Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ADAMYŇ SAGLYGY NÄDEREJEDE ÖZÜNE BAGLY?

  • Hekim
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.41 (17 Ses)

Adamyň durnukly ösüşi ilkinji nobatda onuň saglygyna baglydyr. Şonuň üçin hem sagdyn bolmak her bir ynsanyň islegidir. Adam öz saglygy barada alada edende, ilki bilen bilimine, ynanjyna we elýeter maglumatlara esaslanyp hereket edýär. Bu meselede bilimiň, ynanjyň we maglumatlaryň orny näderejede wajyp?  

Saglyk barada dogry karary kabul etmek üçin, degişli maglumatlaryň elýeter bolmagy juda wajypdyr. Maglumatlaryň ýetmezçiligi adamy "gözli kör" edip, onuň daşky we içki ýagdaýyny seljermäge, dogry baha bermäge päsgel berýär. Maglumatlaryň ýetmezçilik eden ýagdaýynda adam dogry netije çykaryp bilmän, "ederini bilmez" bolup galýar. Bu ýagdaýy Magtymguly atamyz şeýle çeper suratlandyrýar:

Bir gözli diýmese: "Garadyr, akdyr"

Kör pakyr kümüşi, misi näbilsin?

Haýsydyr bir mesele boýunça diňe bir maglumat elýeter bolanda, adam ony köre-körlük bilen kabul edýär ýa-da düýbünden kabul etmeýär. Emma maglumatlar köpdürli bolanda, adam olary öz ynanjyna görä saýlap alýar. Adam köplenç ynanjyndan daşary maglumatlary kabul etmeýär. Emma dürs delillendirlen maglumatlar täze ynanjy döredip ýa-da ozalky ynanjy syndyryp hem bilýändir. Şeýle ýagdaýlaryň bardygyna dürli ynanja we maglumatlara eýerýän adamlaryň hereketleri şaýatlyk edýär. Mysal üçin, käbir adamlar sagaldyş edaralarynda yzgiderli bejergi almak arkaly saglygyny dikeltmäge ýykgyn etseler, beýlekileri deňiz ýakasynda ýa-da tebigatyň gözel ýerlerinde dynç almak arkaly saglygyny berkitmegi ileri tutýarlar. Beýleki bir topar bolsa sagdyn iýmitlenmä we bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirmeklige sarpa goýýarlar. Tebiplere ýa-da lukmanlara yzygiderli gatnap dermanlaryň kömegi bilen saglygyny saklaýanlar hem bar. Hiç bir lukmana ýuz tutman, öz-özini dermanlar bilen bejermäge synanyşýan adamlara hem duş gelmek bolýar.

Ýöne haýsy ýol saýlanyp alynsa hem, adamyň saglygynyň näderejede onuň özüne baglydygy baradaky pikir hemişe oýlandyrýär. Bu meselede käbir adamlar saglygyň lukmançylyga baglydyr öýdüp, islendik nähoşlugy diňe lukmanyň kömegi bilen bejerip bolar diýen düşünjä eýerýärler. Şonuň üçin hem islendik sustupesligi ýa-da ýadawlygy kesel hökmünde kabul edip, lukmana ýüz tutýan adamlar hem bar. Maşgalada, işde we jemgyýetde adamyň daşynda döreýän moral psihiologik klimat sebäpli döreýän ýagdaýlary kesel hökmünde kabul edip, lukmanlara ýüzlenýän adamlara hem duş gelmek mümkindir. Onuň tersine "Gyzgynjak burçly unaş içsem sagalýaryn" ýa-da "Derdimiň başy howadan, gün gyzsa aýrylýar" diýip ýörenler hem bar. Dogrudan hem adamyň saglygy näderejede özüne baglyka? Geliň, statistiki maglumatlara ýüzleneliň.

Adamyň saglygynyň...

51,5%-mi durmuş ýörelgesine baglydyr

Adamyň saglygy onuň durmuş ýörelgesine: pikirlenişine, dem alşyna, iýmitlenşine, hereket edişine, beden we ruhy tämizlenişine bagly bolýar. Türkmençilikde adamyň pikir ýöredişiniň onuň ykbalyna täsiri barada aýdylýan pähimler bar. Mysal üçin, "Ýagşy niýet – ýarym döwlet" diýen pähimde sagdyn pikirlenip ýagşy niýet eden adamyň döwletli boljakdygy aýdylýar. Elbetde, döwletlilik düşünjesiniň düzümine ilkinji nobatda adam saglygy girýär.

Sagdyn pikirlenmek ukybyny azda-kände ýitiren adam kabul eden maglumatlaryny doly we dogry özleşdirip bilmeýär, netijeli karar kabul edip bilmeýär. Ol daşky gurşaw bilen gatnaşykdaky hereketlerde sazlaşygyň bozulmagyna ýol berýär. Ahyrky netijede bolsa saglygyna zyýan ýetirýär.

