Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

“...ÝAŞLARYŇ ARASYNDA GARRYLAR GEREK”*

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.64 (14 Ses)

Biz gartaşan, goja Atany ýa-da Enäni görenimizde, kalbymyzy rahatlyk, ynsanperwerlik duýgulary gurşap alyp, olara hormat, kömek etmek islegi döreýär. Ýaşy birçene baran, babanyň ýa-da enäniň aksowult saçlarynyň her biri onuň arkasyna atan durmuş ýyllaryndan habar berse, ýüzüne özboluşly bezeg berýän kiçijik ýygyrtjyklar, bahasyna ýetip bolmajak durmuş tejribesiniň bardygynyň şaýady höküminde kabul edilýär.

Uly nesliň gymmatbaha pähimlilik hazynasynyň, durmuş tejribesiniň ýaş nesil üçin möhümliligini bellemek üçin, K. S. Stanislawskiniň: "Goý, goja pähimlilik juwan güýji gönükdirsin. Juwan güýç bolsa goja pähimlilige söýget bolsun" diýen sözlerini mysal höküminde getiresimiz gelýär.

Hormatly saýtymyzyň okyjylary!

Siziň gartaşan we sagdyn ata-eneňiz, babaňyz-mamaňyz barmy? Belki-de, dost-ýarlaryňyzyň, bile ýaşaýan goňşylaryňyzyň arasynda söhbetdeş bolýan ýaşuly adamlaryňyz bardyr? Siz başgalar bilen olaryň sagdyn durmuş babatdaky pähimleri, maslahatlary, tejribeleri bilen paýlaşasyňyz gelýärmi? Onda çaý başynda biz sizden olar bilen söhbetdeşlik geçirmegiňize çagyrýarys! Siziň gyzykly söhbetdeşligiňizi, ýaşuly adamlaryň pähimlerini, maslahatlaryny www.saglyk.org saýtynda çap ederis, okyjylar bilen saýtda we sosial aragatnaşyk ulgamlarynda paýlaşarys.

Gatnaşmak uçin bildirilýän talaplar:

1. Siziň dykgatyňyza söhbetdeşligi dogry alyp barmak üçin berlip biljek soraglaryň görnüşini hödürleýäris. Soraglaryň manysyny we tertibini öz islegiňize görä üýtgedip bilersiňiz.

► Siz gojalyk ýaşyna çenli nädip saglygyňyzy saklap bildiňiz?

► Sagdyn bolmak uçin hökmany ýagdaýda nämeler edilmeli?

► Durmuşda näme kär bilen meşgullandyňyz?

► Keselleriň, saglyk babatda döreýän kynçylyklaryň düýp sebäbini nämede görýärsiňiz?

► Siziň pikiriňizçe, durmuşda adam üçin iň möhüm zatlar näme?

► Ösüp barýan nesle Siz näme maslahat berip bilersiňiz?

2. Hökman: söhbetdeş bolýan ýaşuly adamlaryňyzyň ýaşy 50 ýaşdan uly bolmaly. Taýýarlan makalaňyzyň göwrümi 300 sözden az bolmaly däl, ýöne 800 sözden hem köp bolmaly däl.

3. Makalaňyz şu maglumatlary öz içine almaly: eneňiziň, ataňyzyň, mamaňyzyň, babaňyzyň ya-da tanyş, garyndaş adamyňyzyň ýaşy we onuň ady, isleseňiz familiýasyny, ýaşaýan şaherini we başga-da maglumatlary görkezip bilersiňiz.

4. Isleseňiz olaryň suratyny iberiň. Biz saýtda makala bilen suraty bile ýerleşdireris.

5. Aragatnaşyk saklamak uçin öz poçtaňyzyň salgysyny hökman görkeziň!

6. Makalaňyzy, soraglaryňyzy This email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it. salgysyna iberiň.

BIZ ULY HÖWES BILEN SIZIŇ MAKALAŇYZY WWW.SAGLYK.INFO SAÝTYNDA ÇAP EDERIS.

Iberilen makalaňyzyň ýokarky bellenilen talaplara laýyk gelmedik ýagdaýynda, iş topary Sizden goşmaçä maglumat sorap biler. Aragatnaşyk üçin şert bolman, degişli soraglara jogap almaga mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda, makalaňyzyň çap edilmejekdigini duýdurýarys. Soraglaryňyzy This email address is being protected from spambots. You need JavaScript enabled to view it. salgysyna iberiň.


* Türkmen aýdymy "Garrylar gerek", sözleri Magtymguly Myşşyýewiňki, sazy Ata Ablyýewiňki.

  • 5457 gezek okalan