Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ADAM MERTEBESINIŇ KEMSIDILMEGI: MEJBURY ANAL BARLAGLAR

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

mejbury anal barlaglar

Human Rights Watch (HRW) guramasynyň hasabatyna görä, dünýäde azyndan sekiz ýurtda hukuk goraýjy resmiler saglyk işgärleri bilen bilelikde işleşip, gomoseksuallyga degişli sebäpler bilen tutulan erkeklerde we transgender aýallarda gomoseksual gatnaşyklaryň bolup geçendigini "tassyklamak" üçin anal barlaglaryny geçirýärler. Bu ýurtlaryň içine razyçylykly meňzeş-jynsly gatnaşyklary jenaýat hasaplaýan Türkmenistan hem girýär. (Surat terjimesi: 2011-2015 ýyllar aralygynda gomoseksual gatnaşyklaryň bolup geçendigini "tassyklamak" maksady bilen anal barlaglaryny geçiren ýurtlar.)

Barlaglar nädip we näme üçin geçirilýär?

Beýle barlagyň dowamynda lukman ýa-da saglyk işgäri gomoseksuallykda aýyplanýanyň artbujagyna güýç bilen barmagyny, kä halatlarda bolsa başga närseleri salýar. Hukuk goraýjy resmiler we käbir saglyk işgärleri artbujagyň myşsasyny ýa-da şekilini barlamak arkaly adamyň gomoseksual gatnaşykda bolup bolmandygyny anyklap bilýändiklerini aýdýarlar. Hakykat ýüzünde welin, lukmançylyk we ylmy düşünjeleriň aglabasy bu barlaglaryň üsti bilen adamyň meňzeş-jynsly gatnaşykda bolandygyny bilmegiň mümkin däldigini tassyklaýar.

Mejbury anal barlaglary adama zabun, kemsidiji we adamkärçiliksiz daraşmagyň bir görnüşi bolup, gynamak derejesine-de çykyp bilýär. Mejbury anal barlaglary inwaziw, iriziji we adam mertebesini peseldijidir. BMG-nyň Gynama garşy komitetiniň belleýşi ýaly "bu barlagy lukmançylyk taýdan goldap bolmaýar we adamyň doly razyçylygy bilen geçirip bolmaýar".

Bu barlaglardan mejbury geçirilen käbir adamlar uzak wagt dowam edýän psihologik trawmany başdan geçirýärler. Pidalaryň birnäçesi Adam hukuklaryna gözegçilik edýän gurama HRW-a mejbury anal barlaglarynyň jynsy zorluga deňeçer täsirini başdan geçirendiklerini aýtdylar. HRW guramasy bu barlaglary jynsy zulum hasaplaýar. Mejbury anal barlaglaryny geçirýän saglyk işgärleri lukmançylyk etikasynyň halkara ýörelgelerini bozýarlar. Bularyň içine adamy gynamagyň ýa-da mertebesini peseltmegiň gadagançylygy hem girýär.

Hasabatyň netijeleri

Bu hasabat sekiz ýurtda (Kamerun, Müsür, Keniýa, Liwan, Tunis, Türkmenistan, Uganda we Zambiýa) mejbury anal barlaglarynyň geçirilýändigi barada subutnamalary özünde jemleýär. Siriýada hem polisiýa işgärleri tarapyndan mejbury anal barlaglarynyň geçirilýändigi barada heniz anyklanylmadyk habarlar bar. Hasabaty taýýarlamak üçin mejbury anal barlaglaryna sezewar edilen 32 erkek adamdan we transgender aýaldan interwýu alyndy we lukmanlaryň, saglyk işgärleriniň hem-de dünýäniň dürli ýerlerindäki sud-medisina hünärmenleriniň pikirleri soraldy.

Dünýäde iň bir ýapyk döwletleriň biri bolan Türkmenistanda bu ugurdan ylmy barlag işini geçirmek başartmady, emma HRW Türkmenistanda 2013-nji ýylda anal barlagyna mejbur edilen we häzirki wagtda ýurtdan kowlup, daşary ýurtda ýaşaýan bir adamdan interwýu aldy. Şeýle-de, ýurtdan kowlan ýene bir raýat jemgyýetiniň aktiwisti şeýle barlaglaryň anal jynsy gatnaşyklaryň geçirilendigine "subutnama" hökmünde ulanylýandygyny tassyklady. Türkmenistanda bu barlaglaryň köp geçirilýändigini nygtan adam, özüniň 20 sany başga erkek adam bilen bilelikde meňzeş-jynsly gatnaşyklary geçirmekde aýyplanandygyny we olaryň köpüsiniň anal barlaglaryna mejbur edilendigini, bu barlaglaryň netijeleriniň hem kazyýet işinde ulanylandygyny aýtdy.

Esasy maslahatlar

Ähli döwletlere, hususanda Kamerun, Müsür, Keniýa, Liwan, Tunis, Türkmenistan, Uganda we Zambiýa döwletlerine berilýän maslahatlar.

Meňzeş-jynsly gatnaşyklary geçirmekde aýyplanýan erkek adamlary we transgender aýallary anal barlagyndan geçirmegi gadagan etmeli. Bu tejribäniň doly soňuna çykmak üçin, birnäçe derejede iş alnyp barylmaly:

↪ Döwlet ýolbaşçylary özleriniň kanuny hukuklaryndan peýdalanyp, mejbury anal barlaglaryny ýatyrmaga tarap ädim ätmeli. Özlerine berlen konstitusion hukuklara baglylykda, döwlet ýolbaşçylarynyň edip biljek käbir işleri: razyçylykly meňzeş-jynsly gatnaşyklary geçirmekde aýyplanýan adamlary anal barlaglaryndan geçirmegi gadagan edýän buýruk çykarmak; mejbury anal barlaglaryny gadagan edýän kanuny hödürlemek we kabul etmek; ýa-da degişli ministrliklere, şol sanda adalat, howpsuzlyk we saglyk ministrliklerine mejbury anal barlaglaryna gadagançylyk girizmegi tabşyrmak.

↪ Ýerli kanunda berlen hukuklaryna esaslanyp, adalat ministrlikleri kazylara we magistratlara razyçylykly meňzeş-jynsly gatnaşyklar ýa-da ýaşyrynlykda geçirilen başga görnüşli jynsy gatnaşyklar üçin jogapkärçilige çekilen kämillik ýaşyndaky adamlaryň kazyýet işlerinde anal barlaglarynyň netijelerini subutnama hökmünde kabul etmegi gadagan etmeli.

↪ Hukuk goraýjy edaralara, şol sanda prokuraturalara, polisiýa edaralaryna meňzeş-jynsly gatnaşyklary geçirmekde aýyplanýan adamlarda anal barlaglary geçirmegi buýurmak gadagan edilmeli. Olar bu barlaglary geçirmekden ýüz öwürýän saglyk işgärlerini hem kanuny jogapkärçilige çekmeli däl.

↪ Saglygy goraýyş ministrlikleri we milli lukmançylyk geňeşi ýa-da şoňa meňzeş edaralar saglyk işgärlerine razyçylykly meňzeş-jynsly gatnaşyklary geçirmekde aýyplanýan adamlarda anal barlaglaryny geçirmegi gadagan etmeli.

↪ Milli hukuk goraýjy edaralar mejbury anal barlaglarynyň geçirilişine gözegçilik edip, degişli häkimiýetleri bu tejribä gadagançylyk girizmäge çagyrmaly.

Çeşme

  • 691 gezek okalan