Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ÖÝKENIŇ FIBROZ KESELI NÄME?
Öýkeniň fibroz keseli – bu öýkeniň işjeň dokumasynyň ýerini birleşdiriji dokumanyň tutmagy bilen häsiýetlendirilýän keseldir. Şunuň esasynda öýkende tyglar emele gelip, zeperlenen ojaklar kislorod-kömürturşy gaz alyş-çalşygyny ýerine ýetirip bilmeýärler.
Öýken fibrozy köplenç 50 ýaşdan uly adamlarda, aýallar bilen deňeşdirilende, erkek adamlarda has ýygy duş gelýär. Onuň esasy sebäpleri:
↪ Öýkeniň ýokançly keselleri – wirusly, bakteriýaly, kömelekli;
↪ Autoimmun keseller – guragyry artriti, polimiozit, garagurt keseli we baş;
↪ Birleşdiriji dokuma degişli keseller – dermatomiozit, sklerodermiýa;
↪ Zyýanly himiki tozanlar bilen dem almak – kömür, asbest, kremniý, galla önümçiliginde, oba hojalygynda mallaryň tezegi;
↪ Şöhle bilen bejergi – öýkeniň ýa-da süýt mäzleriniň rak keseliniň bejergisinde ionizirleýji şöhläniň täsiri;
↪ Käbir derman serişdeleriniň täsiri – antibiotikler (makrodantin, makrobid), howply çişlerde ulanylýan (metotreksat, siklofosfamid), ýürek ritminiň bozulmalarynda (amiodaron) ulanylýan dermanlar;
↪ Öýkeniň ýanmagy – ýangynda gyzgyn howa bilen dem alnanda.
Esasy sebäplerden başga-da, çilimkeşlik, süýjüli diabet, gipotireoz, genetiki bozulmalar hem keseliň döremegi üçin iteriji faktor bolup bilerler.
Keseliň geçişi we bejerilişi
Keseliň irki tapgyrlary alamatsyz geçip biler. Kähalatlarda, güýçli fiziki işjeňlikden soň demgysma alamaty döräp biler. Keseliň has ýaýbaňlanýan tapgyrynda oňa mahsus alamatlar ýüze çykýandyr: hereketsiz ýagdaýda hem demgysmanyň döremegi, ýüzleý we ýygy dem alyş, gury üsgülewük, döşde döreýän basyjy häsiýetli agyry, dowamly kislorod ýetmezçiligi sebäpli deriniň gögermegi, barmaklaryň "deprek taýajyklaryna" meňzeş görnüşde bolmagy, dem alyşda "sellofan haltajygy sürtýän ýaly" sesiň döremegi, beden myşsalarda we bogunlarda agyrylaryň döremegi.
Wagtynda bejergi geçirilmedik ýagdaýynda öýken fibrozy agyr, jana howp salyjy gaýraüzülmelere getirýändir: dem alşyň ýetmezçiligi, öýken arteriýalarda gan basyşyň ýokarlanmagy we şonuň esasynda ýürek ýetmezçiliginiň döremegi, öýken arteriýasynyň gan lagtasy bilen dykylmagy, öýkeniň rak keseli.
Keseli anyklama we bejergi çärelerini pulmonolog lukmany alyp barýar. Öýkeniň fibroz keseliniň doly bejergisini gazanyp bolmaýar. Bejerginiň esasy maksady – öýkende birleşdiriji dokumanyň emele gelmegini saklamak we dem alyş işjeňligini gowulandyrmakdyr. Bu maksat üçin kislorod ingalýasiýalary we ýörite dem alyş maşklary geçirilýändir.
Has ýaýbaňlanýan fibroz ýagdaýynda birleşdiriji dokumanyň emele gelmegini peseldýän derman serişdeleri ulanylýar. Onuň üçin düzüminde nintedanib we pirfenidon maddalary bolan dermanlar bellenilýär. Öýken dokumasyny sowuklamadan goramak üçin glýukokortikoid serişdeleri hem bellenilýär.
Has agyr ýagdaýlarda, näsagyň ömrüni halas etmek üçin ýeke-täk mümkinçilik hökmünde öýkeniň transplantasiýasy (oturdylmagy) geçirilýär. Onuň netijesinde, öýkeniň birleşdiriji dokuma bilen zeperlenen ojaklary başga adamdan (donordan) alnan sag öýken bilen çalşylýar.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 561 gezek okalan