• Makalalar
  • Sagdyn durmuş
  • Ýetginjekler dünýäsi
  • SENIŇ ÝAŞAÝAN ŞÄHERIŇDE ÝETGINJEKLERIŇ WE ÝAŞLARYŇ PSIHIKI SAGLYGY GORAGLYMY?

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

Bütindünýä Saglygy Goraýyş guramasynyň kesgitlemegine görä, ýetginjeklik döwri 10-19 ýaş aralygy öz içine alýar. Biz şu ýaş toparyň gyzyklanma bildirýän soraglaryna düşnükli, ylmy we lukmançylyk taýdan dogry jogap bermäge synanyşdyk. Her ýetginjegiň habarlylygynyň, gyzyklanmalarynyň dürlidigini nazara alyp, sorag-jogap makalalary ýaş boýunça bölmekden saklandyk.

SENIŇ ÝAŞAÝAN ŞÄHERIŇDE ÝETGINJEKLERIŇ WE ÝAŞLARYŇ PSIHIKI SAGLYGY GORAGLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

yaslaryn psihiki goragyDünýä ýüzünde şäherler okuw, iş we dürli mümkinçilikler bilen barha köp sanly ýaşlary özüne çekýärler. Geçen ýyl Natur žurnalynda çap edilen ylmy derňew işi şäherleriň ýetginjekleriň (10-19 ýaş) we ýaşlaryň (15-24 ýaş) psihiki saglygyna ýaramly aýratynlyklaryny anyklady. Derňew dürli ugurlaryň hünärmen toparlary tarapyndan halkara derejede geçirilip, onuň netijeleri 400-den gowrak ýetginjeklerden we ýaşlardan ýygnalan soragnamanyň jogaplaryna esaslanýar. Soragnama gatnaşyjylara görä, ýetginjekleriň we ýaşlaryň psihiki saglygy üçin şäherleriň esasy 6 aýratynlygy bolmaly:

1. Ýaşaýyş-durmuş ukyplaryny edinmek üçin mümkinçilikler;

2. Ýaşlaryň duýgularyny we gymmatlyklaryny kabul edýän ýaşa laýyk gurşawlar;

3. Ýaşlaryň bir ara gelip bilmesi üçin mugt we howpsuz köpçülikleýin ýerler;

4. Iş mümkinçilikleri we iş howpsuzlygy;

5. Sosial saglyk kynçylyklaryny ýeňip geçmek üçin hyzmatlar;

6. Şäher gurluşynda ýaşlaryň hem goşandynyň we zerurlyklarynyň ileri tutulmagy.

ÝUNISEF-iň çaklamalary 2050-nji ýyla çenli dünýäniň şäherlerinde çagalaryň 70%-iniň ýaşajakdygyny görkezýär. Şäherler ençeme dürli saglyk meselelerine sebäp bolsalar-da, olaryň täsiri deň bolmaýar. Dünýä ýüzünde psihiki saglyk bozulmalary 10-24 ýaşlylaryň arasynda maýyplygyň ilkinji sebäbi bolup durýar.

"Häzir biz dünýä taryhynda ýetginjek ilatyň iň köp döwründe ýaşaýarys. Şonuň üçin bu ýaşdaky adamlara global derejede üns bermek möhümdir. Ýaş adamlaryň aladasyny etmek olaryň häzirki saglygynyň we gelejekki potensiýalynyň aladasyny etmekdir, bu bolsa indiki nesilleriň, ýagny olardan boljak çagalaryň aladasyny etmekdir" diýip, derňewiň baş awtory Pamela Kollins belleýär.

Derňewde anyklanylan aýratynlyklar kanun çykaryjylara we şäherleri planlaýjylara ýaş şäher ýaşaýjylarynyň psihiki saglygyny gowulandyrmakda gollanma bolar. Meselem, ýaşlara gönükdirilen psihiki saglyk we bilim hyzmatlary ýaş adamlaryň emosional ösüşini we özüne bolan ynamyny goldap biler. Sosial baglanyşyklary gurmaga mümkinçilik berýän ýerleri döretmek bilen, ýaşlaryň çetleşme we ýalňyzlyk duýgularyny azaldyp we olaryň sagdyn hem ynamdar gatnaşyklary ösdürmegini gazanyp bolar. Iş orunlaryny we iş howpsuzlygyny döretmek bolsa, COVID-19 pandemiýasynda ençeme ýaşlaryň we olaryň maşgalalarynyň başdan geçiren ykdysady ýitgisini dikeldip, şäherleriň has-da kuwwatlanmagyna getirip biler.

Netijelere salgylansak, olar ýaşlar üçin psihiki saglyga ýaramly şäherleriň gurulmagy birnäçe pudaklaryň (transport, jaý, iş, saglyk we şäher planlama) bilelikde zähmet çekip, sosial we ykdysady deňligi üns merkezinde saklamalydygynyny görkezýär. Şeýle-de, ulgamlaýyn we durnukly hyzmatdaşlygy saklap bilýän we ýaşyl ýerleri köpelmek maksady bilen elýeterli jaýlara mätäç toparlary çetleşdirip, deňsizligi has-da beterleşdirmeýän şäher planlama kanunlary zerurdyr.

Derňewiň awtorlary şäherleriň planlamasynda we ýaşlaryň psihiki saglygyna we abadanlygyna gönüden-göni täsir edýän çäreleriň döredilmeginde ýaşlaryň özüniň hem gatnaşdyrylmalydygyny nygtaýarlar.

  • 137 gezek okalan