Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ZIBILHANALARYŇ GOLAÝYNDA ÝAŞAMAK HOWPLYMYKA?

  • Hekim
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.72 (18 Ses)

Ekologlaryň tassyklamagyna görä, zibilhanalaryň golaýynda ýaşamak adam saglygy üçin howpludyr. Howply ýagdaýy zibilhanadaky garyşdyrlyp taşlanan zibiller özara tasirleşende emele gelýän awuly maddalar we dargama önümleri döredýärler.

Obalarda ilat sanynyň yzygiderli köpelmegi, şeýle hem durmuşda we hojalykda ulanylýan harytlaryň görnüşleriniň, mukdarynyň artmagy zir-zibilleri ýygnamak, zyýansyzlandyrmak meselelerini barha çylşyrymlaşdyrýar. Ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary tarapyndan ýörite bellenen zibilhanalaryň we olary zyýansyzlandyrmagyň tehnologiýalarynyň, zibilleri daşaýan ulaglaryň ýok ýerinde adamlar özleriçe guramaçylyksyz hereket edýärler. Zibiller gündelik ýygnalmansoň obada her hojalygyň gabadynda köçäniň gyrasynda kiçijik zibilhana döreýär. Oňa dürli ýuwundylary, egin-eşik ýuwlandaky kir suwlary, elektrik lamoçkalary, batareýkalary, derman galyndylaryny, pastik gaplary, konserwa gapyrjaklaryny we beýleki durmuş galyndylaryny taşlaýarlar. Zeýkeşe golaý ýaşaýan hojalyklar bolsa zeýkeşleri zibilhanalara öwürýärler. Kä halatlarda bolsa oňa mallaryň galyndysyny, haram ölen mallaryň we guşlaryň maslyklaryny hem taşlaýarlar.

Bu taşlantgylaryň hemmesi diýen ýaly aktiw himiki maddalardyr. Sähelçe çyglylygyň we temperaturanyň bolan ýerinde garyndy maddalar özara täsirleşip başlaýarlar. Täsirleşmäniň netijesinde bolup geçýän himiki reaksiýalar kesel dörediji bakteriýalaryň çalt köpelmegi üçin amatly şertleri döredýär. Ilkinji nobatda organiki galyndylar dargap başlaýarlar. Olaryň ýerde çüýremeginiň netijesinde emele gelýän radon gazy reňksiz, yssyz, onuň üstesine hem radioaktiwdir. Onuň bardygyny duýup bolmaýanlygy üçin, bu gaz juda howpludyr. Radon howada ýaýrap, kislorod bilen adamyň öýkenine düşse, ol ýerde saklanýar we öýkende maýdaja ýaralary emele getirýär. Eger radonyň konsentrasiýasy ýokary bolsa, adamda düwnük (rak) keselini döredip biler. Radona ilkinji nobatda jyns, gan emele getiriji we goraýjy öýjükler durumsyzdyrlar. Radon aýratyn hem göwreli gelinlere güýçli täsir edýär. Radondan bary-ýogy bir gezek dem alanda, olaryň başy aýlanyp, ýüregi bulanyp başlaýar. Radonyň reňksiz we yssyz bolany üçin gelinler ýüregi bulanmanyň sebäbini başga ýerden gözläp başlaýarlar. Radondan başga hem zibiller darganda kükürtwodorod, ammiak, metan ýaly zäherli gazlar we adam saglygy üçin howply bolan dioksin maddasy emele gelýär.

Özünde simap saklaýan lýuminessent lampalaryň, akumlýator batareýalarynyň, konserw gapyrjaklaryň, reňk önümleriniň we beýleki käbir sintetik önümleriň dargamagyndan emele gelen zäherli maddalar, ýagny demriň, gurşunyň, sinkiň we beýleki agyr metallaryň duzlary ýagyş, gar suwlary arkaly topraga siňýärler-de, baryp ýerasty suwlara goşulýarlar. Akar suwlaryň ýetmezçilik edýän ýerlerinde ýerasty suwlary içmek üçin peýdalanýan hojalyklar hem bar.

Ýel uniwersitetiniň Nýu-Ýork ştatynyň saglyk departamenti bilen bilelikde geçiren barlaglaryna görä, zibilhanalaryň golaýynda ýaşaýan göwreli aýallaryň dogabitdi kemçilikli çagalary dogurmak howpy ýüze çykarylypdyr. Alymlar 27115 bäbegiň saglygyny barlap, zibilhananyň 1,5 kilometr töwereginde ýaşaýan aýallaryň keselli çaga dogurmagynyň ähtimallygynyň beýlekilerden 12% ýokary bolýar diýen netijä gelipdirler. Soňky seljermeler zibilhanalaryň golaýynda ýaşamagyň nerw ulgamynda näsazlygyň döremeginiň ähtimallygynyň 29%, süňk-myşsa ulgamynda 16%, deride bolsa 32% ýokarlanýandygyny görkezipdir.

Şuňa meňzeş barlaglary Beýik Britaniýada müňden gowrak bäbeklerde geçirilende awuly zibilhanalaryň 3 kilometr töwereginde ýaşan eneleriň dogran çagalarynda ýürek kemçiliginiň, oňurga gyşarmasynyň ýüze çykmagynyň ähtimallygynyň ýokarlanýandygy anyklanypdyr.

