Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

NÄME ÜÇIN SSSR DARGASA-DA, GÖDEKLIK DOWAM EDÝÄR?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

godek lukmanSosiologlar bu meseläni bäbekhanalaryň mysalynda öwrendiler.

Biz lukmanlaryň eline düşenimizde ejiz orna geçýäris we käte manysyna düşünip bilmeýän hereketlerimize gabat gelýäris. Esasanam, lukmanlar biziň bilen gödek, buýrujy we köpbilmiş äheňde gürleşenlerinde bize hasam kyn bolýar. Häzirkizaman lukmançylyk tejribesini öwrenýän sosiologlar Anastasiýa Nowkunskaýa, Daria Litwina we Anna Temkina bu hadysa birnäçe gezek gabat geldiler.

Alymlar aýallar bilen saglyk hünärmenleriniň arasyndaky gatnaşyklary öwrenip, lukmançylyk sypaýysyzlygynyň gelip çykyşyna düşünmäge synanyşdylar. Olar "gödek" aragatnaşygyň ykdysady gytçylyk we awtoritar syýasy ulgam bilen baglanyşyklydygyny ýüze çykardylar.

Gipoteza. Hut özümiz gabat gelmesegem, hemmämiz gödekligiň nämedigini gowy bilýäris – ýöne muňa häsiýet däl-de, sosial hadysa hökmünde seýrek garaýarys. Biz, sosiologlar, gödeklige söhbetdeşe sypaýyçylyksyz ýüzlenme we emosional basyş ýaly häsiýetlere eýe bolan, aýratyn aragatnaşyk görnüşi hökmünde garaýarys. Gödeklik – bu ýönekeýje yzgytsyzlyk ýa-da haýbatlylyk däldir. Ol belli bir (awtoritar) sosial kontekstde ýüze çykýar we hatda, içerki aragatnaşyk kadasyna öwrülýär. Teoriýa görä, bu kontekst üýtgände gödeklik hem azalmaly.

Sowet döwrüniň aragatnaşyk kadasy

"Ýokardan aşak" dolandyrylýan awtoritar režimleriň jemgyýetçilik edaralarynda gödeklik giňden ýaýrandyr. Düzgünleriň ýowuzlygy hyzmatlaryň hiliniň pesligi we haryt ýetmezçiligi bilen utgaşýar: resurslar çäkli we olaryň üstünde mydama göreşilýär.

SSSR-de gödeklik gündelik durmuşyň aýrylmaz bölegidi, aýratynam, söwda we hyzmatlar pudagynda has giňden ýaýrandy. Yzgytsyzlyk Sowet döwrüniň buhgalterlerine, söwda, saglyk, kommunal we ýaşaýyş jaý hyzmatlarynyň işgärlerine mahsusdy.

Sowetleriň ýöreden ykdysadyýeti harytlaryň we hyzmatlaryň, şeýle hem hajathana kagyzy, aýallaryň gigiýena serişdeleri ýaly esasy zerur harytlaryň ýiti ýetmezçiligini döretdi. Bu ýagdaýda, dükan başlyklary we satyjylary resmi taýdan "hemmeler üçin elýeterli" ýöne hakykatda gyt bolan eksklýuziw harytlaryň eýeleri boldular. Olarda harytlary kime satyp, kime satmazlyk ýaly hukuklaryň bolany üçin, olar beýleki adamlaryň abadançylygyna täsirlerini ýetirdiler.

Bu ýagdaý olara islendik alyjynyň öňünde özleriniň üstündigini görkezmäge mümkinçilik berdi. Olar garşy çykmasy kyn bolan äheňi, gödekligi, saýlap alýardylar.

Başgaça aýdanymyzda, hakykatda derejesi we güýji pes bolan jemgyýetçilik toparlarynyň agzalary özleriniň ýagdaýlyk (şu wagt we şu ýerde) dominantlygyny gödeklik bilen görkezýärler.

"Kwazitotal edaralarda" gödeklik – SSSR-iň bäbekhanalarynyň mysalynda

Total edara – Resmi taýdan adamlaryň berk düzgünler bilen dolandyrylýan we daşky jemgyýetden çetleşdirilen iş ýa-da ýaşaýyş ýeri. Meselem, türmeler, harby edaralar, ýetimler öýleri, internatlar.

