Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

NÄDIP DUÝGUDAŞLYK BILDIRMELI?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

duygudaslykDostlaryňyzyň, maşgala agzalaryňyzyň ýa-da kärdeşleriňiziň biriniň kyn güni başdan geçirýändigini olaryň hereketlerinden, ýagny gysylan eginlerinden, aşak bakýan gözlerinden, jogapsyz hatlardan aňşyrmak kyn däl.

Kyn ýagdaýa düşen adama nädip göwünlik berjegiňizi bilmeýän halatyňyzda, aşakdaky ýollardan peýdalanyp bilersiňiz:

1. Üns berýändigiňizi görkeziň

Onuň tukatlygyny aňyp, başdan geçirýän zatlary barada bilmek isleýändigiňizi bildiriň. Söze ýönekeýje zatlardan başlaň – "Ýagdaýyňyz gowumy?" ýa-da "Sizi bir zat biynjalyk edýän ýaly. Näme boldy?" Soňra, onuň göwnüni götermäge, ünsüni sowmaga ýa-da näme etmelidigini aýtmaga çalyşmazdan, aýtmak isleýänlerini diňläň.

2. Soraň: "Başdan geçirýän zatlaryňyz barada gürleşmek isläňzokmy?"

Muny aýtmak onuň durmuşyny düzetjek bolmaýandygyňyzy, emma, ol hakda alada edýändigiňizden we bilesigelijiligiňizden habar berýär. Mysal üçin, bir dostuňyz işde özüne äsgermezlik edýändiklerinden zeýrenýän bolsa, ondan soraň: "Näme üçin beýleki adamlara senden has köp üns berilýän ýaly duýýarsyň?" ýa-da "Özüňi äsgerilmeýän ýaly duýmagyň, işiň barada pikir edişiňe nähili täsir edýändigini düşündirip bilersiňmi?"

3. Synlaryňyzy paýlaşyň

Eger-de ýerlikli hasap etseňiz, dostuňyzda syn eden zatlaryňyz hakynda oňa aýdyň. Işde özüni äsgerilmeýän ýaly duýýan adama: "Her gezek bu ugry nähili saýlandygyňy aýdanyňda, ýüzüňe şatlyk dolýar. Işde özüňi henizem şeýle duýýarsyňmy?" Adama pozitiw häsiýetlerini gamgyn wagtlary ýatlatmak peýdaly bolup biler, ýöne pikirleriňizi gysga beýan ediň we ünsüňizi özüňize däl-de, söhbetdeşiňize we onuň başdan geçirýän zatlaryna beriň. Diýýän zadyňyzyň nämedigine garamazdan, onuň tarapyndadygyňyzy, diňlemäge we goldaw bermäge taýýardygyňyzy bildiriň. Eger söhbetdeşiňiziň özi soramasa, maslahatlaryňyzy özüňizde saklaň.

Dostuňyzyň beren jogabyna esaslanyp, soňra näme etmelidigiňize – söhbetdeşligi dowam etdirmäge, gezelenç etmäge ýa-da temany üýtgetmäge karar berip bilersiňiz. Bu temada onuň bilen ýene-de başga bir wagtda habarlaşyň. Şeýle edeniňizde, ol siziň gyzyklanmaňyzyň çyn ýürekdendigini, ony hakykatdanam diňleýändigiňizi we goldaw bermäge taýýardygyňyzy biler.

Çeşme
Ulanylan surat çeşmesi

  • 1103 gezek okalan