Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ULAGY ERKEK HOWPSUZ SÜRÝÄRMI ÝA AÝAL?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (6 Ses)

suruji ayallarJemgyýetimizde aýal-gyzlaryň sürüjilik şahadatnamalaryny almakda dürli kynçylyklary başdan geçirýändiklerini eşitmek bolýar. Anyk sebäpler belli bolmasa-da, habarlaryň arasynda aýallar "seresaply sürüji" däl, olar "ýol-ulag hadysalaryna sebäp bolýarlar" ýaly gürrüňlere; sosial mediýada bolsa, dürli foto-wideo degişmelerine duşmak bolýar. Bu degişmelerde aýallar ýol hereket düzgünlerini bozýan, maşyn parkowka edip bilmeýän, umuman, erbet sürüji hökmünde görkezilýär. Bu garaýyşlaryň we degişmeleriň aňyrsynda hakykat ýatyrmy ýa-da bular aýallara göwnüýetmezçilik edýän, patriarhal jemgyýetiň könelişen düşünjelerimi?

Muny anyklamak üçin, geliň, käbir faktlara seredip geçeliň.

↪ Beýik Britaniýanyň ulag ätiýaçlandyryş we maliýe hyzmatlaryny deňeşdirýän confused.com websaýtynyň 2018-nji ýylky barlaglarynda aýallaryň erkeklerden has gowy we seresaply awtoulag sürýändigi anyklandy. Saýtyň berýän maglumatyna görä, Beýik Britaniýanyň umumy ilat sanynyň 51% aýallar, 49% erkekler. Şeýle hem, aýal we erkek sürüjileriň sanynyň arasynda uly bir tapawut ýok, ýagny sürüjileriň: 47% aýallar we 53% erkekler.

↪ Belki "erkekler aýallardan köp maşyn sürýändirler", diýip oýlanmagyňyz mümkin. Emma, aýal we erkek sürüjileriň ortaça geçýän ýoly hem deň diýen ýalydyr: aýallar ortaça 6807 mil, erkekler 6874 mil geçýärler.

Şeýle-de bolsa, barlagyň netijeleriniň geň galdyryjy ýerleri hem bar.

Meselem, aýallar maşyn sürmegi öwrenmäne has köp wagt sarp edýän ekenler. Ýagny, synaglardan geçmekde erkeklere garanda aýallar biraz kynçylyk çekýärler.

↪ Sürüjilik okuwlaryna gatnaýanlaryň: 53% aýallar, 47% erkekler;

↪ Synagdan geçenleriň: 22% aýallar, 23% erkekler;

↪ Geçmedikleriň: 31% aýallar, 24% erkekler.

Awtoulag sürmegi öwrenmek üçin köpräk wagt sarp edýänlerine garamazdan, belki-de, hut şol sebäpli, aýal sürüjiler erkek sürüjilere garanda ýol hereketiniň düzgünlerini (ÝHD) has seýrek bozýarlar:

↪ ÝHD bozujylaryň 21% aýallar, 79% erkekler.

Ýagny erekekler aýallardan 4 esse köp ÝHD bozýarlar. Şol sanda:

↪ Tizligi artdyrmak: 7% aýal, 24% erkek sürüjiler;

↪ Içgili ulag sürmek: 1% aýal, 5% erkek sürüjiler;

↪ Ünssüzlik: 1% aýal, 2% erkek sürüjiler;

↪ Ätiýaçlandyryşsyz: 5% aýal, 17% erkek sürüjiler.

Hatda awtoulag ätiýaçlandyryş kompaniýalaryna çykdajylaryň öwezini dolmak üçin ýüz tutmakda we sürüjilere berilýän öwezini dolma tölegleriň mukdary boýunça hem, erkek sürüjiler aýal sürüjilerden öňe geçýär. 2018-nji ýylyň hasabaty boýunça, Beýik Britaniýada ätiýaçlandyryş kompaniýalary tarapyndan aýal sürüjilere ortaça 737 funt, erkek sürüjilere bolsa 821 funt (tapawut 84 funt) tölenýär.

Şeýle hem, Injury Prevention žurnalynda ölüme eltýän awtoulag heläkçiliklerine erkekleriň aýallardan iki esse köp duçar bolýandygy aýdylýar.

Görşümiz ýaly, zenan maşgalalar diňe bir ulagy erkeklerden gowy we seresaply sürmek bilen çäklenmän, eýsem, ýollarymyzyň abat we heläkçilikleriň az bolmagyna hem uly goşant goşýarlar. Diýmek, indi stereotipleri üýtgetmegiň wagty geldi.

Gadyrly okyjy, seniň pikiriňçe zenanlar maşyny erkeklerden erbet sürýärmi? Näme sebäpden beýle pikir edýärsiň?

  • 1496 gezek okalan