Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

KANUNLAŞDYRYLAN GALYŇ

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.18 (33 Ses)

Türkmen medeniýetinde we jemgyýetçilik durmuşynda ägirt uly ýer tutýan galyň meselesi, häzirki günlerde gelip çykyşy we häzire çenli nädip saklanyp gelendigi hakynda sorag astyna alynýar. Soňky döwür Soraglaryň sanynyň köpelmegine täsir ýetirýän üýtgeşiklikler bar. Şünuň bir sebäbi – ösüp barýan tehnologiýa we munuň netijesinde internet arkaly ýaýraýan sosial ulgamlar. Şol ulgamlarda türkmen oglan-gyzlarynyň galyňy tankytlap ýa-da goldap pikir alyşmalary geçirilýär. Bu bolsa galyň hakynda has köp pikirleriň orta çykmagyna sebäp bolýar. Beýleki uly täsirlerden biri bolsa, Türkmenistanyň daşary ýurtlary we medeniýetleri bilen artdyrýan aragatnaşyklarydyr. Türkmenistanyň daşary ýurtlar bilen gatnaşyklarynyň we syýasatynyň ýaýbaňlanmagy esasynda täze ýagdaýlar, başga ýurtlaryň däp-dessurlary bilen tanşylyp başlandy. Beýleki medeniýetleri tanamagyň we olaryň täsirinde galmagyň öz däp-dessurlarymyzyň önümleriniň biri bolan galyňy has ýokary ses bilen sorag astyna almaga itergi beren bolmagy hem ahmal. Sebäbi soňky ýyllar bolaýmasa, ondan öň hem galyň hemişe sorag bolup galmazyndan öte geçip bilenokdy. Bu makalada men galyň we galyňyň agyr ýüküni azaldyp biljek döwlet gözegçiligine hem-de galyňyň ýerini tutup biläýjek jemgyýetçilik özgerişlerine ser salmakçy.

Galyň puly, iki maşgala arasynda, hiç bir döwlet edaralaryna dahylly bolman bir maşgaladan beýleki maşgala geçýär. Galyňdan döwlet hiç hili salgyt girdejisini alyp bilmeýär. Ýagny galyň puly aslynda ýönekeý raýatlaryň arasynda hereketde galýar. Has ýakyndan seredilse, galyňyň özi bir ykdysady ulgama eýe bolup, men ony "Galyň ykdysadyyeti" diýip atlandyrmagy makul bildim. Ýagny "Galyň ykdysadyýeti" diýip, ilkinji gezek atlandyrylyp bilinjek ykdysadyýet görnüşi, jemgyýetdäki pul we mal dolanşygyny käwagt haýalladyp, käte tizlendirip biljek ulgama aýdyp bolar. Elbetde, bazardaky önümlerin, mallaryň bahalarynyň we mukdarlarynyň, ýaşlaryň köplenç toý edýän pasyllaryna, galyň sebäpli dolanşykda bolan pula görä ýokarlanmagy ýa-da peselmegi hem ahmal. Galyň niýetine berilmeli pul we onuň garşylygynda alynmaly goşlar köplenç bazarlaryň tizlenmegine ýetirýär. Galyňyň jemgyýetde toý etjek ýaşlaryň we olaryň maşgalalarynyň omzuna maddy taýdan uly ýük bolup salynmagy käbir islenilmeýän, ýaramaz netijeleri hem özi bilen bilelikde getirýär. Olardan biri bolsa ene-ata, ýagny hossarlaryň razyçylygy bolman, diňe gyzyň razy bolmagy bilen gyzyň öýünden alyp gaçylmagyny we maşgalalaryň arasynda ýüze çykma ähtimallygy ýokary bolan gapma-garşylyklary hem mysal höküminde getirse bolar. Galyň sebäpli öz söýgüli ýary bilen durmuş gurup bilmän, ruhy taýdan goldawa garaşýan ýaşlar hem az däl.

