Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DYMYŞLYGY BOZALYŇ: AÝALLARA GARŞY ÖÝDÄKI ZORLUK

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

oydaki zorluk sahsy pikirŞu ýylyň awgustynda, BMG Türkmenistanly aýallaryň öýdäki zorlugy barada barlag-synyny çap etdi. Döwletimiz mundan öň aýallarymyzyň sezewar bolýan zorlugy babatda hiç wagt resmi taýdan hasabat bermeýänligi, il arasynda şeýle temalar seýrek agzalýanlygy we umuman ýurtda hakykata ýakyn hasabatlaryň gytlygy sebäpli, indi BMG-nyň berýän (ýüzleý bolsa-da) şeýle hasabatlaryny "maňlaýymyza sylyp" okaýarys.

Guwandyryjy netije:

Barlaga 3596 hojalykdan 18-59 ýaş aralygyndaky aýallar interwýu beripdir. Aýallaryň fiziki, jynsy, psihologik, ykdysady zorluga sezewar bolýanlygy we çagalaryň şeýle negatiw zatlary görýänligi ýurdumyzda resmi taýdan ilkinji gezek bellenildi. Bu jemgyýetimizde zorluk barada çekinmän gürrüň etmäge gurşaw döretdi.

Şeýle-de bolsa, hasabatyň meni gümana goýan we oýlandyran "emmasy" bar:

↪ Hasabatda türkmenistanly aýallaryň ömrüniň dowamynda haýsy hem bolsa bir zorluga duçar bolma derejesiniň (12%) Ýewropanyň 28 döwletiniňkiden (25%) az bolmagy juda şübhelendiriji. Asyrlar boýy aýallarymyz erkekleriň ýumrugy astynda bolanlygyny, jemgyýetimizde erkekleriň agalygynyň giň ýaýrawlylygyny, zenanlaryň zorluk barada aýtmaga çekinýänligini göz öňünde tutsaň, berilen sanlar galplaşdyrylan ýa-da interwýuçylar hakykaty ýaşyrdylar diýip bilerin. Meniň pikirimçe, Türkmenistandaky aýallaryň ömrüniň dowamynda sezewar bolýan zorluk derejesi iň bolmanda Gyrgyzstan we Täjigistan ýaly ~26% (belki ondanam köp) bolup biler.

↪ Hasabata görä, adamsy/ýoldaşy aýallaryň 1%-ini rugsatsyz bir ýere gitmezlik, işlemek, köpçülige çykmak we ş.m zatlarda durmuşda azyndan bir gezek çäklendirilipdir. Meniň çaklamalaryma görä, bu san azyndan 70% (belki 80%) bolmagy mümkin. Sebäbi, jemgyýetimizde erkeklerimiziň köpüsi aýallara "höküm etmäge, buýurmaga, çäklendirmäge hakym bar" diýip hasaplaýarlar.

↪ Lebap we Daşoguz welaýaty ösüş we özgertme babatda ýurduň beýleki ýerlerinden juda yza galsa-da, aýallara garşy fiziki zorluk meselesinde ilkinjiler (Lebap – 17.1%, Daşoguz – 12.4%) bolmagy başarypdyr. Munuň esasy sebäpleri bolsa Lebap we Daşoguz welaýatynda işsizligiň, pes bilimliligiň agdyklygy bolup biler. Çünki, bu faktorlar adamlaryň azap çekip ýaşamagyna, dünýägaraýşynyň darlygyna we stress derejesiniň ýokary bolmagyna sebäp bolýar. Bular bolsa agressiw herekete, gaharjaňlyga eltip biler. Şunlukda, erkekleriň ýeke-täk gynjyny çykaryp bilýänleri aýallary bolýar. Aýallaryň hem goragsyzlygy erkekleriň ýygy-ýygydan sütem etmegine getirýär.

↪ Däp-dessura eýerän türkmen maşgalasynda gelinler gaýyn öýünde ýaşaýarlar we köplenç gaýyn enesi/atasy gelinlerine igenýärler, seýregem bolsa gelinlerine el galdyrýanlaram bar. Şol sebäpli, ejeleriň edýän zorlugy barada bellenilşi ýaly, gaýyn enesiniň/atasynyň gelinlerine edýän zorlugy hem hasabatda agzalan bolsady, Türkmenistanda zorluk edijileriň iň esasylaryny görkezdigi bolardy.

Döwletimiz mesele babatda näme etmeli?

BMG-nyň hökümetimize beren maslahatlary (kanunçylygy kämilleşdirmek, pidalara goldamak we goramak hyzmatlaryny döretmek we ş.m ) bilen ylalaşýaryn. Muňa goşmaça: hökümetimiz meseläniň doly çözgüdi hökmünde zorlugy böwetleýiji we aýallary goraýjy çäreler bilen bir hatarda pes bilimlilik, işsizlik we korrupsiýa ýaly jemgyýetimiziň esasy stressorlary bolan meseleleler barada toplumlaýyn işleri alyp barmaly.

Ýurdumyzda diňe türkmen dilinde gürleýän raýatlaryň barlygy we zorluk barada her bir raýatyň habardarlygyny artdyrmagyň wajyplygy zerarly hasabatyň diňe 6 sahypalyk gysga beýany däl-de, eýsem 50 sahypalyk (diňe rus we iňlis dilinde elýeterli) doly görnüşini hem türkmen dilinde çap etmeli.

Biz näme edip bileris?

Dymmalyň. Öz başdan geçiren zorlugyň barada dil ýaryp, iň bolmanda zorlugy köpçülikleýin ýazgarsak, jemgyýetimizde zorluga "adaty" zat hökmünde garalmagyny azaldyp biler.

Çagalara gender deňligini öwredeli. Çagalara ýaşlykdan zorlugyň erbetligini we aýallar bilen erkekleriň deň hukulydygyny öwretsek, bu gelejekde zorlugy/sütemi kemeltmek üçin maýa goýdugymyz bolar.

Özümizi goraly. "Erkek talhan/näme etse haky bar", "Äriň diýeninden çykmaly däl", "Maşgalam/çagalarym üçin zorluga çydamly bolaýyn" ýaly düşünjeleri bir gapdala goýup, entek psihologiki zorluk (kemsitme, paýyş sözleri aýtmak) ýüze çykyp başlan wagty oňa garşy çykalyň, iň azyndan sözde gaýtargy bereliň. Belki, bu zorlugyň ýitileşmeginiň öňüni alyp biler.

Paýlaşaly. Her kim zorluk barada öz durmuş tejribesini mümkinçiligi boldugyndan sosial mediýada ýa web sahypalarynda paýlaşsa, tutuş jemgyýetde zorluk barada aç-açan aýtmaga zenanlarymyzy höweslendirdigimiz, zorlugyň erbet zatdygyny jemgyýetimiziň aňyna guýdugymyz, zorluk edijilere "Dur!" diýen çagyryşy berdigimiz bolar.

Aýlar Gurbanowa

Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir. Makaladaky pikirler redaksiýanyň garaýyşlaryna gabat gelmän biler.

  • 569 gezek okalan