Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SEN MAŞGALAŇY MEÝILLEŞDIRMEK MÜMKINÇILIKLERIŇDEN KANAGATLANÝARSYŇMY?

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (5 Ses)

masgala meyilTürkmenistanyň hökümeti ýurtdaky Birleşen Milletler Guramasynyň Ilat Gaznasy (UNFPA) bilen bilelikde derňew işini geçirdi. Derňew işi ýurtda maşgalany meýilleşdirmekde kanagatlandyrylmadyk zerurlygyň 2030-njy ýyla çenli öňüni almagyň bahasyny kesgitledi. Bu iş UNFPA tarapyndan 2021-nji ýylyň 9-njy iýulynda ilata elýeter edildi.

Maşgalany meýilleşdirmekde kanagatlandyrylmadyk zerurlyk göwrelilige ukyply ýaşdaky seksual taýdan işjeň aýallaryň göwreli bolmazlygy isläp, ol islegi kanagatlandyryp bilmeýän (haýsydyr bir sebäbe görä: ykdysady, saglyk, maşgala, din, sowatsyzlyk) göterimi bilen kesgitlenilýär.

Saglyk Türkmenistanda ilatyň 50%-niň, ýagny aýallaryň durmuş hiline täsir edýän maşgalany meýilleşdirmekde kanagatlandyrylmadyk zerurlyk baradaky barlag işini ýakymly garşylaýar. Biz şeýle işleriň bu mesele barada pozitiw dilde gürleşmäge ýol açýandygyna hem-de Türkmenistanyň reproduktiw saglyk hyzmatlaryndaky ulgamlaýyn meselelere jemgyýetiň we kanun çykaryjylaryň ünsüni çekýändigine ynanýarys.

Netijeler we Saglygyň syny:

↪ Barlagyň maksady: Maşgalany meýilleşdirmekde kanagatlandyrylmadyk zerurlygy 2020-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli 9.7%-den 3.5%-e çenli azaltmak üçin, Türkmenistanda döwrebap kontraseptiwleri oňa mätäç aýallara mugt ýetirmek üçin mümkin bolan iň gowy ssenariýleri (çäreleri) kesgitlemek.

↪ Iň gowy netijeli ssenariý: Barlagda mümkin bolan 3 sany ssenariý we üýtgewsiz ssenariý derňelip öwrenildi. 3-nji ssenariý üpjünçilik, kontrasepsiýa usullarynyň görnüşleri we maddy taýdan iň oňaýlysy bolup çykdy. Bu ssenariýde häzirki maksatnamadaky aýallaryň sanyndan 4 esse köp aýala mugt kontraseptiwler we hyzmatlar üpjün ediler. Şeýle-de, kontraseptiwleriň has köp görnüşi elýeter bolar we bu maddy taýdan hem iň amatly çözgütdir. Saglyk ilata iň köp peýda berjekdigi üçin, hökümet 3-nji ssenariýni saýlar diýip umyt edýär.

↪ Açyk we elýeter sanlar: Bu derňewde ýurda degişli köp sanlar, hatda käbiri ilkinji gezek çap edilse-de, bu salgylanylýan sanlar jemgyýete elýeter däl. Bu bolsa barlag işiniň ygtybarlylygyna şübhe döredýär. Çünki bu ýerde berilýän çaklamalaryň esaslanýan maglumatlaryny tassyklap, barlap ýa-da öwrenip bolmaýar.

↪ Erkekleriň hasaba alynmazlygy: Barlagyň "maşgalany meýilleşdirmek" barada bolany sebäpli, biz UNFPA geljekki metodologiýalarynda, maksatnamalarynda we saýlanylan ssenariýniň durmuşa geçirilişinde erkekleri, olaryň zerurlyklaryny we orunlaryny hem hasaba almagy maslahat berýäris.

↪ Ilat bilen aragatnaşyk: Barlag işiniň Türkmenistanyň hökümetinden başga kim üçin niýetlenilendigi barada maglumat berilmeýär. Şonuň üçin, biz UNFPA barlagdan kimleriň peýdalanyp biljekdigi barada giňişleýin maglumat bermegi we olara, şeýle-de ilat köpçüligine, barlagyň netijelerini ýaýratmagy maslahat berýäris. Häzirki wagtda bu barlag işi diňe UNFPA websaýtynda iňlis dilinde we Instagram sahypasynda türkmen dilinde ýeke post arkaly paýlaşyldy.

