Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

JEMGYÝET DURMUŞY: AÝAL-GYZLAR NÄME ÜÇIN JELEPÇILIK BILEN MEŞGULLANÝARLAR?

  • Maral Nazarowa
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.74 (219 Ses)

Biziň jemgyýetimiz jelepçilik nogsanlygy barada söz açmany halanok. Ilatyň aglaba böleginiň meseläniň düýp sebäpleri baradaky duşünjesi gaty pes bolup durýar. Adamlaryň jelepçilik bilen meşgullanýan aýal-gyzlara dürli garaýşy bar: biri ýigrenç bilen garasa, beýleki bir adam olaryň "işine" geň galýar, üçünji biri bolsa äsgermezlik bilen seredýär. Taryhda ähli jemgyýetlerde duş gelen we dürli derejede gülläp ösen bu "gadymy kär" türkmen aýal-gyzlarynyň arasynda giňden ýaýraýana meňzeýar.

Biziň herimizde: "Eýsem olar bu käri näme uçin saýlap aldylarka? Olar nämäniň gözleginde bolup şunuň ýaly durmuşa kaýyl bolýaka?" – diýen soraglar doreýandir. Elbetde, jelepçilik bilen meşgullanýan aýal-gyzlar tenini pula ya-da zat almak maksady bilen satýarlar. Biziň köpümiz jelepçilik bilen meşgullanýan aýal-gyzlar diýlende ýarym ýalaňaç, açyk geýim-eşikde, erkek adamlara näz-kereşme edýän, jelephanalarda işleýan ya-da koçelere çykyp duran aýallar gözümiziň öňümize gelýar. Yöne şunuň ýaly aýal-gyzlar dürli toparlara bölünýärler. Jelepçilik bilen yaş gyzam, alty çagaň enesem meşgul bolup bilerler. Olar jelephanada, klubda, restoranda, köçede öz iş beren hojaýyny bilen (sutener) bilelikde ya-da öz oýunde işleýärler. Şular ýaly aýal-gyzlary bir zat birikdirýär – olar çykgynsyz we agyr durmuş ýagdaýda, pulyň gözleginde bolup tenini satýarlar. Jelepçilik bilen meşgullanýan türkmen aýal-gyzlaryň aglaba bölegi başga ýurtlardada bu kär bilen meşgullanýan aýallar ýaly gazanç etmäni isleýärler.

Köp aýal-gyzlar özlerini jelep diýp hasaplamasalar hem, olar öz tenini zat almak uçin satýarlar, meselem, jaý almak, işe durmak, çagalaryny eklemek uçin. Elbetde, olar bu hyzmatlary öz ýaramaz ykdysady ýagdaýlaryny gowulandyrmak uçin ulanýarlar. Bu toparada girýän aýallar jelepçilik bilen meşgullanýan aýallar bilen deň derejede birmeňzeş kynçylyklar bilen ýuzbe-ýuz bolýarlar.

Biziň jemgyýetimiz jelepçilik bilen meşgullanýan aýallary haýasyz, ahlak taýdan bozuk, ýalta diýip hasaplaýar. Aýallary bu ýagdaýa durmuşda ýüze çykýan maddy kynçylyklary iterýär. Aýallar alan haklaryny iýmite, ýaşar ýaly jaýyň tölegine, çagalaryny we maşgalalaryny eklemäge, derman almaga, bergilerini üzmäge harç edýärler. Aýalyň adamsy ýogalanda, aýrylşanda ýa-da adamsy we maşgalasy ondan bir sebäp bilen yüz öwren halatlarynda döreýän agyr maşgala-ykdysady ýagdaýlary jelepçilik bilen meşgullanmaga itergi berip biler. Durmuşa çykmadyk gyzyň zorlanmagy ýa-da onuň aldawa düşmegi netijesinde  islenilmedik göwreliligiň ýüze çykan halatlarynda hem, ýaş gyz özüne hiç kimiň öýlenmejegini duýup, "öz göbegini özi kesmeli bolýar". Aýalda hiç hili iş, eklenç etmäge mümkinçilik bolmasa, ol ýeke-täk çözgut höküminde öz ýgtyýarynda galan  bir zady – öz tenini hödürlemegi çykalga hasaplaýar.

