Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TANKYDY PIKIRLENME UKYBYNY KÄMILLEŞDIRMEGIŇ 5 ÝÖNEKEÝ ÝOLY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

tankydy pikirlenmeAdamzadyň ähli bilimleriniň bir düwmä basanymyzdan elýeterli bolýan döwründe ýaşamak biziň üçin şowlulykdyr. Biz hiç wagt şeýle köp maglumata eýe bolmandyk. Emma, bar bolan maglumatlaryň hemmesi görnüşi ýaly däldir – bu hem olary dogry seçip we özleşdirip bilmegimiz üçin, bizden tankydy pikirlenmegi talap edýär. Tankydy pikirlenmäge ugrukdyryp biljek birnäçe ýollar bar:

1. Esassyz tassyklamakdan habardar boluň. Biziň hemmämiz özümizi dogry hasap etmegi gowy görýäris. Eger-de eşiden ýa okan maglumatymyz öňden bar bolan düşünjämizi tassyklaýan bolsa, ony subutnama hökmünde kabul etmek ähtimallygymyz ýokary bolýar. Şeýle hem, maglumat biziň garaýyşlarymyza garşy gelse, oňa kem baha seretmegimiz mümkin. Muňa "esassyz tassyklamak" diýilýär. Bu adamda bar bolan "kognitiw ýalňyşlyklaryň" biridir we ol aňa bagly bolmadyk derejede işläp, biziň maglumatlary seljerme ukybymyza täsir edýär. Esasanam, bu duýgularymyz bilen baglanşykly bolan ýa-da garaýyşlarymyzyň has çuňňur saklanan meselelerine degişlidir. Ýöne, bu islendik wagtda üýtgäp biler. Şonuň üçin, karar bermäge howlukmaň we pikiriňizi üýtgetmäge hemişe taýýar boluň.

2. Nýuanslary we çylşyrymlylyklary kabul ediň. Biziň söhbetdeşliklerimiziň köpüsi görmek we eşitmek isleýän zatlarymyzy kanagatlandyrýan we olary tassyklaýan sosial mediýa platformalarynda bolup geçýär. Emma, durmuşdaky ýagdaýlaryň aglabasynyň çylşyrymlylygy we nýuansy bar – muny kabul etmegimiz dünýägaraýşymyzy baýlaşdyryp biler. Mysal üçin, asmanyň reňki nähili? Elbetde, jogap aýdyň: gök. Ýöne, ol gün doganda we gün batanda gyzyl bolup bilýär we ümürli, sowuk günlerde ak ýa-da çal reňke öwrülýär. Gije bolsa, gara. Emma, güneşli günleriň gök asmanyny bir pursatlyk göz öňüne getiriň. Ol hakykatdanam gökmi? Gök reňkde tolkun uzynlygynyň gysga bolanlygy zerarly, beýleki reňklere garanyňda juda köp ýaýraýar we adam gözüne has aýdyň görünýär. Şeýlelikde, reňkleriň dürli spektriniň barlygyna seretmezden, asman adam gözüne gök bolup görünýär. Edil asmanyň reňki ýaly, maglumat kabul edeniňizde hem, käbir zatlar açyk-aýdyň görnüp duran ýaly bolsa-da, pikir edişiňizden başgaça bolup biler.

3. Intellektual pespälligi endik ediniň. Gowy jedelleşmegiň iň täsirli usullarynyň biri hem "meňki dogry" diýen düşünjeden ýüz öwürmekdir. Ýa-da, iň bolmanda, ýalňyşyp biljekdigiňizi çynlakaý göz öňünde tutuň. Özüňi başga biriniň ýerine goýup görmek has oňyn netijelere eltip biler. Adamyň nireden gelip çykandygyna çynyňyz bilen düşünmäge çalyşyň. Muňa "intellektual duýgudaşlyk" diýilýär. Bu aňsat bolman biler, ýöne onuň esasy maksady hem şondadyr. Ol iki tarap hem ak ýürekden hereket edende gowy netije berip biler.

4. Çeşmeleriňizi barlaň. Maglumatlaryň nireden gelip çykanlygyny bilmek häzirki wagtda has hem möhümdir. Maglumatlardaky gizlin motiwasiýalary we nebisjeň bähbitleri gözläň. Tankydy pikirlenmek meselesinde, ylmy metodologiýanyň esaslaryny özleşdirmek, maglumatlaryň ulanylyş we hödürleniş usullaryny bilmek esasy ýaragdyr.

5. Ýalňyşlyklardan gaça duruň. Onlaýn jedellerde-de, ýüzbe-ýüz jedel edilende-de, gahar gazaby elden berip, ýerliksiz taktikalara ýüz urmak aňsat. Filosoflaryň atlandyryşy ýaly "Sypal adam ýalňyşlygy" (iňlisçe: The Straw man fallacy) – giň ýaýran taktikalaryň biridir. Bu esasy aýdylan zat barada jedel etmän, onuň ýerine ýalňyş bir zat hakda jedel etmekdir. Meselem, eger men: "Pişiklerden itleri has gowy görýärin" – diýsem, sen: "Onda pişikleriň ählisini gark etmek isleýärmiň?" diýmegiň mümkin. Şeýle edilende garaýyşlary ýoýmak has hem aňsat.

Ýene bir ýalňyşlyklaryň biri "adamyň şahsyýetini tankyt etmek ýalňyşlygydyr" (ad hominem fallacy). Bu adam baradaky pikiriňiz sebäpli argumenti äsgermezlik etmekdir. Ol latyn dilinde at dakmagy aňladyp, şahsyýete hüjüm etmäge sebäp bolup biler. Bu ýagdaýda her kimiň utulýandygyny aýtmak adalatly bolsa gerek. Tankydy pikirlenmek özüňi bütinleý dogry hasap etmek ýaly aňsat däl. Emma, bu uzak gelejekde hemmeleriň iň uly ýeňşi boljak, has bilesigeliji, bilimli we sazlaşykly jemgyýetiň emele gelmegine alyp barýar.

Çeşme

  • 1196 gezek okalan