Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

TÜRKMEN ÝETGINJEKLERI: KYNÇYLYKLAR WE MÜMKINÇILIKLER

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.68 (22 Ses)

Ýene-de diýdiler: "Ulalyp ýaşyň
Garaja gyl bilen basyrlar döşüň"
"Döşüňe bitýänçä şol gyl – diýdiler,
Günäňi geçerler, ogul!" diýdiler.
"Döşüňe bitensoň şol gyl – diýdiler,
Döşüňe mynasyp bolgun diýdiler".

Hawa, gyzlaryň gurjak, oglanlaryň bolsa aşyk oýnamasyny goýbolsun edýän ýetginjeklik döwri bilen tanyş dälimiz ýok bolsa gerek. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň bellemegine göra, 10-19 ýaş aralygyndaky gyzlary we oglanlary ýetginjek diýip hasap etmek bolar. Adamyň durmuş basgançaklarynyň (çagalyk, ýetginjeklik, ýigitlik, garrylyk) her biriniň hem özüne ýetesi ruhy, fiziki we sosial hupbatlary bolýar. Ylaýtada, ýetginjeklik döwri iň agyr geçýäni diýlip hasaplanylýar. Çünki bu döwürde ynsan çagalykdan ymykly çykyp, jogapkärçiliklerden doly, şahyryň aýdyşy ýaly, ýalňyşlyklarynyň bagyşlanmasy bes edilip, her adiminiň derňeljek ululyk dünýäsine gadam basýar.

Dünýä ýüzünde ýetginjekler ýaşaýan ýurtlarynyň ýerleşýän ýerine, medeniýetine, dinine we jemgyýetçilik gurluşyna laýyklykda, dürli kynçylyklar, şol sanda hem mümkinçilikler bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Men hem häzirki döwürde öz türkmen ýetginjeklerimiziň durmuşynda gabat gelýän esasy nogsanlyklarynyň hem-de olaryň bagtyýar geljegi üçin döredilýän şertleriň üstünde durup geçerin.

 

KYNÇYLYKLAR

► Daşky görk – türkmen ýetginjekleriniň ilkinji hötdesinden gelmeli bolýan kynçylygy – boý-syratlary diýsek ýalňyşmarys. Gyzlar kosmetika we şaý-sepler bilen özlerini bezeseler, oglanlar hem saçlaryna we egin-başlaryna dykgatly timar bermäge çalyşýarlar. Ýetginjekleriň dürli meşhur markaly egin-eşiklere, atyrlara, goşar sagatlaryna, elektroniki enjamlara gyzmaklary olaryň okuwdan ünsleriniň bölünmegine, özaralarynda owadan (bet) görünmekde bäsleşigiň döremegine, galyberse-de, maşgalalarynda maddy taýdan ynjalyksyzlyklaryň ýüze çykmagyna getirýär.

Halamak & Halanmak – bu häsiýet diňe bir türkmen ýetginjeklerine däl, eýsem ähli milletlerdäki ýetginjeklere hem degişlidir. Ýetginjek ýaşlaryň daşky görklerine timar bermegine hem köplenç garşydaş jynsly boýdaşlaryna ýaranmak islegi sebäp bolýar. Ilkinji söýgi, ilkinji "salam hatlar" hem şu möwsümde başlanýar. Bu gylyklaryň ýetginjekleriň ruhy sagdynlygyna we jemgyýetimizdäki kadalara näsaz gelýän taraplary bolsa, ýetginjekleriň gije duşuşmaklary, maşgalalaryna ýalan sözlemekleri, kähalatlarda bolsa olaryň özara oýlanşyksyz, jogapkärçiliksiz gatnaşyklarynyň islenilmedik göwrelilige getirmesi bolup durýandyr.

Zyýanly endikler – bu endikler 10-20 ýyl mundan öň diňe oglanlara mahsus bolan bolsa, indi gynansakda, gyzlara hem degişli edip bolýandyr. Ýurdumyzda neşe serişdelerine garşy berk göreşilýändigine garamazdan, täze we geň zatlary barlap görmäge hyjuwly ýigdekçeler çilim, nas, çakyr ýaly bedene we adamyň jemgyýetdäki abraýyna zyýan berýän endikleri ele almaga has ýakyn bolýarlar.

Deň-duşlaryň täsiri – hemme ýerde bolşy ýaly, türkmen ýetginjek gyz-oglanlar iň uly täsiri boýdaşlaryndan alýarlar. Maşgaladan daşlaşyp, deň-duşlary bilen has köp wagt geçirmäge, has köp syr alşyp-berişmäge başlaýarlar. Bu bolsa ýetginjek bilen hossarlarynyň arasynda ýygy-ýygydan gapma-garşylyklaryň döremegine alyp barýar. Emma türkmençilikde häli-häzire çenli çagalaryň geljegi maşgalanyň şertlerine we kadalaryna bagly bolýar. Şuňa mysal edip aşakdakylary belläp bileris:

→ ýetginjekleriň orta mekdepden soňra okuwlaryny dowam etmegi;

→ ir ýa-da giç durmuş gurmasy;

→ nirede we nähili wezipelerde işlemegini çözmek.

