Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
SAGDYN ÝÜREKDEN HABAR BERÝÄN 5 SAN
Ýürek-damar
keselleri Türkmenistanda iň köp ölümlere sebäp bolýarlar. Bu sebäpli ýürek saglygyna ünsli çemeleşmek bilen diňe bir durmuşyňy ýeňilleşdirmän, eýsem ömrüňe ömür hem gatyp bilersiň. Häzirkizaman lukmançylyk tejribelerinde esasy 5 san ýüregiň saglyk ýagdaýy barada gowy düşünje berip bilýär:
↪ Gan basyş;
↪ Gan şekeri (glýukoza);
↪ LDL holesterin;
↪ Trigliserid derejeleri;
↪ Biliň ölçegi.
Bu sanlar seniň umumy saglygyňdan habar bermek bilen çäklenmän, sende infarkt we insult (beýnä gan inme) ýaly hadysalaryň döreme ähtimallygyny peseltmekde ýol görkezip bilerler.
Bu sanlar ýürek saglygyň barada nämeleri aýdyp bilýärler?
Köp adama bu sanlary iň gowy derejelerde saklamak maslahat berilýän hem bolsa, seniň ýaşyňa we beýleki saglyk zerurlyklaryňa baglylykda lukman saňa üýtgeşigräk sanlary nyşana almagy aýdyp biler.
GAN BASYŞ
120/80 görkezijilerden pes bolmaly
Her gerek ýüregiň uranda ol ýygrylýar hemem gaýtadan gowşaýar. Ýürek ýygrylanda damarlaryňa goýberilýän ganyň basyşyny ilkinji san görkezýär we ýürek gowşanda berilýän basyşy ikinji san alamatlandyrýar. Şonuň üçin, seniň gan basyşyň ýüregiň nähili agyrlykda işleýändiginden we gan damarlaryň ýagdaýyndan habar berýär. Inçelen, dartan damarlar gan basyşynyň ýokarlanmagyna sebäp bolýar.
Munuň ýürek saglygyna ähmiýeti: Ýokary gan basyş gan damarlarynyň zeperlenmesini tizlendirýär we damarlarda ýag gatlaklarynyň emele gelmesine ýol açýar. Bu bolsa infarkta eltýän başlangyç ädimlerdir. Ýokary gan basyş ýüregiň esasy gan çykarýan böleginiň giňemegine hem netijede ýüregiň işini dogry ýerine ýetirip bilmezligine eltip bilýär. Ýokary gan basyş sebäpli döräp bilýän dykylan ýa-da ýarylan gan damarlary bolsa beýnä gan inmä uçradyp bilýär.
GAN ŞEKERI
100 mg/dL derejeden az bolmaly (aç wagtyň)
Gandaky şekeriň ýokary derejeleri süýji keseline eltýär. 2-nji derejeli süýji keseli iň ýygy duşýanydyr. Bu haçanda bedende insuline durnuklylyk dörese we beden bu durnuklylygy ýeňip geçmek üçin ýeterlik insulin bölüp çykaryp bilmese ýüze çykýar.
Munuň ýürek saglygyna ähmiýeti: Artykmaç gan şekeri gan damarlaryny we diwarlaryny zeperläp, glýukozanyň LDL bilen birleşmegine sebäp bolýar. Ganda aşa köp şekeriň bolmasy gan öýjüklerini hem has şepbeşdirip, ganyň lagtalanmasyna alyp barýar - bu bolsa infarkta ýa-da insulta mümkinçilik döredip bilýär.
LDL HOLESTERIN (ERBET HOLESTERIN)
70 mg/dL derejeden az bolmaly
Munuň ýürek saglygyna ähmiýeti: LDL holesteriniň "erbet holesterin" hasaplanylmagynyň sebäbi bu görnüşli holesterin ganda artykmaç bolanda ol gan damarlarynyň diwarlaryna ornaşýar. Soňra olar ak gan öýjükleri bilen birleşip, damarlaryň diwarlarynda ýag gatlaklaryny emele getirýärler we şeýlelikde ganyň aýlanmasyny kynlaşdyrýarlar.
TRIGLISERIDLER
150 mg/dL derejeden pes bolmaly
Trigliseridler ganyň düzüminde iň köp duş gelýän ýag görnüşidir. Bular iýmitlerden alnyp, bedeniňi energiýa bilen üpjün edýärler. Emma, bedene gerek bolmaýan artykmaç kaloriýa, alkogol ýa-da şeker trigliseridlere öwrülýärler we ýag öýjüklerine ýerleşdirilýärler.
Munuň ýürek saglygyna ähmiýeti: Edil ýokary LDL holesterin ýaly, trigliseridleriň hem ganda ýokary derejelerde bolmasy infarkta we insulta uçrama ähtimallygynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşdyrylýar.
BILIŇ ÖLÇEGI
Aýallarda: 88 santimetrden inçe
Erkeklerde: 102 santimetrden inçe
Metrka alyp, garnyň daşyna aýlap ölçe (edil göbegiň ýokarsyndan). Garnyň ýogyn bolmasy köplenç içki organlaryň töweregine ýag ýygnanandygyndan habar berýär.
Munuň ýürek saglygyna ähmiýeti: Organlaryň töweregine ýygnanýan ýaglar bedende alawlamany köpeldýän gormonlarydyr beýleki zatlary bölüp çykarýarlar. Bu bolsa gan damarlarynyň dartylmagyna we inçelmegine getirýän ak gan öýjükleriniň bölünip çykmasyna itergi berýär.
Bu 5 ölçegi kadada saklamak ýa-da gowulandyrmak üçin nämeler etmeli?
Eger sende bu sanlaryň biri ýa-da birnäçesi kadadan ýokary bolsa, onda sen ýeke dälsiň. Türkmenistanyň özünde, 2020-nji ýylyň hasabatyna görä, ulularyň takmynan ýarysy semizlikden ejir çekýärler. Semizlik we garnyň ölçeginiň uly bolmasy gan basyşa, LDL holesterine, trigliseridlere we gan şekerine täsir edýärler.
Näme kömek edip bilýär:
↪ Dogry iýmitlenmek. Gök-önümlere, miwelere, noýbalara, bitin dänelere we doýgun däl ýaglara (maňyzlar, çigitler, awokado, zeýtun, günebakar) baý iýmitleri iýmek. Işlenilen iýmitleri we içgileri, doýgun ýagly önümleri (şöhlatlar, ýaga gowrulan ýa bişirilen tiz tagamlar, palma ýaglary, agyr ýagly, şekerli we duzly gaplanan önümler, süýjüli içgiler), şeýle-de alkogoly çäklendirmek.
↪ Yzygiderli hereketde bolmak. Günde azyndan 30 minut, ýöremek ýa-da tigir sürmek ýaly, orta agyrlykdaky fiziki hereketleri ýa-da maşklary ýerine ýetirmek.
↪ Beýleki durmuş endikleri: Kadaly agramda gezmek, 7-8 sagat gowy uky almak, stresi azaltmak.
- 7 gezek okalan