Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

SEMINAR ÜÇIN TEZISLERIŇ KABUL EDILIŞIGI BAŞLANDY!

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

eeca interactGündogar Ýewropada we Merkezi Aziýada AIW, gepatit C we inçekesel barada üçünji ylmy seminar EECA INTERACT 2022 dekabryň 13-14-ne Latwiýanyň Riga şäherinde geçiriler.

EECA INTERACT 2022 alymlary, saglygy goraýyş işgärlerini, raýat jemgyýetleriniň wekillerini hem-de hökümet resmilerini her ýurduň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerine çözgüt tapmak üçin bir ýere jemlär. Şol bir wagtda, gatnaşyjylar potensiallaryny ýokarlandyrarlar we ylmy hem kliniki gatnaşyklaryny berkleşdirerler.

Gündogar we Merkezi Ýewropadan, Baltika we Balkan ýurtlaryndan, şeýle-de Merkezi Aziýadan ylmy barlagçylar hünärmenlerden baha almak üçin öz tezislerini tabşyrmaga çagyrylýar. Iň ýokary baha alan tezis ýazyjylary INTERACT seminaryna gatnaşmak üçin stipendiýa bilen sylaglanarlar. Stipendiýalaryň sany çäkli.

Tezisler iňlis we rus dillerinde kabul edilýär. Tezisler üçin kabul edilýän mowzuklar şu ýerde.

Abstraktlar 5-nji awgustdan 25-nji sentýabra çenli saýtdaky forumyň üsti bilen kabul ediler.

Doldurylyp tabşyrylmaly abstraktyň doly formasy şu ýerde.

Stipendiýalar üçin 35 ýaşa ýetmedik ylmy barlagçylar hem-de PhD we MD derejelerini soňky 5 ýylyň içinde alanlar ileri tutular.

Soraglaryňyzy şu email adrese ýollap bilersiňiz: This email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it.

EECA Interact 2022 seminary AFEW International we Amsterdamyň Global Saglyk & Ösüş Instituty (AIGHD) tarapyndan gurnaldy.

  • 573 gezek okalan