Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

HAÝSY DILDE PIKIRLENÝÄRSIŇ?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (2 Ses)

haysy dilÇikago uniwersitetiniň alymlarynyň gelen netijesine görä, daşary ýurt dillerinde pikir ýöretmek rasional kararlary bermäge ýardam edýär.

300-den gowrak ABŞ-ly we Koreýaly adamlaryň gatnaşmagynda geçirilen birnäçe synaglar ikinji dilde pikirlenmegiň adamda töwekgelçilikleri we bähbitleri saýgaryp karar bermäge täsir edýän ýalňyş düşünjeleri azaldýandygyny görkezdi.

Mysal üçin, ýapon dilini öwrenýän amerikan talyplarynyň gatnaşmagynda geçirilen barlaglaryň birinde emosional sözleri ulanyp we ulanman düzülen şol bir gönükmeler berildi. Birinji gönükmede ene dilinde neýtral adalgalar berildi. Talyplaryň 80%-i has ygtybarly warianty saýlady. Emosiýalar bilen baglanyşykly adalgalar we sözler bilen düzülen gönükme berlende bolsa, ygtybarly warianty saýlanlaryň sany 47%-e çenli azaldy. Bu gönükmeler ýapon dilinde berlende, olaryň nähili düzülendigine garamazdan, ygtybarly warianty saýlanlaryň sany 40% boldy. Ýagny, sözleriň emosional öwüşginde berilmegi talyplaryň karar bermegine täsirini ýetirmedi.

Alymlaryň pikirine görä, ikinji dili bilmek maglumatlary awtomat ýagdaýda däl-de olary kognitiw kabul edip, analitiki pikirlenmäge iterýär we oýlanyşyksyz emosional reaksiýa bermegi kemeldýär.

Psihologlaryň düşündirişine görä, adamyň pikirlenişi iki dürli usuldan ybaratdyr:

↪ Yzgiderli, seljerme, akyl ýetirme.

↪ Çalt, aň bilen baglanyşyksyz, emosional taýdan hüşgär.

Adam ene dilinde pikirlenende, erksiz, instinktiw hereketlere we duýgulara has ýykgyn edýär. Daşary ýurt dillerine gürleşmek akyl ýetirip hereket etmäge iterip, ähtibarsyz instinktiň ornuny azaldýar. Şonuň üçin, töwekgelçilige oýlanyşykly baha bermek we manipulýasiýa etmeklerine ýol bermezlik üçin, meseleler barada daşary ýurt dilinde pikir etmek peýdalydyr.

A sen haýsy dilde pikirlenýärsiň?

Çeşme: Threedotsca

  • 873 gezek okalan