Galyňyň sosial, ykdysady durmuşymyza ýetirýän täsirleriniň biri, deňsizlikleriň we sosial gatlaklaryň köpelmegi we bu deňsizlikleriň berkemegidir. Maddy taýdan ýagdaýy gowy bolmadyk maşgaladaky oglanlaryň öz maşgalalaryna görä has oňat ýagdaýda bolan maşgalalardan gyz almaklyklary kynlaşýar. Jemgyýetiň içinde synplaryň, gatlaklaryň arasyndaky tapawudyň we aralygyň has hem açylmagyna hem-de aňsat düzedip bolmajak ýalňyşlyklara sebäp bolup biler. Il-ýurt parahatçylygyny dowam etdirjek faktorlardan biri – synplaryň we gatlaklaryň arasyndaky gatnaşygy pugtalandyryp, olaryň arasyndaky tapawudy iň az dereja peseltmek esasy maksat bolmalydyr. Durmuşyň dowam etmegi üçin möhüm funksiýasy bolan "gyz alyp bermek" gatlaklaryň we synplaryň arasynda netijeli dowam edilse, gatlaklaryň arasynda düşünişmezlikler, çaknyşyklar azalar, baý-garyp tapawudy peseler, bagtly ýaşlardan bagtly masgalalaryň guralyp, il-ýurt parahatçylygynyň ilkinji adiminiň ynamly ädilmegine sebäp bolar.

Meniň pikirimçe, Galyňa döwlet tarapyndan böwet goýulsa, az pul bilen köp toýlaryň edilmegi we ençeme maşgalalaryň guralmagy netijesinde çagalaryň köpelmegi bilen iş güýjüne goşant goşulardy. Ýagny galyňyň ýerine girilizjek täze mehanizm esasynda, orta wagt aralygy – 10-15 ýylyň dowamynda hem ykdysady, hem-de syýasy miweleri görse bolar. Ykdysady netijeleri, salgytlar ulgamynda bozuklyklaryň düzeldilmegi we galyň sebäpli salgyda boyun bolmakdan gaçyan puluň jemgyýete harçlanmagy, bazaryň galyňdan sonra has hem netijeli işlemegi hem-de ýyldan-ýyla ösýän senagata ýeterli adam iş güýjüniň gazanylmagy bilen ýurduň öndürýän önümleriniň düýpli ýokarlanmalaryna hem şaýatlyk etmek mümkin bolardy. Munda esasy orun döwlete we döwlet guramalaryna düşýär. Ilki bilen degişli jemgyýetçilik we hukuk soraglarynyň bilermenleri bilen meýilnama taýynlanmalydyr. Galyň alyp bermekligiň öňüni alyjy kanunlary işläp çykarylmalydyr. Unudylmaly däl zatlardan biri, adam hukuklaryny goramakdyr we ýazyljak kanunlar şol nukdaýnazarda ýazylmalydyr. Ýaş çatynjalara durmuşa girmek üçin nagt pul ýa-da başgaça ýeňillikler bilen kömek berilmelidir. Galyňyň ýerini tutup biläýjek dogry maddy goldawlar ýaş çatynjalara berilmelidir. Maşgala gurlanson alnyp baryljak dogry syýasat, jemgyýetiň geljegini ösdürjek çagalaryň ýetişmegine sebäp bolar.

Jemläp aýtsak, galyň biziň jemgyýetimize düýpli ornaşan milli däpleriň biri. Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, käwagt durmuş gurjak ýaş çatynjalaryň öňüne çykyp biläýjek uly böwetlerden biri bolýan wagty hem az däl. Kanun çykaryjy edaralar tarapyndan, adam hukuklary nukdaýnazarynda galyňyň öňüne geçip biläýjek kanunlar çykarylmaly. Maşgalalaryň maddy hal-ýagdaýlaryny gowulandyrjak täze ykdysady gurallar oýlanyp tapylmaly. Sebäbi galyň köplenç, durmuşa girilmezden ozal satyn alynjak zatlaryň sanawyny taýýarlap we üstüne ýene pul goýlup hasaplanyp çykarylýan, ýigit tarapyndan tölenmeli puldur. Halk arasynda galyň hakynda maglumat beriji ýygnaklar guralmaly. Sosiologlardan we psihologlardan gerekli kömek soralyp, şu işleri ýaýbaňlandyrmakda ulanylmaly. Sebäbi jemgyýete doly derejede maglumat bermän, bir işe başlamak bilen ýaramaz netijeleriň alynmagy ähtimaldyr. Makalany okan okyjylar ýene-de biziň jemgyýetimizde derwaýys bolup duran ýagdaýlar barada oýlanyp, öz garaýyşlaryny beýan ederler diýip umyt edýärin.

Türkmen ykdysadyýetçisi – Oguljan Öregeldiyewa

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.org saýtynyň garaýyşlary hökmünde kabul edilmeli däldir.

SURATLARYŇ AWTORY: MERJEN GYLYJEWA

  • 5924 gezek okalan