Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

RUSSIÝADA PLASTIGE ULANYŞDAN SOŇRA DIŇE BIR ÝER GARAŞÝAR: ZIR-ZIBIL MEÝDANÇALARY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

russiyada plastik ulanylysy

Russiýanyň sebitleriniň köpüsinde kofe kapsulalary, diş pastasynyň gaplary, doňdurylan önümleriň paketleri, kofe stakanlarynyň gapaklary we beýleki bir gezek ulanylýan plastikler gaýtadan işlenmeýär.

"Greenpeace" guramasynyň Russiýa degişli bölümi "Açyk sikl ykdysadyýeti: plastigi gaýtadan işleme mümkinçiligini öwrenmek" atly täze hasabaty bilen tanyşdyrdy. Hünärmenler tarapyndan "Galyndysyz" atly geçirilen gözleg-anyklaýyş işlerine görä, taslamanyň hünärmenleri gündelik durmuşda köp duş gelýän we gaýtadan işlenmesi kyn bolan bir gezek ulanylýan harytlaryň we daşlyklaryň sanawyny düzdüler. Olar: ýag we süýt gaplary, gatyk ýa-da gaýmak stakanlary, plastik gap-gaçlar we gurallar, diş pasta we krem ​​üçin gaplar, etiň aşagyndaky penoplast tabaklar we başgalar.

Alty aýyň dowamynda bilermenler şol harytlaryň haýsy böleginiň tutuş Russiýadaky "taýýarlaýjylar" tarapyndan kabul ediljekdigini öwrendiler. Taýýarlaýjylar gaýtadan ulanyp bolýan harytlary ýygnap, olary gaýtadan işleýän zawodlara satmaga taýýarlap berýärler. "Greenpeace" Russiýa boýunça 394 taýýarlaýjyny saýlap, "Recyclemap" portalynyň interaktiw kartasynda görkezilen, gaýtadan ulanyp bolýan materiallaryň kabul edilýän nokatlaryny barlady.

Barlag-anyklaýyş işleriniň netijesi Russiýadaky taýýarlaýjylaryň hiç biriniň çaý haltajyklarynyň gutularyny kabul etmejekdigini we kofeden boşan plastik kapsulalary diňe biriniň kabul etjekdigini mälim etdi. Mundan başga-da, taýýarlaýjylar diş pastasynyň gabyny, doňdurylan önümleriň haltalaryny, plastik stakanlary, kofe stakanlarynyň gapaklaryny, plastik turbajyklary, garyjylary, plastik naharhana gurallaryny we tabaklary seýrek alýarlar.

Taýýarlaýjylaryň arasynda poliwinilhloridden (belligi PWH,3) we garylan plastikden (belligi "Beýlekiler",7) ýasalan önümlere isleg az. Polipropilen (belligi PP,5) we polistirol (belligi PS,6) ýaly materiallar hem taýýarlaýjylaryň arasynda meşhur däl.

"Öndürijiler harytlary we daşlyklary gaýtadan işleme mümkinçiligini görkezýän ýörite belgi (içi sanly üçburçluk) bilen belgilemeli. Ýöne, bu bellikli islendik haryt we daşlyk taýýarlaýjylar tarapyndan kabul edilmeýär. Barlag-anyklaýyş işleriniň görkezişi ýaly, taýýarlaýjylar bu bellik bilen belgilenen harytlaryň we daşlyklaryň köpüsini almakdan ýüz öwürýärler. Netijede, müşderi üçburç belgili haryt satyn alanda, önümiň gaýtadan işlenjekdigine ynanýan hem bolsa, bu ýalan umyt bolup biler" – diýip, Russiýadaky "Greenpeace"-iň "Galyndysyz" atly taslamasynyň bilermeni Anna Krýukowa aýdyp geçýär.

"Greenpeace"-iň düzen sanawyndaky harytlaryň hiç-biri Çeçenistanda, Karaçaý-Çerkessiýada, Dagystanda, Inguşetiýada, Tuwada, Altaý respublikasynda, Magadan welaýatynda we Ýewreý awtonom sebitinde taýýarlaýjylar tarapyndan kabul edilmeýär. Sanawdaky harytlaryň ýarysyndan gowragyny diňe Moskwada we Sankt-Peterburgda, Moskwa, Leningrad, Nowosibirsk, Saratow, Çelýabinsk, Ýaroslaw, Penza, Nowgorod, Kostrom, Irkutsk, Wolgograd, Brýansk we Tomsk sebitlerinde kabul edilýär.

Plastigi diňe gaýtadan işlemek ýaly çäreleriň Russiýany zibil krizisinden halas edip biljekdigini köplenç eşitseň bolýar. Emma, bu beýle däl. Bir gezek ulanylýan plastik daşlyklaryň we harytlaryň köpüsi zir-zibil meýdançalaryna, zibil ýakylýan peçlere ýa-da daşky gurşawa baryp düşýär. Munuň öňüni almak we zibil meselesini çözmek üçin, lukmançylyga degişli bolmadyk ähli bir gezeklik plastik önümlerinden we harytlaryndan ýüz öwürmeli.

"Greenpeace" plastik galyndylary meselesini şeýle çözmekligi maslahat berýär:

↪ Gaýtadan işläp bolmaýan, galyndy bolup galjak önümleri azrak öndürmeli;

↪ Gaýtadan ulanyp bolýan alternatiwalara geçmeli;

↪ Konteýnerleri we daşlyklary standartlaşdyrmaly;

↪ Zibilleri gaýtadan işleýän pudagy ösdürmeli we höweslendirmeli;

↪ Galyndylaryň görnüşleri boýunça aýratyn ýygnalmagyny üpjün etmeli (sortlamaly);

↪ Zibilleri ýakmakdan saklanmaly.

Siz plastik zyňyndylaryny azaltmak üçin nähili çäreleri görýärsiňiz?

Batyr Bäşimow

Çeşme: Greenpeace.ru

  • 127 gezek okalan