↪ Ilatyň zerurlyklary: Ýurtda saglyk sowatlylygynyň pesligi sebäpli ilat maşgalany meýilleşdirmek we kontraseptiwler barada esasy bilmeli zatlardan hem bihabar bolup galýar. Saglyk UNFPA-ny ýurtda maşgalany meýilleşdirmäge degişli çylşyrymly we möhüm meseleleri türkmen we rus dillerinde ilata ýetirmäge çagyrýar. Häzirki wagtda, Saglyk türkmen okyjysynyň kontraseptiwler we maşgalany meýilleşdirmek barada ygtybarly maglumatlary alyp bilýän ýeketäk çeşmesi bolup durýar. Bize ilatdan köp sanly soraglar gelýär we ýaşlaryň arasynda maşgalany meýilleşdirmek boýunça hyzmatlara we türkmen dilindäki maglumatlara bolan talabyň örän uludygyny görýäris.

↪ Hyzmatdaşlyk zerurlyklary: Biz Türkmenistanyň hökümetiniň, BMG-nyň we raýdaşlyk jemgyýetleriniň saglyk sowatlylygyny we maşgala meýilleşdiriş hyzmatlaryny ösdürmekde hyzmatdaşlyk etmeginiň üstünlikli netijeler berjekdigini bilýäris. Hiç bir gurama ýa-da maksatnama ýekelikde beýle çylşyrymly meseleleri netijeli ele alyp bilmeýär. Biz UNFPA maşgalany meýilleşdirmek, seksual we reproduktiw saglyk boýunça konsultasiýalarynda Saglyk we Türkmenistanda saglyk sowatlylygy ugrunda işleýän beýleki toparlar bilen hyzmatdaşlyklardan peýdalanmagy maslahat berýäris.

Barlag işinde derňelen ssenariýler:

1. Üýtgewsiz ssenariý – häzirki maşgalany meýilleşdirmek kanunyny üýtgetmän saklamak;

2. 1-nji ssenariý – üýtgewsiz ssenariýdäki aýallaryň hyzmat üpjünçiligini köpeltmek;

3. 2-nji ssenariý – kontraseptiw usullarynyň görnüşlerini we tölegsiz maşgala meýilleşdiriş hyzmatlaryny köpeltmek;

4. 3-nji ssenariý – 1-nji we 2-nji ssenariýleriň birleşdirilmesi: üpjünçiligi, kontraseptiwleriň görnüşlerini we tölegsiz hyzmatlary köpeltmek.

Aşakda her ssenariýniň giňişleýin beýany we peýdalary berilýär:

 

Detallar

Üýtgewsiz

Ssenariý 1

Ssenariý 2

Ssenariý 3

Kontraseptiw usuly (görnüş möçberi)

mugt döwrebap kontraseptiw usullary

7

7

9

9

Hyzmatlar

mugt

diňe töwekgelçilik topary (1) + galanlara pes bahadan

diňe töwekgelçilik topary (1) + galanlara pes bahadan

ygtyýarly ulanyjylaryň ählisine elýeter

ygtyýarly ulanyjylaryň ählisine elýeter

Kimler üçin

aýallar

4,32% (2)

16,10% (3)

4,32% (2)

16,10% (3)

Kanagatlandyrylmadyk zerurlyklar 10 ýylda düzelýär (saýlanan sanaw)

niýetlenilmedik göwrelilikler

201,300

658,100

208,000

681,100

 

abortlar

132,800

434,400

137,200

449,500

howply abortlar

6,600

21,700

6,900

22,500

niýetlenilmedik dogumlar

44,300

144,800

45,700

149,800

kesilip alynmalar

4,100

13,400

4,200

13,900

niýetlenilmedik bäbekler

42,000

137,500

43,400

142,300

Ykdysady peýdalary

10 ýyl üçin jemi maýa goýum, ABŞ dollarynda

3,513,600

11,089,700

3,569,300

11,192,100

 

ykdysady düşewünt, ABŞ dollarynda

25,648,300

84,459,900

26,550,400

87,565,000

goýlan her 1 ABŞ dollarynyň berýän peýdasy, dollarda

7,3

7,6

7,4

7,8

1) niýetlenilmedik göwrelilik zerarly ölüm töwekgelçiligindäki ýa-da saglygy ýaramazlaşýan aýallar

2) göwrelilige ukyply ýaşdaky 1,600,000 aýaldan 69,786 aýala deň

3) göwrelilige ukyply ýaşdaky 1,600,000 aýaldan 260,000 aýala deň

Tablisa derňew işinde berlen maglumatlara esaslanyp, Saglyk ýazyjylary tarapyndan düzüldi

 Bu barlag işiniň nähili zerurlygy bar?