Kwazitotal edara – total edara ýakyn; ýarym-total edara

Kapitalistik ykdysadyýetde stil üýtgeýär: "sypaýyçylyk" we "ýylgyryş" has giň ýaýraýar. Şeýle-de bolsa, post-sowet jemgyýetinde gödeklik dowam edýär, aýratynam, esasy hyzmatlary üpjün edýänleriň özlerini jemgyýetiň bähbidini goraýjy saýýan ýerlerinde. Käbir ýerlerde gödeklige başga ýerlerden has köp gabat gelinýär. Mysal üçin, eger bize býujet edaralarynda gödek daraşmasalar, muňa henizem geň galýarys ("Ynanýaňmy, adam ýaly gürleşäýdiler!"). Bu aragatnaşyk stili biraz azalýar, ýöne meseläniň köki bolmagyna galýar.

Bu tejribäni bäbäkhanalaryň mysallarynda düşündireris: Russiýada çaga dogurjak bolýan aýallar köplenç özlerini juda ejiz we çäresiz duýýarlar, ýöne başga şertlerde-de isleýän hemaýatlaryny almaga mümkinçilikleri ýok.

Sowet bäbekhanalary fiziki taýdan myhmanlara ýapyk bolup, içerki düzgünleriniň aýdyň dälligi hem-de daşarky närazylyklara we tankytlara açyk dälligi bilen, kwazitotal edara meňzeýärdi. Bäbekhanalar saglyk hünärmenleriniň aýallara rehimsiz hökmürowanlygyny we gözegçiligini görkezmek üçin oňaýly gurşawa öwrüldi. Aýallar bu şertlerde lukmanlara bütinleý bagly bolansoň, olar düzgünleri we kadalary alaçsyz we inkär edip bolmajak zat hökmünde kabul etmeli boldular.

Hassalaryň döwlet lukmançylyk edaralaryna ýüz tutmakdan başga çäresi ýokdy. Gödeklige garşylyk görkezmek üçin, olar lukmanlar bilen özara gatnaşygy şahsy tanyşlyga öwürmäge synanyşdylar. Netijede, ýaşyryn tölegli hyzmatlar (jübä gizlin pul salmalar) we resmi däl gatnaşyklar esasynda rehimsiz merkezleşdirilen sosialistik saglyk ulgamy birneme ýumşady. Sowet bäbekhanalarynda emosional taýdan şikeslendiriji dogruma sosial resurslar (şol sanda "tanyşlar" we "sowgatlar") bilen garşy durup bolýardy.

Tanyş üsti bilen ýüz tutmak lukmanlaryň hassalara edýän emosional basyşyny peseltmese-de ýa-da gödek çemeleşmeleri tutuşlygyna azaltmasa-da, käbir adamlara lukmanlaryň ünsüni çekmek üçin bäsleşikde artykmaçlyk berdi. Resmi däl töleg (para bermek) ulgamy, "ylalaşygyň" bir bölegi hökmünde emosional goldawy bermekde lukman ýa-da akuşer bilen hassanyň arasyndaky gatnaşyklary gowulaşdyrmaga kömek etdi.

Häzirki Russiýada edil öňki ýaly "siz köplük, a men ýeke"

Soňky onýyllyklaryň dowamynda, bazar mehanizmleri, hassalaryň talaplary we professional garaýyşlar lukmançylyk edaralarynda ýagdaýy biraz üýtgetdi. Gödeklik "adaty" aragatnaşyk tejribesi hökmünde kanunylygyny ýitirdi. Şeýle-de bolsa, gödeklik lukmançylyk edaralarynda aýallary kontrolda we tabynlykda saklamak üçin möhüm gural bolup galýar. "Siz köplük, a men ýeke" jümlesi Sowet döwründen şu güne çenli tötänleýin gelmedi.

Lukmançylyk hünärmenleriniň arasynda (lukmanlar, akuşerler, şepagat uýalary) gepleşik stili has bitarap we salykatly bolup başlady, emma hemme ýerde öwrenişilen aragatnaşyk görnüşini ulanmakdan saklanmak başa barmaýar. Edil hökümetiň saglyk edaralary ýaly, hususy saglyk edaralarynda hem (käwagt bolsa-da) gödeklik edilýär. 2017-nji ýylda (Sankt-Peterburgdaky Ýewropa uniwersiteti tarapyndan) "Çaga dogrumda saýlaw, gözegçilik we ynam" taslamasynyň çäginde geçirilen çuňňur söhbetdeşliklerde, aýallar bäbekhanalarda duçar bolan gödeklikleriniň mysallaryny paýlaşdylar.

