Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

MAŇA GULAK ASYŇ!

  • Maral Nazarowa
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.88 (25 Ses)

Başga adamlara açyk we dogruçyl äheňde özüňi gyzyklandyrýan zat barada garaýşlaryňy, islegiňi aýdyp bilmek nämäni aňladýar? Bu seniň şahsy mertebäňi ýokary tutmak, özüňe bolan ýnamyň we hormatyň görkezijisi bolýar. Mundan başga-da, bu seniň daş-töweregiňdäki adamlar uçin seni tanamana, gowy düşünmäne mümkinçilik döredýär. Başgaça aýtsak, pikiriňi anyk yglan edip bilmek söhbetdeşiňe şeýle diýmekdir: "Meni diňle, meňiň dünýägaraýşymy we duýgularymy hasaba al. Belki sen meň garaýşlarymy özüňki ýaly gowy we dogry däl diýip hasaplaýansyň. Ýone nähili bolanda-da meniň pikirlerim diňlenmäne mynasyp".

Öz pikirlerini, isleg-arzuwlaryňy takyk aýdyp bilmeýän adamlar töweregindäki adamlar bilen doly, manyly aragatnaşyga girişip bilenoklar. Adamlar olary "passiw", "geplemezek" diýp hasiýetlendirýärler. Munuň ýaly adamlar öz isleg-arzuwlaryna ýetip bilmän öz ýanlaryndan gaharlansalar, daş- töweregindäki adamlarda olar bilen düşünişmezlik we üzňelik duýgulary güýjeýär.

Ýone diňe öz aýdanlaryny dogry hasaplaýan adamlar hem, özlerini agressiw alyp barmaklarynyň netijesinde başga adamlardan üzňelige düşýärler. Olar ýzygiderli "gorkuzmalar" bilen, öz pikirleriniň başgalaryň pikirlerinden wajyplylygy, gymmatlylygy barada yglan edip, daşyndaky adamlary özlerinden çetleşdirýärler. Şunuň ýaly adam, başga adamyň pikirini öz pikiri ýaly dogry, ýürekden aýdylýan pikir diýp hasaplanok we kabul etmegi başaranok.

Hawa, başga adamlaryň pikiri hasaba alynmadyk, çynlakaý diňlenilmedik wagtynda, netijeli söhbetdeşlige, pikir alyşmaga we bar bolan kynçylygy çözmäne bolan mümkinçlik bütünleý ýitirilýär. "Men, men" diýip diňe öz garaýyşlaryny dogry hasaplamak agyr ýagdaýy döredýär. Beýle ýagdaýda agressiw adamyň pikiri dogry bolaýanda-da, töweregindäki adamlarda oňa bolan ýigrenç döreýär.

Özüni agressiw alyp barýan adamlaryň söhbetdeşi olaryň "diňe meň pikirim" diýip alyp barýan monologyny özüniň üstünden gülmek, kemsitmek, hüjüm etmek we gorkuzmak ýaly kabul etmekleri mümkindir. Şu ýagdaýda söhbetdeş hüjüme ya-da özüni goramak usulyny saýlamaga ymtylmaga, kähalatlarda aragatnaşyk saklamakdan ýüz öwürmegi hem mümkindir. Şeýle ýaramaz, gorkuly ýagdaý dowam edende, iki tarap hem biri-birini eşitmeýär. Siz şuňa meňzeş ýagdaýlara düşüp gördüňizmi? Özüňizi nähili alyp bardyňyz?

► Siz söhbetdeşiňiziň pikirleri we duýgulary barada göni özünden soraň. Çaklamalar, gep-gybatlar esasynda başga adamyň pikirlerini we düýgularyny kesgitlemekden çetde duruň. Eger bir sebäp bilen sorap bilmeýän bolsaňyz, belki soramazdan öň bu zatlar barada pikirlenersiňiz? Näme uçin siziň söhbetdeşiňiz şiz bilen aragatnaşyk etmäniň şeýle ýoluny saýlap aldyka?

► Öz pikirleriňe düşündiriş tapjak bolmak, olary aklamak hökmanmy? Mümkin siz diňe "bagyşlaň, biziň durmuş tejribämiz, garaýyşlarymyz deň gelenok. Şonuň üçin hem biz bu mesele barada dürli ugurlary eýeleýäris" diýip bellärsiňiz?

► Agressiw herekete geçmän ýa-da çendenaşa öz garaýşlaryňyzy düşündirjek bolup ötünç soraýan ýaly bolman, öz pikirleriňizi söhbetdeşiňize nähili aýdyňlaşdyryp bilersiňiz?

Bir zady anyk düşünmek gerekdir. Siziň razylygyňyz bolmasa, hiç kim Siziň pikirleriňizi, garaýyşlaryňyzy nädogry, manysyz we hakykatdan daşlaşan diýip yglan edip bilmez. Eger siz dörän ýagdaýa degişli maglumatlary inkär etmän, bu babatda doly habarly bolsaňyz, diňe Siz öz pikirleriňizi we duýgularyňyzy nädogry ýa-da hakyky däl diýip yglan edip bilýäňiz. Bäşga adamlaryň pikirlerini, duýgularyny ret etjek bolanyňyzda hem şu barada pikirleniň!

Maral Nazarowa.
 

  • 4867 gezek okalan