Erksizlik – türkmen ýetginjekleriniň iň uly meseleleriniň biri hem erksizlik häsiýeti bolsa gerek. Bu aýgytly döwürde ýetginjekleriň öz geljekleri barada (jemgyýetde öz ornuňy tapmak, hünär edinmek, pugta maksatlar gurmak) oýlanşykly we dogry karara gelmekleri zerur bolup durýar. Ýöne köp zatlaryň maşgala ýagdaýlarynyň çäklerinde ýerine ýetirilýändigi sebäpli, ýetginjekler köplenç umytsyzlyk, perwaýsyzlyk, erksizlik astynda galýarlar we maşgalanyň gelen kararlaryna tabyn bolmaly bolýarlar.

Maşgalada düşünişmezlikler – biziň türkmen halkymyzyň çaga terbiýelemekde aňyrdan gelýän ajaýyp ýollary we düzgünleri bar. Bu düzgünleriň köpüsi (edep-ekram, zähmet çekmegi öwretmek, ogul-gyzy durmuş gurýançalar göz astynda saklamak we şm) gadymy türkmen medeniýeti we däp-dessurlary bilen baglanşykly. Emma zamananyň üýtgemegi bilen çaga terbiýesi hem täzeçe çemeleşmeleri talap edýär. Onuň üçin bolsa ene-atalaryň bu ugurda peýdalanyp biljek teleýaýlymlaryny, kitaplaryny, çärelerini gurnamak zerur bolup durýar. Ýurdumyzda şeýle mümkinçilikleriň kemçilik etmesi ýetginjekleriň we ene-atalaryň arasynda uly gapma-garşylyklary döredip, ýetginjekleriň ruhy taýdan ene-atadan, maşgaladan daşlaşmagyna getirip bilýär.

 

MÜMKINÇILIKLER

► Internet – bilşimiz ýaly, döwletimizde akylly el telefonlaryny ulanmak diňe bir ulularyň däl, eýsem ýetginjekleriň arasynda hem günsaýyn ýaýbaňlanýar. Bu bolsa ýetginjeklerimize internet arkaly bütin dünýädäki hadysalar bilen birlikde, öz gyzyklanýan mowzuklary hakynda hem maglumatlar almaga mümkinçilik berýär. Netijede ýetginjekleriň dünýägaraýşy giňäp, olara dürli ugurlardan gapylar açylýar. Mundan başga-da, sosial media ulgamlaryny ýerlikli ulanmak ýetginjekleriň erkin pikirlenmek, pikir alyşmak, çekeleşmek, dostlaşmak, okamak, ýazmak, dil öwrenmek ýaly birnäçe ukyplarynyň kämilleşmegine itergi berýär.

Sport – Türkmenistanda barha artýan sport desgalary we sporta döwlet tarapyndan berilýän uly orny ýetginjekleriň hem durmuşyna ýaramly täsirini ýetirýär. Häzirki wagta ýetginjekler sportuň birnäçe ugurlary bilen kynçylyksyz meşgul bolup bilýärler. Bu bolsa diňe beden saglygyny berkitmän, ruhy saglyga hem juda peýdalydyr.

Nusgalar – ýetginjekleriň dünýäsinde nusga alarlyk adamlaryň derejesi örän belentdir. Ýetginjeklerde şöhratly we mertebeli adamlardan görelde almaga ymtylmaklyk has hem güýçli bolýar. Döwrümizde ýurtda sany artýan ýokary bilimli, kärine ussat, işi şowly kişileri göz öňüne tutsak, olar ýetginjeklerimize hem nusga bolup hyzmat edýärler. Olar köp ýetginjeklere höwes we umyt berip, olaryň arzuwlaryny amala aşyrmaklaryna uly goşant goşýarlar.

Ýetginjeklere degişli meseleleriň aglabasynyň olaryň bilogiki ösüşi bilen baglanyşykly bolany üçin, dünýäniň hiç bir ýurdunda hem ýetginjekleriň köpüsi, ýetginjeklik döwrüni durnukly ýa-da parahat geçirmeýärler. Emma ýokarda belläp geçişimiz ýaly, her ýurduň öz gurluş ulgamyna we kanunlaryna laýyklykda ýetginjeklere bu döwürde maşgala, okuw we hökümet tarapyndan gollaw bermek üçin birnäçe işler alnyp barylýar. Şol sanda Türkmenistanda hem ene-atalar özleri üçin geçirilýän ýygnaklardan peýdalanyp bilerler. Çagalarynyň mugallymlary bilen aragatnaşykda bolmagy hem, ene-atalara ýetginjeklere has oňat düşünmäge kömek eder. Galyberse-de, ene-atalar Internet ulanmagy öwrenip, onuň üsti bilen özlerine gerek bolan islendik maglumaty ýa-da kömegi tapyp bilerler. Ýetginjekler hem öz gezeginde www.saglyk.org, www.yashlyk.info ýaly türkmen dilindäki web saýtlaryndan peýdalanmak arkaly dünýägaraýyş gerimlerini giňeldip, öz ýetginjeklik döwürleriniň hubpatlaryny hem has aňsatlaşdyryp bilerler.

Makalada beýan edilýän pikirler, garaýyşlar hem-de teklipler awtoryň özüne degişli bolup, olar Saglyk.org saýtynyň garaýyşlary höküminde kabul edilmeli däldir.

Makalanyň awtory: Maya Amanowa

Ulanylan çeşmeler: 1 / 2 / 3 /
Kerim Gurbannepesow “Wesýetler boýunça”


 

  • 5841 gezek okalan