Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

COVID-IŇ TÄSIRLERINDEN UZAK WAGTLAP EJIR ÇEKÝÄNLER ÖZ-ÖZLERINIŇ EKSPERTI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

covid uzak wagtlap ejirCOVID-19 keseliniň galdyran täsirlerinden uzak wagtlap kösenýänler indi köpleriň ünsüni çekip başlasa-da, olaryň aglabasy henizem özlerine degişli ýeterlik ylmy-barlag geçirilmeýändigine nägilelik bildirýärler. Olaryň pikirine görä, esasy ýalňyşlyklaryň biri: "COVID-iň uzaga çekýän täsirlerini düýbünden täze bir kesel hökmünde bejerýärler. Hroniki ýadawlyk sindromy ýaly beýleki kesellere meňzeş simptomlary ünsden düşürip, ýagdaýa dolulygyna seredip bilmeýärler".

COVID-den uzak ejir çekýänleriň käbiri keseliň dowamly simptomlaryna hötde gelmek üçin öz-özleriniň hünärmeni bolmaly bolýarlar – bularyň millionlarçasy COVID-iň birinji tolkunynda kesellänlerdir.

Waksinalar COVID-den uzak wagtlap ejir çekýänleriň sanyny azaldýarmy? Waksina alanlaryň arasynda COVID-iň uzaga çekýän täsirlerini başdan geçirýänleriň sany ýöredilmeýär.

Emma, umytlandyryjy ösüşler bar: Lancet žurnalynda 1-nji sentýabrda neşir edilen barlagda waksinanyň 2 dozasy alnandan soň simptomlaryň dowamlylygynyň iki esse azalyp, 28+ günden geçmeýändigi bellenilýär.

  • 813 gezek okalan