Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
SOSIAL MEDIÝADAN GYSGA WAGTLYK HEM BOLSA DYNÇ ALMAK PSIHIKI SAGLYGY ÖSDÜRÝÄR
Sosial mediýada oturmak seniň hem rahatlygyňa, keýpiňe ýa-da okuwa/işe ýetişigiňe zyýanly täsir edýärmi? Onda sen ýeke dälsiň.
JAMA žurnalynda ýakynda çap edilen ylmy barlag sosial mediýadan diňe bir hepdelik daşlaşmagyň hem ýaşlarda psihiki saglygy ep-esli gowulandyrýandygyny ýüze çykardy.
Barlag nähili geçirildi?
Ylmy barlagçylar iki hepdeläp 18-24 ýaş aralygynda 373 ýaş gatnaşyjynyň günlük sosial mediýa (Facebook, Instagram, Snapchat, TikTok, we X) ulanyş wagtyny, ädim sanlaryny we alýan uky mukdarlaryny ölçediler. Iki hepdäniň soňunda gatnaşyjylar depressiýa, howsalalylyk, ukusyzlyk we ýalňyzlyk derejelerini ölçeýän soragnamany doldurdylar. Günde sosial mediýada 2 sagat töweregi wagt geçiýän gatnaşyjylaryň 80%-i üçünji hepdede sosial mediýany 30 minutdan hem az wagt ulandylar. Üçünji hepdäniň soňuna çenli olarda howsalalylyk alamatlary 16%, depressiýa alamatlary 24% we ukusyzlyk 14.5% peseldi. Hatda barlaga gatnaşan ýaşlaryň çynlakaý psihiki keselleri ýok hem bolsa, sosial mediýadan daşlaşmak olaryň umumy psihiki ýagdaýyna örän ýaramly täsir etdi.
"Ýygy psihoterapiýanyň kömegi bilen psihiki bozulmanyň alamatlarynyň beýle derejede peselmesi köplenç 12 hepdä çenli wagt alýar. Eger diňe hereketleriňi üýtgetmek arkaly bu netijeleri bir hepdede gazanyp bolsa – bu örän gowy" diýip, Amerikan psihologik birleşiginden Mitç Prinstein aýdýar. Has geň galdyryjy ýeri hem, barlaga gatnaşyjylar sosial mediýada geçirýän wagtlaryny azaltsalar-da umumy telefonda geçirýän wagtlaryny azaltmadylar, ýagny olar telefonlarynda başga zatlar edip wagt geçirmegi dowam etdiler. Mundan ugur alyp aýtsak, onda megerem esasy mesele seniň ekranyň däl-de sosial mediýadyr.
Sosial mediýanyň seniň hem saglygyňa ýetirýän zyýanly täsirini azaltmak isleýän bolsaň, onda birnäçe usullardan peýdalanyp bilersiň.
1. Ýörite wagt aýyr. Öz zerurlyklaryňa baglylykda, telefonyňda edýän her bir hereketiň üçin belli bir möçberde wagt aýryp bilersiň. Meselem, sosial mediýa günde diňe 10 minutlyk girip-çykmak. Şeýle etmek bilen, sosial mediýa dyngysyz ýa-da zyýanly derejelerde güýmenmegiň öňüni alyp bolar.
2. Sosial mediýa girmegi kynlaşdyr. Sosial mediýa priloženiýelerini telefonyň esasy ekranyndan aýyrmak we duýdurmalary öçürmek hem peýda berip bilýär. Şeýle-de, her gezek platformany ulananyňdan soňra ondan "logout" etmek arkaly doly çykmak hem yzyňa girme ädimlerini köpeldip, ýygy-ýygydan girip durmaga islegi peseldip biler.
3. Ukyňy gora. Köp adamlar sosial mediýany gijelerine ulanyp, ukularyny bozýarlar. Bu adamlar üçin sosial mediýany agşamlaryna we gijelerine çäklendirmek örän möhümdir. Ýatmazdan öň azyndan bir sagatlap ekrana seretmezligi hünärmenler maslahat berýärler. Ene-atalar hem ýatylýan otaglary "ekransyz" etmek arkaly çagalarynyň ukularyny goramaga kömek edip bilerler.
4. Sosial mediýa derek fiziki hereketi saýla. Esasan-da sosial mediýany içgysma sebäpli ulanýanlar onuň ýerine ýöremek ýa-da ylgamak ýaly fiziki hereket etmek arkaly özlerini has gowy we sagdyn duýup bilerler. Bu ilki başda kyn düşse-de, muny edýänler wagtyň geçmegi bilen fiziki hereketden has uly lezzet alýandyklaryny aýdýarlar.
5. Has düýpli ýagdaýlarda bejergi al. Köp adam üçin sosial mediýany aşa köp ulanmak depressiýa, howsalalylyk we ADHD ýaly psihiki saglyk bozulmalary bilen baglanyşdyrylýar. Sosial mediýany çäklendirmek bu ýagdaýlaryň alamatlaryny azaldyp biler, emma olardan doly saplanmak üçin lukmanyň kömegini almagy hünärmenler maslahat berýärler.
- 36 gezek okalan