Biziň döwrümizde jynsy gatnaşyklary meselelerinde hemme zat ap-aýdyň, düşnükli ýaly. Bu barada maglumatlary biziň dürli çeşmelerden almaga mümkinçiligimiz bar. Oňa garamazdan, jynsy gatnaşyklaryň fiziologiýasy barada döredilen toslamalar agyzdan-agza geçip, goşmaça "täzelikler" bilen baýlaşýar. Geliň, pynhan gatnaşyklarda duş gelýän iň ýörgünli toslamalar bilen tanşyp, hakykaty mälim edeliň.
Dowamy
Adamyň iýýip-içýän zatlarynyň onuň durmuşyna, saglygyna gönüden-göni täsir edýändigi ählimize belli hakykat. Bu, elbetde, jyns gatnaşyklaryna hem degişlidir.
Adamlar ertirden agşama çenli iş bilen meşgullanyp, gije diňe süýji uky barada arzuw edýärler. Jyns gatnaşyklaryna bolan höwes peselmek bilen bolýar, ýadawlyk, dartgynlyk höküm sürüp başlaýar. Şeýle ýagdaýlarda afrodiziaklar kömege gelýär. Ösen ýurtlarda adamlaryň jyns gowşaklygyna garşy ulanylýan serişdelere köp pul harçlanylýar. Mysal üçin, Germaniýada seksual biperwaýlylyk bilen göreşe 17 million marka sarp edildi. Amerikada bolsa ilata afrodiziaklary satyn almak üçin, ýylyň dowamynda 300 müň resept ýazylyp berildi.
Dowamy
Erkegi we aýaly näme birleşdirýär? Olar näme üçin bir-birinden aýra ýaşap bilmeýärkä? Mümkin, munuň sebäbi olaryň garşylykly jynsa degişliligindedir. Erkekleriň we aýallaryň arasynda gatnaşyklar dürli häsiýete eýe bolup bilýär. Olar dostlukly, mähirli gatnaşyklarda bolup bilýärler. Emma erkek bilen aýalyň arasyndaky jynsy gatnaşyklaryň eýeleýän orny örän uludyr. Erkek we aýal bir-biri bilen ýakynlaşyp, ajaýyp fiziki we emosional taýdan lezzet alýarlar. Jyns gatnaşygynyň dowamynda erkek kişi diňe özi barada, öz islegini kanagatlandyrmak barada pikir etmän, öz söýgüli zenanyny hem kanagatlandyrsa, onda seksual gatnaşyklar belli bir kämillik derejä mynasyp bolýar. Şeýle ýagdaýlarda erkegem, aýalam bu ajaýyp söýgi pursatlarynyň dowam etmegini isleýärler. Elbetde, bu hereket ikitaraplaýyn bolmalydyr.
Dowamy
Maşgala gatnaşyklarynyň başlangyjyny goýyan ilkinji gije baradaky maglumatlaryň pynhan gatnaşyklaryň gözbaşy bolup durýanlygy hemmämize mälimdir. Bu pynhanlyk iki sany ýaş juwanyň (indi bolsa är-aýalyň) arasynda bolup, uzak ýyllar dowam etjek är-aýal gatnaşyklarynyň başlangyjyny başlaýar, olaryň jynsy gatnaşyklarynyň birinji "kerpijini" goýýar.
El degmedik gyzyň gyzlygynyň (gyzlyk perdesi) alynmagyna "deflorasiýa" diýilýär. Bu söz latynçadan terjime edilende, "de" - aýyrma, "floris" - gül, ýaşlyk, gyzlyk manyny aňladýandyr.
Dowamy
Maşgala gatnaşyklarynda är-aýal jyns gatnaşyklarynyň esasy orny tutýandygy hemmämize mälimdir. Jynsy gatnaşyklaryň dürli bozulmalary düşünişmezliklere, agzalalyga, öýke-kinäniň ýüze çykmagyna getirip biler.
Gynansak hem, biziň günlerimizde seksual bozulmalarynyň arasynda jynsy gowşaklyk giňden ýaýran ýagdaýlaryň biridir.
Jynsy gowşaklyk (impotensiýa) dürli sebäplere görä ýüze çykyp, jynsy gatnaşyklary wagtynda erkegiň ujydynyň gönelip, şol ýagdaýda saklanmaga ukybynyň bolmazlygyny aňladýar. Kada laýyk ýagdaýynda erkegiň ujydynyň gönelip bilme häsiýetine "ereksiýa" diýilýär.
1992-nji ýylda geçen urolog lukmanlarynyň halkara konferensiýasynda, kynçylygyň anyk sebäbini görkezmek maksady bilen oňa "erektil bozulmalary" diýen täze lukmançylyk kesgitlemesi berildi. Bu ýagdaý 35-40 ýaş aralygyndaky adamlaryň 40% -de duş gelýändir. Onuň ýüze çykmagy ýaş ulaldygyça köpelip, 40-70 ýaş aralykda 52%-i, 70 ýaşdan soň bolsa 67%-ýagdaýlary öz içine alýandyr.
Dowamy
Medisina jähtinden, maşgalany meýilleşdirmegiň soraglarynda, kontrasepsiýa meseleleri möhüm orny eýeleýändir. Abortlaryň aýal bedenine ýetirýän zyýany ikiuçsyzdyr. Ondan soňky ýüze çykýan irki we giçki gaýraüzülmeler, diňe beden saglygyna täsir etmän, jyns agzalarynyň ýagdaýyna hem zyýan ýetirýändir.
Häzirki döwürde, göwreliligiň öňüni almak üçin dürli kontrasepsiýa serişdeleri we usullary ulanmak dogry hasaplanýar. Olaryň dürlüligine garamazdan, usullaryň hersiniň öz ulanmaga garşy görkezmeleri,peydalylyk derejesi, kemçilikleri bardyr.
Dowamy