Ikinji topara jelepçilik bilen meşgullanmaga zorluk bilen boýun edilen aýal-gyzlary degişli edip bolar. Köplenç aýallar ýokary tölegli iş tapma hyýaly ýa-da baý adama durmuşa çykmak islegi sebäpli aldanyp gulçulyga satylýarlar. Bu aýylganç ýagdaýda olar üznüksiz jynsy we fiziki zorluklara sezewar bolýarlar. Ýaş aýal-gyzlar bikanun ýagdaýda başga bir ýurda aldanyp äkidilýärler we olar hemme hukuklardan, pul harajadyndan we oýe dolanyp gaýtmak hukugyndan mahrum edilýärler. Iş bilen üpjün etmegi boýun alyp aldap äkiden adam, aýaly yzyna gaýtsa öldürjekdigi barada haýbat atyp gorkuzýar. Aýal jynsy gatnasyklaryň guluna owrülýär.

Jynsy gatnaşyklaryň üsti bilen geçýän keseller, AIW ýokançlygy, islenilmedik göwrelilik we zorluk.

"Gadymy kär" bilen meşgullanýan aýal-gyzlara jynsy gatnaşyklaryň üsti bilen geçýan keselleriň we AIDS keseliniň geçmeginiň howpy artýar. Aýal jynsy gatnaşyklary geçirmek üçin howpsuz usullary (meselem, prezerwatiw) ulanaýan ýagdaýynda hem, ol bu çözgüdini oňa töleýän erkek adam bilen ylalaşdyrmaly bolýar. Köplenç ýagdaýlarda erkek adam beýle haýyşy kanagatlandyrmaýar.

Jelepçilik bilen meşgullanýan aýal-gyzlaryň arasynda neşekeşler hem duş gelýär. Şeýle ýagdaýda olar neşe satyn almak maksady sebäpli goragsyz, howply jynsy gatnaşyklara mejbur edilýärler. Bu ýagdaýda olaryň öz saglygy barada pikir etmäge mumkinçilikeri hem bolanok.

Aýal-gyzlaryň sezewar bolýan jynsy gatnaşyklary arkaly geçýän keselleri (merezýel, sözenek, uçuk, hlamidioz, papillomawirus ýokançlygy, AIDS we başgalar) jyns agzalaryň alawlama kesellerine, önelgesizlige, ýatgynyň boýunjygynyň rak keseline getirip bilerler. Bu kär bilen meşgullanýan ýaş gyzlarda bolsa, önelgelilik ulgamynyň kämil däldigi sebäpli, has düýpli fiziologiki näsazlyklaryň döremegi ähtimaldyr.

Köp aýal-gyzlar bu howply keselleriň barlygyndan bihabar bolýarlar. Olar kadaly lukmançylyk barlagyny geçmäge mümkinçilik tapmaýarlar, lukmana baraýan ýagdaýlarynda hem kesel ötüşen tapgyrda anyklanylýar. Bizde bu aýal-gyzlar bilen işleýan ýorite lukmanlaryň ýoklugyny hem bellemelidir. Köp halatlarda lukmanlar şunuň yaly aýallara ýigrenç, ynamsyzlyk bilen garaýarlar we olara kadaly bejeriş çärelerini geçirmegi islänoklar.

Şu kär bilen meşgullanýan aýalda göwreliligiň öňüni alyş serişdeleri barada doly we dogry maglumat bolmadyk ýagdaýynda, ol islenilmedik göwreliligiň öňüni alyp bilmeýär. Aýal göwrelilik döwründe jelepçilik bilen meşgullanan ýagdaýynda, ol öz entek bolmadyk çagasynyň saglygyny uly howp astyna salýandyr. Şeýle aýallaryň arasynda geçirilýän abortlaryň sany, ylaýta-da, bikanun, gizlin (kriminal) edilýän abortlaryň derejesi ýokarydyr.

Köp ýagdaýlarda jelepçilik bilen meşgullanýan aýal zorlugyň pidasy bolýar. Ol fiziki we emosional zorluga erkek tarapdan sezewar edilip, urulýar, zorlanýar we zatlary ogurlanýar. Köp halatlarda olar jynsy gatnaşyklary gödek we kemsidiji ýagdaýlarda alyp barmaga hem mejbur edilýär. Ençeme ýurtlarda jelepçilik bikanun iş hasaplanylýar. Şu sebäpli köp halatlarda olar öz adam hukuklaryndan mahrum edilýarler we ýerli hukuk goraýjy işgärleri tarapyndan hiç hili kömek we gorag alyp bilenoklar. Kä ýagdaýlarda aýal gazanan pulunyň uly bir bölegini polisiýadan gorag tapmak uçin tölemeli bolýar. Olar polisiya işgärleri tarapyndan hem tutulyp, dürli kemsitmelere sezewar edilip bilýärler.

