Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GYZ BOLUP DOGULMAK BELAMY?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

mizoginiyaMizoginiýa – bu aýal-gyzlary halamazlyk, ýazgarmaklyk we hat-da olara garşy ýigrenç duýgusydyr. Mizoginiýa diňe aç-açan ýigrenji ýa äsgermezligi däl-de, eýsem aýallaryň hukuklaryny kemsidiji we olara garşy zorlugy goldaýan islendik hereketi öz içine alýar. Şol sanda:

↪ Aýal-gyzlary köpçülikleýin ýazgarmak we kemsitmek;

↪ Olara ikinji derejeli adam hökmünde seretmek, erkekden kem hasaplamak;

↪ Olaryň psihologik ýa-da fiziki aýratynlyklaryna kembaha ýa-da kemçilik hökmünde garamak (aklyna, duýgularyna, daş-keşbine, näzikligine...);

↪ Zenanlyk häsiýetlerini ýazgarmak, ejizlik hasaplamak (näziklik, näz-kereşme...);

↪ "Heleý gürrüňi" diýip, äsgermezlik etmek;

↪ Jynsy erjeşmäniň ýa-da zorlugyň pidasy bolan halatynda, aýalyň özüni günäkärlemek ("açyk-saçyk geýmeli däl eken"; "ganj*k guýrugyny bulamasa, köpek yzyna eýermez");

↪ Şeýle-de, haýsam bolsa bir hereketi erkek edende ony adaty ýagdaý hasaplap, aýalyň edil şeýle hereketini ýazgarmak. Meselem, garaňky düşende köçä çykmak ýa-da dar eşikleri geýmek.

Aýallaryň içerki mizoginiýasy

Gynançly ýeri, aýallara garşy ýigrenji we kemsitmeleri diňe garşy jynsyň wekilleri görkezmeýär. Aýal-gyzlar birek-birege garşy hem mizoginiýa baş goşup bilýär. Muňa içki mizoginiýa diýilýär.

Eger erkekleriň mizoginiýa ýykgyn etmeginiň sebäbi özlerini aýallardan üstün tutmak niýeti bolsa, aýal-gyzlaryň arasyndaky birek-birege ýigrenç duýgusy näme sebäpli ýüze çykýarka?

Ilki bilen, içerki mizoginiýanyň alamatlaryna seredip geçeliň. Belki, häli-şindi, özüňizden ýa-da töreweregiňizdäki aýallardan şu sözleri eşidýänsiňiz:

↪ "aý, biz heleýlerde kelle ýok";

↪ "aýallar üýşse halamok, edil ýylanlar ýygnanana meňzeýär";

↪ "erkekler bilen işleşeniň, dost bolanyň gowy";

↪ Başga aýal-gyzlara "ýeňilkelle", "ýoldan çykan" diýmek;

↪ Näzik ýa-da daş-keşbine uly üns berýän aýal-gyzlary ýazgarmak we olary akylsyz, ynsapsyz, haýasyz saýmak we ş.m.

Bu düşünjeler aýallaryň asyrlarboýy erkeklerden pes we samsyk görlendigi sebäpli, käbir aýallaryň özüni "men ol samsyklaryň hataryndan däl" diýip görkezmäge ymtylmagy esasynda dörän bolmaga çemeli. Şeýle-de, aýallaryň birek-biregiň gözelligine, ýaşlygyna ýa-da üstünligine görüplik etmegi, ýa-da erkekleriň ünsüni çekmekde bassaşlyk etmegi hem içerki mizoginiýa sebäp bolup bilýär. Edil şonuň ýaly, has näzik we özüne üns berýän aýallaryň, beýlekileri kemsitmegi, olary "erkek sypatly, erkek käşir", "zenanlykdan nam-nyşan galmandyr" diýip ýazgarmagy hem mizoginiýanyň alamatydyr.

Mizoginiýadan saplanmagyň ýollary we aýal-gyzlaryň biri-birini goldamagynyň möhümligi

Eger-de aýalyň, gyzyň hormatlanýan we ynsan hökmünde erkek bilen deň derejede görülýän jemgyýetinde ýaşajak bolsak, onda mizoginiýa barada söz açmalydyrys. Çünki, aýallara bolan bu kemsidiji we ýigrenç duýgularynyň ählisi, olaryň:

↪ jemgyýetde erkekden pes görülmeginiň we kemsidilmeginiň dowam etmegine;

↪ häli-şindi fiziki, jynsy, emosional zorluga sezewar edilip durulmagyna;

↪ bilim almagyna, kärine we şahsy ösüşine böwet bolmagyna

we başga-da ençeme adam hukuklarynyň bozulmagyna we aýal-gyzlaryň statusynyň peselmegine getirýär. Şol sebäpli, mizoginiýa garşy göreşmek we jemgyýetimizi ondan saplamak gaty zerurdyr. Muny, gadyrly zenanlar, uýalar, gelinler we gaýynlar, ilki bilen özümizden başlamaly. Soňra bu düşünjäni daş-töweregimizdäkilere ýaýratjak bolmaly. Çünki, kämahal birek-birege görkezýän ujypsyzja kemsitmelerimiz hem, jemgyýetimizde berk ornaşyp, özümize garşy ulanylýan ýaraga öwrülýär.

Aýallar, gyzlar biri-birimizi nädip goldamaly:

↪ aýallaryň mertebesini galdyrýan we olaryň gymmatyny görkezýän jümleleri aýtmaly;

↪ sözlerimize we pikirlerimize ünsli çemeleşmeli – beýleki bir aýaly kemsitjek zady aýtmazdan ozal, "ody özümize basyp" görmeli;

↪ daş-töweregimizdäki aýallaryň arasynda aýal mertebesini kemsidiji pikirliler bar bolsa, olara munuň dogry däldigini we netijede hemmä zyýan berýändigini düşündirjek bolmaly;

↪ söýgülimiz ýa-da ýoldaşymyz başgany söýeninde, derrew aýaly günäkärlemekden saklanjak bolmaly. Näme üçin erkekler söýgülisi başga erkegi söýende erkegi günäkärlänok?

↪ anygyna ýetmän, derrew beýleki bir aýaly ýazgarjak, aýyplajak bolman, birek-birege rehimli we sylaşykly bolmaly;

↪ zorlugyň pidasy bolan zenana goldaw bermeli we oňa arka durmaly; pidany günäkärleýän jümlelere garşylyk görkezmeli;

↪ beýleki bir aýaly kemsidip, öz mertebämizi galdyrjak bolmaly däl;

↪ şeýle-de, beýleki aýallara bäsdeş hökmünde seretmäge derek, aýallary goldaýan dürli forumlara, sosial mediýa toparlaryna ýazlyp, goldawymyzy we kömegimizi, hoş sözümizi hödürläp bileris.

Mizoginiýany azaltmak üçin bulardan başga-da, köp zat edip bolar. Esasy zat, aýal-gyzlara goldawymyzy we duýgudaşlygymyzy gaýgyrmazlyk.

  • 1116 gezek okalan