Bu barlag işi Türkmenistanda tabu hasaplanylýan kontrasepsiýa mowzugyny ele alýar. Hasabatyň awtorlary köp çaga edinmegi öňe sürýän hökümetiň näme üçin kontrasepsiýa üpjünçiligi we maşgalany meýilleşdirmegiň ösüşi bilen gyzyklanýandygyny aýan etmeýärler. Emma, barlag ulgamlaýyn maşgala meýilleşdiriş we kontrasepsiýa programmalarynyň döwlet býujetine berjek peýdasyna we şeýle maýa goýumyň saglyk bähbitlerine uly üns çekýär.

Saglyk maşgalany meýilleşdirmekde göz öňünde tutulan ssenariýleriň birnäçe meseleleri çözmekde möhüm orunlarynyň bardygyna ynanýar:

↪ Maşgalany meýilleşdirmegiň kanagatlandyrylmadyk zerurlyklarynyň döredýän saglyk, jemgyýetçilik we maddy kynçylyklaryny (abortlar, bikanun we howply abortlar, keserewo kesilip alynmalar, wagtyndan ir dogulýan islenilmedik çagalar) azaltmak;

↪ Maşgala meýilleşdiriş ulgamlaryny ösdürmek we çaga edinmegi saýlap we hasaplap bilmek;

↪ Aýallar we jübütler üçin sosial we ykdysady peýdalary artdyrmak;

↪ Bilimiňi tamamlamak we işçi güýjüne doly gatnaşmak mümkinçiliklerini ýaýbaňlandyrmak;

↪ Kanagatlandyrylmadyk zerurlyklar sebäpli işe ukypsyzlygy we işde önjeýsizligi azaltmak.

NÄME ÝETMEÝÄR?

Açyk we elýeter sanlar

Ýokarda bellenilişi ýaly, barlag işi ýurda degişli sanlaryň uly möçberini aýan edýär we ol sanlaryň käbiri ilkinji gezek ilata ýetirilýär. Emma welin, salgylanylýan maglumatlar ilata elýeter däl (meselem, abortlaryň, kesilip alynmalaryň we wagtyndan ir dogulýan islenilmedik çagalaryň sanlary). Enäniň we çaganyň saglygy üçin edilýän idegi ösdürmek we maşgalany meýilleşdirmekde kanagatlandyrylmadyk zerurlyklary azaltmak üçin, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynda ygtybarly sanlar, reproduktiw ylmy-barlaglar we olaryň elýeterligi örän wajypdyr.

Bikanun abortlaryň çaklamasy

Köp ýerlerde bikanun we howply abortlaryň takyk hasaby ýöredilmeýär. Şundan we 2015-nji ýylda aborta hukugy 12 aýdan 5 aýa düşüren "Raýatlaryň saglygynyň goralmagy baradaky" kanundan (19-njy madda) ugur alsak, barlag işinde berilýän bikanun abortlaryň sany hakykatdan daş görünýär we çeşmeler hem-de çaklamalar barada sorag döredýär.

Saglygy goraýyş ministrliginiň meýilnamasy

Barlag işi 2030-njy ýyla çenli elýeter boljak kontraseptiwler bilen üpjün edilen Ilkinji Lukmançylyk Kömegini (ILK) berýän merkezleriň, Reproduktiw Saglyk boýunça konsultasiýa otaglarynyň (RS Otaglary), Hassahanalaryň we AIW merkezleriniň proýeksiýasyny hödürleýär. 2021-nji ýyl üçin berlen sanlar häzirki wagtda elýeter bolan kontraseptiwleri görkezýär.

