Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

ZORLANYLAN ADAMA BERILMELI ILKINJI KÖMEK

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.36 (11 Ses)

zorlanmaIslenilmedik we razylyk berilmedik mejbury jynsy gatnaşyga zorlama diýilýär. Gyz-gelinleriň öz tanaýan adamlary, nätanyşlar, maşgala agzalary, ýa-da ýoldaşlary tarapyndan zorlanylmagy ahmal. Şol sanda, oglanlar we erkek adamlar hem zorlanylýar.

Zorlanylan adama fiziki şikesler üçin ilkinji kömek zerurdyr. Şol bir wagtda ol ruhy goldawa we idege hem mätäçdir. Zorlanylma sezewar bolan kişä mähir we düşbülik bilen çemeleşmeli. Ony günäkärlemeli däl.

Zorlanmanyň ýetirip biljek zyýanlary we olara çäreler:

↪ Zorlanma göwrelilige sebäp bolup bilýär. Jynsy gatnaşykdan soň 5 günüň içinde, göwreliligiň gyssagly öňüni alyş gerdejikleri (ekstrennaýa konstrasepsiýa) ýa-da gerdejikleriň beýleki käbir görnüşleri ýeterlik mukdarda kabul edilse göwreliligiň öňüni alýar.

↪ Zorlanma jynsy ýokançlyklary ýaýradyp bilýär. Bulardan goranmak we çäre görmek üçin şuny oka.

Zorlanylan adama seniň berip biljek ilkinji kömegiň

Ol seniň oňa seretmegiňe ýa ony ellemegiňe garşy bolup biler. Şonuň üçinem, öňünden näme etjegiňi oňa düşündir we eliňi degirmezden öňürti onuň razylygyny sora.

Eger onuň jynsy agzalarynda kesik, sypjyryk, ýa gögerme bar bolsa, olar örän agyrylydyr. Bu ýagdaýda oňa asetaminofen ýa-da ibuprofen bermeli. Eger jynsy agzalar ganaýan bolsa, ony duruzmak üçin basyş ulanmaly. Soňra ganamanyň gaýtalanaýan ýagdaýynda özi ugruny biler ýaly, ony duruzmagyň usullaryny zorlanan adama hem öwretmeli.

Kiçi kesikler we sypjyryklar üçin, jynsy agzalary günde 3 gezek mylaýym suw bilen ýuwmaly. Bugşukma wagtynda awuşamany azaltmak üçin bugşugylanda jynsy agzalaryň üstünden mylaýym suw akytmaly. Eger kesikler uly bolsa olary çatdyrmak zerurdyr.

Onuň bedeniniň beýleki ýerlerini hem şikesiň ýetendigini ýa ýetmändigini anyklamak üçin barlamaly. Eger ol iru-giç polisiýa ýüz tutmak islese fiziki barlag we şikesleriň subutnamasy möhümdir.

zorlanma kagyz

Kagyza ýa-da el telefonyna ähli barlaglary we şaýat bolan zatlaryňy belläp almaly. Şikesleri ýeke-ýeke bellemeli. Eger ol rugsat berse, surata düşürmeli. Bu bellikleriň ählisi soňra ondan habar tutmak üçin ýa-da polisiýa ýüz tutmak üçin kömek edýär.

Birnäçe gün geçensoň, ondan habar tut we onuň fiziki we emosional ýagdaýyny sora. Bedeniniň kesilen, sypjyrylan ýerlerinde infeksiýa alamatlaryna üns ber. Mejbury ýa-da ýowuz jynsy gatnaşykdan soňra, esasan, peşew infeksiýalary köp ýüze çykýar. Peşew infeksiýasy we onuň çäreleri hakynda şu ýerde oka.

Terjime eden: Merjen Gurdowa

Çeşme: Maglumatlar Hesperian Fondynyň websaýtyndan alyndy. Maglumatlar Maşgala Saglygy kitabynyň goşmaça, täze ýazylan maglumatlar bölüminden alyndy.

Türkmen diline terjime edilen Maşgala Saglygy.

  • 1752 gezek okalan

Teswirler (13)

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Gowy teswir zorlanyan kandir ony acyp gorkezmane atyn kellesi yaly yurek aya yetip duran ruhyn gerek.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Bidereklik zorlamak nama gerek,gyzyn akyly gulagynda 10-15minut dinledip razylygyny alaymalyda,kyn dusesi yokla,onsanam lukman dyrnsklardaky gribok un name etsen bolar,yyllar boyy derman-dari alyan tersine beterleyar.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

:(...

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Bidereklik zorlamak nama gerek,gyzyn akyly gulagynda 10-15minut dinledip razylygyny alaymalyda,kyn dusesi yokla,onsanam lukman dyrnsklardaky gribok un name etsen bolar,yyllar boyy derman-dari alyan tersine beterleyar.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Bah shuny gaty kan okapdyrlar. Nadip dushunmeli? Ya ha ahlimiz zorlanylyas ya da zorlayas.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

@Şaaa oz yagdaynyn ongly dushundirip bilmeyan halkdan sen "men zorlandym, manga komek ber" diymege gabat gelmeding diyjek bolvarmyng? Havsy ayal sanga zolrdym diyip atsyn?

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Öz ýurdumyzda beýle zatlara menä gabat gelip goremok dogrysyny aýtsam

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Yurdumyzda gynansakda köpelýä.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Howwa, bizde zorlanyanam yok, jelepchilik edyanem yok, ogram yok, narkomanam yok, oysuzem yok....shonung uchi ahlimiz ogrylaryng we kuntilering jemgyyetine owruldik.

COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Halamadym. Zorlanýan ýok. Gyzlar ýagny zenanlar özüni zorladar ýaly däl. Gaýtam olaryň gormonlary mňwjäp, erkek adamlary zorlaýan bolaýmasa..

Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş
Köpräk teswir ýükle

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location