dalÝetginjeklik ýaşynda gurulýan nikalar jemgyýetiň we şahsyýetiň ösüşine böwet bolýar. Çünki bu ýaşdaky adam maşgala durmuşynyň jogapkärçiliklerini üstüne alar derejede kämil bolmaýar. Bu kämillige ýetmek üçin, gyz diňe fiziologik taýdan däl-de, eýsem emosional we psihologik taýdan hem taýýar bolmaly.

Durmuş gurmaga ýetginjek oglan-gyzlaryň ikisiniň hem taýýar däldigine garamazdan, munda esasy pidalar ýaş gyzlardyr. Şu meseläni üns mekezinde goýup, 100-den gowrak ýurtdan 1300 töweregi jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda "Gyzlar gelinlik däldir" (Girls not brides) kampaniýasy döredildi. Kampaniýanyň maksady çaga/ýetginjek nikalaryň soňuna çykmak we gyzlaryň şahsyýet hökmünde ösüşi we bilimi ugrunda göreşmekdir.

"Gyzlar gelinlik däldir" kampaniýasy BMG-nyň Çaga hukuklaryny goramak baradaky konwensiýasyna esaslanyp, oglanlar we gyzlar nikalaşmak üçin 18 ýaşdan kiçi bolmaly däl diýen pikire eýerýär. Çünki hasabatlara görä, 18 ýaşa ýetmän durmuşa çykýan gyzlar, ulurak ýaşda çykýanlara garanda, has köp çaga dogurýarlar we göwrelilik döwründe enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş edaralaryna az ýüz tutýarlar. Netijede, dünýäde 15-19 ýaş aralygyndaky gyzlaryň ölüminiň esasy sebäbi göwrelilik bilen bagly ýagdaýlar bolup durýar.

"Gyzlar gelinlik däldir" kampaniýasynda dünýäniň ähli künjeklerinden agzalar bar. Olar gyzlaryň garaşsyzlygyna üns çekmek bilen, millionlarça ýaş gyzlaryň durmuşyny özgertjek kanunlaryň kabul edilmegine we syýasatlaryň öňe sürülmegine çagyrýarlar. Kampaniýa 2030-njy ýyla çenli 18 ýaşa ýetmedik gyzlaryň durmuşa çykarylma däplerini togtatmagy meýilleşdirýär.

Türkmenistanda ir durmuşa çykmak

Türkmenistanda hem gyzlaryň ir durmuşa çykmagy örän üns çekýän meseleleriň biridir. Hasabatlara görä, nikada duran aýallaryň 6.1 göterimi 18 ýaşdan öň durmuşa çykypdyrlar (MIСs 2019). Sebitdäki goňşy ýurtlarda hem bu ýagdaý meňzeşräk, ýagny, Özbegistanda we Gazagystanda 18 ýaşa ýetmedik gyzlaryň nikalaşýanlary 7% bolup, Gyrgyzystanda we Täjigistanda, bu san iki esse diýen ýaly ýokarlanypdyr – 12%.

Ýurdumyzda kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlaryň nikalaşmagy Lebap welaýatynda has giňden ýaýran (11.8%). Bu görkezijiniň iň pesi Aşgabat şäheridir – 2.7%. "Gyzlar gelinlik däldir" kampaniýasy Türkmenistanda ir ýaşda gurulýan nikalaryň birnäçe esasy sebäplerini agzaýar:

Gyzyň maşgalasynyň maddy ýagdaýy. Maddy ýagdaýy pes maşgalalarda ösýän gyzlar, gurply maşgalalardaka garanda, 18 ýaşdan ir durmuşa çykmaga has ýykgyn edýärler.

Gyzyň bilim derejesi. Käbir maşgalalar gyzlaryny okatsalar nika bazarynda gyzlaryna bolan islegiň az bolmagyndan gorkýarlar.

Milli däp-dessurlar hem gyzlaryň ýaş durmuşa çykarylmagynyň sebäpleri hökmünde görkezilýär. Meselem, ene-atalar tarapyndan gurnalýan nikalar we galyň, ýagny, gyzyň ýaşy näçe kiçi bolsa, şonça "gowy nyrhda" galyň berilmegi.

Gender normalary. Ýurtda erkekleriň agalyk edýän patriarhal jemgyýetiniň höküm sürmegi netijesinde, aýal-gyzlara diňe gelin-aýal, eje we öý hojalykçy hökmünde garalýar we olara öz durmuşy üçin özbaşdak karar kabul etmäge mümkinçilik berilmeýär.

Gadyrly okyjy, seniň pikiriňçe, Türkmenistanda ýetginjek ýaşdaky gyzlaryň nikalarynyň sany gitdigiçe artýarmy ýa kemelýär? Hasabatlarda görkezilen sebäplere nähili garaýarsyň? Ir durmuşa çykmagyň ýene nähili sebäpleri bolup biler?

  • 391 gezek okalan