Usul

Çeşme

2021

2030

Aýal prezerwatiwi

ILK merkezleri

0%

28%

RS Otaglary

0%

52%

Hassahanalar

0%

20%

AIW merkezleri

0%

0%

Erkek prezerwatiwi

ILK merkezleri

8%

26%

RS Otaglary

54%

25%

Hassahanalar

7%

24%

AIW merkezleri

31%

25%

Depo Provera gormonal sanjym

ILK merkezleri

12%

40%

RS Otaglary

74%

40%

Hassahanalar

14%

20%

AIW merkezleri

0%

0%

Noristerat gormonal sanjym

ILK merkezleri

0%

40%

RS Otaglary

0%

40%

Hassahanalar

0%

20%

AIW merkezleri

0%

0%

Utgaşdyrylan gormonal gerdejikler

ILK merkezleri

7%

41%

RS Otaglary

85%

41%

Hassahanalar

8%

18%

AIW merkezleri

0%

0%

Diňe Progestin gormonly gerdejikler

ILK merkezleri

7%

41%

RS Otaglary

84%

41%

Hassahanalar

9%

18%

AIW merkezleri

0%

0%

Misli spiral

ILK merkezleri

14%

42%

RS Otaglary

72%

36%

Hassahanalar

14%

22%

AIW merkezleri

0%

0%

Gyssagly kontrasepsiýa gerdejikleri

ILK merkezleri

0%

34%

RS Otaglary

0%

33%

Hassahanalar

0%

33%

AIW merkezleri

0%

0%

Spermisidler

ILK merkezleri

0%

32%

RS Otaglary

0%

32%

Hassahanalar

0%

36%

AIW merkezleri

0%

0%

Tablisa: Kontraseptiwleriň çaklanylýan proýeksiýasy.

Çeşme: Investment Case on Ending Unmet Need for Family Planning in Turkmenistan, UNFPA 2021

Barlagda Türkmenistanyň çäklerinde ilata maşgalany meýilleşdirmek hyzmatlaryny we kontraseptiwleri hödürleýän reproduktiw saglyk boýunça konsultasiýa otaglarynyň 95 sanysynyň bardygy bellenilýär. Emma, bu otaglaryň ýerleşýän ýerleri barada hiç hili maglumat berilmeýär we olaryň berýän hyzmatlary ne UNFPA websaýtynda ne-de Saglygy goraýyş ministrliginiň websaýtynda ilata elýeter edilen. Saglyk bu hyzmatlaryň nirelerde hödürlenilýändigi we olardan nädip peýdalanylýandygy barada bilmegiň ilata örän peýdaly boljakdygyna ynanýar.

INDIKI ÄDIM

Erkekleriň hasaba alynmazlygy:

Türkmenistanda adatça maşgalany meýilleşdirmek ýüküni (kontrasepsiýa saýlamak, göwrelilikden öňki we göwrelilik döwrüniň idegi) aýallaryň çekip gelýändigi belli zat. Ýurtda erkekler kontrasepsiýa üçin jogapkärçilik çekmeýärler we olaryň kontrasepsiýa usullary barada bilimleri örän pes. Emma, Türkmen jemgyýetindäki medeni we sosial-ykdysady özgerişleri göz öňünde tutup, biz erkekleriň hem maşgalany meýilleşdirmäge deň dereje gatnaşmakdan we kontraseptiwleriň jogapkärçiligini paýlaşmakdan peýda tapjakdyklaryna ynanýarys. Saglyk maşgala bagtynyň ene-atanyň ony meýilleşdirmäge we çagalara ideg etmäge deň derejede gatnaşmagy bilen gazanylýandygyna ynanýar. Gelejekde erkekler hem işjeň paýdarlar hökmünde bu maksatnamada deň derejede görülmeli, goşulmaly we öwrenilmeli.

Obalarda we şäherlerde kontrasepsiýa:

Saglyk oba we şäher ýerlerindäki kontrasepsiýa zerurlyklaryna aýratynlykda garalmalydygyna we öwrenilmelidigine ynanýar. MICS 2019 hasabatyna görä, şäher ýerlerinde aýallaryň 55% golaýy kontrasepsiýa ulanýar. Oba ýerlerindäki aýallar üçin bolsa, bu san 46% düşýär. Bu aratapawudy oba ýerleriniň has däp-dessurçyllygy we konserwatiwligi bilen düşündirip bolar. Şonuň üçin hem, oba ýerlerindäki aýallara we olaryň ýanýoldaşlaryna kontraseptiwleriň zerurlygyna we maşgalany meýilleşdirmekde kanagatlandyrylmadyk zerurlyk meselelerine düşünmekde goşmaça goldaw we resurslar gerek bolar.

Makala iňlis dilinde

  • 1469 gezek okalan