Agzalan delillerden çen tutsaň, onda zibilleri ýerlemegiň, zyýansyzlandyrmagyň ýa-da gaýtadan işlemegiň näderejede wajypdygy aýdyň görünýär. Obalarymyzda şäherleriň töweregindäki ýaly ägirt uly zibilhanalar bolmasa hem, bir howlynyň içinde lagym suwy akdyrylmaýan hajathananyň, zibilhanajygyň, mal ýatagynyň we guýynyň bolmagy bu meselä degişli ünsi bermekligi talap edýär. Käbir adamlar ýagdaýdan çykalga hökmünde zibilleri otlaýarlar ýa-da toprak bilen gömýärler-de, şu usulda ondan dynandyryn öýdýärler. Emma garyşyk zibiller ýalynlap ýanmaýar-da, tüsseläp ýanýar. Netijede, doly ýanmadyk oksidlenme önümleri gara tüsse görnüşinde töwerege: howa, suwa we topraga ýaýrap, daşky gurşawy hapalaýarlar. Esasy oksidlenme önümleri bolan azodyň we kükürdiň ikili oksidleri dem almak arkaly adam organizmine düşende ganyň düzümindäki gemoglobini metgemoglobina öwürýärler. Netijede organizmde ýiti kislorod ýetmezçiligi döräp, demgysma başlanýar. Mundan başga hem zibilleriň külünde emele gelýän kadmiý, simap, gurşun ýaly agyr metallar, benzol, fenol ýaly organiki birleşmeler adam organizmi üçin aýratyn howpludyr.

Diňe bir zir-zibiller däl, hatda ekin meýdanlarynda ösümlik galyndylaryny otlamak hem daşky gurşaw üçin zyýanlydyr. Iň bärkisi otlanan ýerde ýokary temperaturanyň täsiri bilen toprakdaky ähli mikroorganizmler ölüp uzak wagtlap şol ýerde ösümlik gögermeýän bolýar. Şu sebäpden bolsa gerek, "Sary öküziň ýatan ýerinde ot bitmez" diýen atalar sözi ojakdan başga ýerde ot ýakmazlygy ündeýär.

Eger zibilleri toprak bilen gömseň, onda oksidlenme prosesi haýal geçip, dargama önümleriniň zäherli täsiri has-da uzak wagtlap saklanýar. Eger zibiliň gömlen ýerine suw gelse ýa-da ýagyş, gar ýagsa, ýene-de ýerasty suwlar hapalanýar. Bu ýerde bir zady berk bellemek gerek: atomlar näme etseň-de, ýok bolup gitmeýärler, olar diňe ornuny täzeleýärler. Bize bolsa olaryň adam saglygyna zyýansyz ýerde durmasy gerekdir. Ol ýer bolsa zibilleri peýdaly maksatlar üçin ulanmakdyr.

Obalarda zibilleri ýerlemek we gaýtadan işlemek bir adamyň ýekelikdäki işi däldir. Oňa ýerli öz-özüni dolandyryş edaralary bilen bilelikde ähli raýat jemgyýetiniň wekilleri gatnaşmalydyrlar. Olaryň gatnaşygy oba Geňeşiniň arassaçylyk baradaky toparynyň üsti bilen amala aşyrylýar. Eger obalarda zir-zibilleriň otlanyp duran ýagdaýlaryna duş gelseňiz, onda bu howply ýagdaýyň öňüni almak üçin oba Geňeşine, Arçyna ýa-da onuň işgärlerne ýüz tutmaly. Geňeş düzgün bozmalary administratiw çäreler arkaly düzgünleşdirmäge borçludyr.

Ösen ýurtlarda zir-zibiller garyşdyrman aýratynlykda ýygnalyp ony gaýtadan işleýärler. Netijede zibillerden ýangyç üçin gaz, ekinler üçin dökünler öndürilýär. Plastmassa ýa-da polietilen galyndylary bolsa gaýtadan işlenip täzeden önümçilige goýberiýär. Lagym suwlary hem arassalanyp, zyýansyzlandyrylyp gaýtadan suw çeşmelerine akdyrylýar. Şeýlelikde bu işleriň çykdajylarynyň belli bir bölegini raýatlar töleýärler. Şeýle edilende her bir raýat umumy meseläni çözmäge gatnaşyp, bu işe gatnaşýanlaryň ählisiniň jogapkärçiligi ýokarlanýar. Şeýlelikde, täze iş orunlary döreýär, zibilhalalar bolsa peýdaly pudaga öwrülip, adam saglygyna howp salmasyny bes edýär. Zibilleri gaýtadan işlemegiň döwrebap tehnologiýalarynyň jikme-jikleri barada bolsa geljekki makalamyzda aýratyn durup geçeris.

Indi bolsa makalamyň başynda berlen soragyňa jogabyny dykgatyňyza hödürleýärin: zibilhanalaryň ýa-da zibilhanajyklaryň golaýynda ýaşamak adam saglygy üçin howpludyr. Bu howpdan goranmak üçin, ilkinji nobatda obalarda we şäherlerde arassaçylygy berjaý etmelidiris. Bu işlerde aýratyn hem ýaşlaryň orny uludyr. Çünki mekdepde we beýleki okuw jaýlarynda okaýan ýaşlar himiki maddalaryň öwrülişiginiň, adam organizmindäki madda we gaz çalşygynyň manysyna oňat düşünýärler. Mekdepde we beýleki okuw jaýlarynda alnan ekologiýa bilimleri ynanja öwlrülende hem-de şol bilimleri peýdalanmaga zerurlyk dörände hereket başlanýar. Zibilhanalary zyýansyzlandyrmak hem çözülmegi zerur bolan wajyp meseledir. Ýaşlaryň bu ugurdaky hereketi zibilhanalaryň daşky gurşawa ýaramaz täsirini aradan aýryp, zibilhanany bolsa zibilleri gaýtadan işlemegiň hasabyna ykdasady peýda berýän pudaga öwrüp biler.

Ulanylan WEB Salgylar: 1 / 2 / 3

  • 6040 gezek okalan