Maňa bu ýagdayýň näme dahyly bar?

Ýokarda aýdylanlary okap siz: "Men bu kynçylyga näme uçin kellämi agyrtmaly? Maňa onuň näme dahyly bar?" diýip, ör-gökden gelmegiňiz hem mümkin. Bir zady bellemek welin möhümdir. Jelepçiligi höwes bilen kär höküminde saýlap alýan aýal gaty az bolsa gerek. Esasan hem jelepçilik bikanun iş hasaplanýan ýurtlarda bu kär bilen meşgullanma howatyrly bolup durýandyr. Agyr maşgala durmuşy we durnuksyz jemgiýetçilik-ykdysady şertler köp aýal-gyzlary bu howply käri saýlamaga mejbur edýär.

Eýsem-de bolsa, bu käri saýlap alan aýal-gyzlar ýigrenje, ýazgarylma mynasypmy ýa-da kömege, goldawa mätäçmikä? Belki-de, erkek adamlaryň höküm sürýän jemgyýetinde bu adaty, bolmaly ýagdaýdyr? Ýöne ol aýal-gyzlaryň hem enedigini, uýadygyny, ýanymyzda ýaşaýan goňşydygyny unutmasak adalatly bolardy...

Maral Nazarowa
Türkmen aýal-gyzlarynyň durmuşyna synçy.

P. S. Makalada beýan edilýän pikirler hem-de garaýyşlar awtoryň özüne degişlidir.

  • 52418 gezek okalan

Teswirler (57)

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
  1. Azat

Erkek erkek ýerinde dursa hiç bir gapyda kuntiçilik bolmaz erkek seretmeli aýal gyzlara özüne erkek diýän bolsa bagyşlan oglanlar gyzlaram kä bir erkek bar gyzam gowyda sonan şondaky erkegin bar ýerinde onam gyz näme edsin kanesne haramçylyk...

Erkek erkek ýerinde dursa hiç bir gapyda kuntiçilik bolmaz erkek seretmeli aýal gyzlara özüne erkek diýän bolsa bagyşlan oglanlar gyzlaram kä bir erkek bar gyzam gowyda sonan şondaky erkegin bar ýerinde onam gyz näme edsin kanesne haramçylyk keýip ederdä bir günim sat geçsin diýip.679119

Dowamy
 
  1. Azat

Bää merjen zorlasalar hiç kim kömek edmedimi ýa özüň Edip zorladylar diýýäňmi gyz gotini bulasa erkek yzyna düser kelänizi isledin
gyzjagazlar

 
  1. Kemran

hey bolyadey merjen nomerinj okla

 
  1. Myrat

Bolsa habarlasyn

 
  1. Myrat

Burden men diiyyan gyzlarym bar boost habarlasyp bolya 862 35 80 79

 
  1. Myrat

Aye name bizede keypad dogrysyny aytsan

 
  1. Aýlar

Hökman bihaýa ýol bilen pul gazanmalydäl halal zähmet çekip hem çaga ekläp bolýara.cagañ bar bolsa ulalara o çaga ejesiniñ nähili ýol bilen pul gazanýanyny bilse öz deñ duşunyñ ýanynda boýny bükük galar çagañyzam düşinmeli. Oñat terbiýe bilen...

Hökman bihaýa ýol bilen pul gazanmalydäl halal zähmet çekip hem çaga ekläp bolýara.cagañ bar bolsa ulalara o çaga ejesiniñ nähili ýol bilen pul gazanýanyny bilse öz deñ duşunyñ ýanynda boýny bükük galar çagañyzam düşinmeli. Oñat terbiýe bilen ulalytmaly çagany çünki çagalar biziñ geljegimiz

Dowamy
 
  1. MERJENKA SEKS

MARAL NAZAROWA

 
  1. MERJEN

MARAL NAZAROWA SIZIN PIKIRINIZ NAM MEN HAKDA

 
  1. MERJEN

Yazynda haýyş okap çykman

 
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location