Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

IŇ EÝJEJIK GYZJAGAZLAR

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

in eyjejik gyzjagazlar

Türkmenistanda "iň eýjejik gyzjagaz" bäsleşigi däp bolup gidene meňzeýär. Geçen hepde, habarlarda 2021-nji ýylyň iň eýjejik gyzjagazyny saýlamak üçin täze bäsleşik yglan edildi. Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy tarapyndan, 2-4-nji synp okuwçylarynyň arasynda geçirilýär.

Habarda "Gyzjagazlar zehinini we ukyplaryny dürli usullar bilen görkezmeli bolarlar. Hususan-da, Watanymyzy, bagtly çagalygy, dostlugy we doganlygy wasp edýän goşgulary we aýdymlary ussatlyk bilen ýerine ýetirmek, milli türkmen geýimleriniň we senetçilik ussatlygynyň gözelligini görkezmek ukyby" diýlip bellenilýär.

Dürli ýurtlarda çagalar üçin gurnalýan şeýle çäreler ilat arasynda kän jedel döredýär. Tankytçylaryň köpüsi olary çagalara zulum etmek bilen deňeşdirýärler. Olar şeýle çärelere gatnaşýan ýaş gyzlaryň wagtyndan öň ýetişip, kiçilikden owadanlyga we daşky görnüşe aşa köp üns berýändiklerini aýdýarlar. Şeýle çäreleri goldaýanlar bolsa, munuň gyzjagazlarda özlerine ynam döredýändigini we maşgalalar üçin gyzyklydygyny aýdýarlar.

Döwrebap ylym çagalaryň "gözellik bäsleşikleri" barada näme diýýär?

Näme üçin çagalar şeýle "gözellik bäsleşiklerine" gatnaşýarlar?

Çagalary şeýle çärelere gatnaşdyrýan, höweslendirýän adamlar ene-atalar bolup, olar munuň çaganyň öz islegidigini aýdarlar. Bu çäreleriň üsti bilen, ene-atlalar öz gyz çagalaryna begenip buýsanýarlar. Çaga psihologlarynyň aýtmagyna görä, şeýle çäreler ene-atalar, uly adamlar (mugallymlar, gurnaýjylar) üçin geçirilýär. Bu ene-atalaryň özlerine bolan ynamyny artdyryp, jemgyýetdäki statusyny beýgeldýär. Pul we pul däl görnüşde berilýän baýraklar hem bu ynamy has berkidýär. Bu bäsleşiklere gatnaşýan çagalar ene-atasynyň razyçylygy we goldawy bilen gatnaşýarlar. Gurnaýjylar bolsa, bu çäreleriň üsti bilen, dürli syýasy, medeni, we aýal-gyzlaryň statusyna degişli gymmatlyklary wasp edýärler.

Gözellik bäsleşikleriniň döredip bilýän ýaramaz täsirleri: iýmitlenişiň bozulmalary we beden gözelliginiň ýoýulmagy

Kiçi ýaşly çagalaryň gatnaşýan gözellik bäsleşiklerinde esasan çaganyň daşky görnüşine, geýimine we subýektiw "eýjejikligine" üns berýärler. Çaganyň zehinine baha berýän ýaryşlar käbir çärelerde bolýar, ýöne olar köplenç ikinji derejede goýulýar. Netijede, beýle ýaryşlar ýaş çagalara daş keşbiňe üns jemlemegiň köp zatdan öňdedigini duýdurýar. Bu bolsa çaganyň bedeniň keşbine degişli düşünjeleriniň ep-esli ýoýulmagyna sebäp bolup bilýär. Çagalyk döwründe gözellik bäsleşigine gatnaşan ulularyň özüne we beden keşbine berýän bahasy peselip bilýär.

Gözellik bäsleşikleri we kiçi ýaşdaky gyzlaryň "seksualizasiýasy"

Seksualizasiýa – bu özüňi jynsy gatnaşyklaryň obýekti hökmünde görmek meýli bolup, gözellik bäşleşigine gatnaşýan çagalar şeýle düşünjä ir ýaşdan eýe bolýarlar. Çagalar dürli geýimleri geýip, eşigiňe görä baha berilýändigini öwrenýärler. Bu wagtyndan öň jynsy taýdan ýetişmäge we jynsy gatnaşyklara ir başlamaga sebäp bolup biler we çaga "aýal-gyzlaryň gymmaty ‘seks obýekti’ statusy bilen kesgitlenýär" diýen, gynandyryjy we zyýanly sapagy öwredip biler.

Gözellik bäsleşiklerinde öwrenilýan sagdyn däl gymmatlyklar

Okuwda, ylymda gazanylan üstünlikler, duýgudaşlyk, jemgyýetçilik başarnyklary, sport bilen meşgullanmak we beýleki ýaşa laýyk çäreler bäsleşikler dünýäsinde ünsden düşürilýär. Gözellik bäsleşikleri psihikasy berkemedik ýaş çagada ulularyň edýän hereketlerine üns çekip, onuň şahsyýet hökmünde ösüşini saklap biler. Şeýle-de, gyzjagazlara ýaşaýan jemgyýetinde diňe "mährem ene," "asylly gelin", "owadan oýhojalykçy" ýaly orunlaryň garaşýandygyndan habar berip biler.

A sen şeýle çärelere nähili garaýarsyň?

Suratyň çeşmesi: "Türkmenhabar"

  • 1698 gezek okalan