Buýrujy we gödek äheň aslynda emosional sütemdir – muňa saglygy goraýyş ulgamynda mäkäm ornaşan "professional" hereket hökmünde seredilip bilner, hassalar özlerini gowşak we bagly duýýar, lukmanlar bolsa şek ýetirip bolmajak hojaýynlar.

Gödekligiň institutlaşdyrylmagy Russiýada kollektiwiň henizem şahsyýetden üstün çykýandygyna şaýatlyk edýär. Bu saglyk hünärmenleriniň aýallaryň duýgularyna bermeli ünsüni kliniki, edara we býurokratik talaplara sarp edýändiklerini görkezýär.

Saglyk hünärmenleri ne geçmişde ne-de häzir öz hereketlerini gödek hasap edýärler: olar özlerini aýallara özüni alyp barmagy "öwrediji" hünärmen saýýarlar. Olar aýallary "medeniýetsiz" we "çaga ýaly" diýip atlandyryp, dogrum wagtynda arkalaşykly we "dogry" hereket etmäge mejbur edýärler we muny çaga dogurýan aýallara we olaryň çagalaryna alada etmek diýip düşündirýärler.

Gödeklige gödeklik

Lukmançylyk edaralarynda gödeklik bilen hemmeler ýüzbe-ýüz bolýarlar, hatda lukmanlaryň özlerem. Olar rus saglygy goraýyş ulgamynyň şertlerinde (döwlet hassahanalary ýeterlik däl we hususy klinikalar gymmat) özlerini çäresiz duýýandyklaryny boýun alýarlar. Birinjiden, lukmanlar az aýlyk alýarlar, ikinjiden olar hem hassalaryň ýagdaýlyk dominantlygyna duçar bolýarlar. Netijede, tölegli lukmançylyk şertlerinde, hassa lukmana gödek daraşýar.

Tabyn we ejiz ýagdaýa düşensoňlar, lukmanlar we akuşerler özlerini goramaga girişýärler. Şeýlelikde "gödeklik" halkasy ýapylýar: iki tarap hem özüni aklamaga başlaýar. Lukmanyň we hassanyň hersi öz artykmaçlygyny görkezmegiň zerurlygyny duýmasa, ýagdaý üýtgär.

Gatnaşyklaryň yzygiderli gowulanmak prosesi dowam edýär. Manipulatiw hereketler we häkimiýetden peýdalanmak kanunylygyny ýitirýär. Sebäbi nesil täzelenýär. Ýaşlar şahsy çäklerine aralaşylmagyna has duýgur bolup başladylar – eger gödeklik kimdir biri üçin adaty bolsa, onda ol çäk bozulýar.

Netije. Hünärmenleriň nukdaýnazaryndan gödeklik kanunylygyny ýitirdi. Lukmançylyk işgärine kärdeşleri hem, hassalar hem gödekligiň ýol berilmejekdigini aýdyp bilerler we ýolbaşçylar jeza berip bilerler. Emma, ​​gynansak-da, bu ýaramaz "aragatnaşyk serişdesi" entegem bar, sebäbi gödekligiň gurluş şertleri häzirki wagtda-da bölekleýin saklanýar. Hassalar gitdigiçe tutanýerli bolup başladylar we käte olaryň özlerem gödeklikde aýyplanýar, esasanam hyzmat üçin pul töleýänler. Tutuş jemgyýetde we jemgyýetçilik edaralarynda gödeklik henizem agdyklyk edýär. Nesilleriň çalyşmagy –başga adamlaryň täzeçe tärler we talaplar bilen sahnada peýda bolmagy, meseläni az-kem çözýär. Güýç mehanizmi hökmünde ulanylýan ulgamlaýyn gödeklikden dynmaga diňe saglygy goraýşyň üýtgedilip gurulmagy we ondaky bar bolan deňsizlikleriň aradan aýrylmagy kömek eder.

Çeşme

  • 1119 gezek okalan