Adamyň iýmitlenişiniň saglyga täsiri has-da aýdyň ýüze çykýar. Ilkinji nobatda kabul edilýän iýmit maddalaryndan alynýan kuwwatlylygyň mukdarynyň adamyň sarp edýän kuwwatyna laýyk gelmegi juda wajypdyr. Alymlar adam organizminde 60 himiki elementiň bardygyny tassyklaýarlar. Olaryň hemmesi hem belli bir mukdarda madda çalşygyna gatnaşýarlar. Şol çalşygyň hasabyna hem ýaşaýyşyň bütin dowamynda beden we nerw öýjükleri yzygiderli täzelenip durýär. Diýmek, her bir täzelenişde sarp edilen elementleriň öwezini iýmit maddalary arkaly doldurmaly bolýar. Bu zerurlygy kanagatlandyrmak üçin bolsa adama iýmit maddalarynyň köpdürlüliginiň gerekdigi gelip çykýär. Iýmitlenmek meselesinde adam kabul eden maglumat akymyny özleşdirmek esasynda daşky gurşawa dürli täsir edýär. Mysal üçin: "Görk agyzdan" diýen maglumata ynanan adam iýermen bolup, onuň netijesinde artykmaç agramly bolmagy mümkindir. Tersine, eger "Bogazy bogmasaň, bogaz düýäni hem ýuwdar" diýen nakyla uýýan adam hemişe dogry iýmitlenmäge çalyşar. Bu ýagdaýda hem dürli maglumatyň bardygy sebapli adam özüniň bilimine, tejribesine we ynanjyna görä özi karar kabul edýär.

20%-mi nesil yzarlaýjylyga baglydyr

Adam nesilyzarlaýjylyk sebäpli ýüze çykýan alamatlara täsir edip bilmeýär. Emma alamatlaryň diňe genler arkaly däl-de, endige öwrülen häsiýetler arkaly hem nesle geçýändigini hasaba alsak, onda, adamyň şol alamatlaryň indiki nesle geçmeginiň öňüni almak mümkinçiligi bardygy belli bolýar.

20%-mi daşky gurşawyň ýagdaýyna baglydyr

Daşky gurşawyň ýagdaýynyň gowulanmagy ýa-da erbetleşmegi adamyň özüne baglydyr. Elbetde bu örän çylşyrymly mesele, ýöne her bir şahsyýetiň jemgyýetiň agzasydygyny hasaba alsak, onda onuň daşky gurşawa täsir etmek mümkinçiliginiň bardygyna göz ýetirersiňiz.

8,5%-mi lukmançylyga baglydyr

Adam saglygynyň lukmançylyga baglylygy meselesine garamakdan saklanýaryn. Lukmançylyk epidemiýa keselleri ýüze çykanda, döwük-ýenjik, zäherlenme, hirurgiýa zerurlygy we beýleki tiz kömegiň zerur ýagdaýlarynda adamyň saglygyny goramaga ukyplydyr.

Şeýlelikde, adamyň saglygy diňe 8.5% ýagdaýda özüne bagly däl. Galan 91.5% ýagdaýlarda adamyň öz saglygy ugrunda göreşip, oňa oňaýly tasir etmäge mümkinçiligi bardyr. Bu mümkinçiligi dogry peýdalanmak üçin, adam ilkinji nobatda saglyk hakynda habardarlylygyny, bilmini we tejribesini yzygiderli artdyrmaga çalyşmalydyr.

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2

  • 4005 gezek okalan

Teswirler (4)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Okyjy.

Makalada bellenilişi, bilşimiz ýaly her adamyň saglygy esasanam, onuň durmuş ýörelgesine bagly Şol durmuş ýörelgesini biz berjaý edýärismi? Mysal üçin dogry iýmitlenýärismi, zyýanly endiklerden çeke durýarysmy, ýeterlik hereket edýärismi......

Makalada bellenilişi, bilşimiz ýaly her adamyň saglygy esasanam, onuň durmuş ýörelgesine bagly Şol durmuş ýörelgesini biz berjaý edýärismi? Mysal üçin dogry iýmitlenýärismi, zyýanly endiklerden çeke durýarysmy, ýeterlik hereket edýärismi... Elbetde sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý edemizok. Onsoň saglyk bolarmy! Öz elimiz, hereketimiz bilen bilen kesel gazanyp, saglygy lukmanlaryň kabylhanasyndan gözleýäris.

Dowamy
 
  1. Tolkun

Köp maglumatlar esasynda saglygy gowylandyrmak mümkin bolaýjak ýaly bolsada, nesil yzarlaýan keseller juda ýagdaýy kynlaşdyrýar.

 
  1. Yzçy

"Saglygym-baýlygym" diýip aýdylan söze düşünäýmeli ýaly welin, köp adamlary durmuşda biperwaýlylyk, geleňsizlik köseýär.

 
  1. Sapar köse.

Adam saglygynyň näderejede özüne baglydygy hakynda beren maglumatyňyz üçin köp minnetdar. Ýerine düşen zat. Bu hakynda her adam okap, özüçe many çykaryp bilse ol örän artykmaç bolardy.

 

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location