Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
GARBANALGA IÝMEGI HALAÝAN BOLSAŇ, SAGLYGA ZYÝANSYZLARYNY SAÝLA
Ertirlik edineniňe 2-3 sagat geçipdir. Bir zatlar garbanmak isleýärsiň. Ýa-ha sumkaňda duran şokoladyňa el uzadarsyň ýa-da ýakynyňdaky dükandan şoňa meňzeş süýjüli, duzly tagamlardan ýa-da gazlandyrylan şekerli içgilerden alarsyň. Jemgyýetimizde hatda öýlerde we iş ýerlerinde hem çaýyň gapdalyndan süýji-köke iýmek däbe öwrülen. Endik bolup giden köp hereketleri çuňňur derňemeýäris we olaryň saglygymyza ýetirýän täsirlerini köplenç gözden salýarys.
Megerem, şonuň üçin ilatymyzyň ýarysy semizlikden ejir çekýärler we ýarysyna golaýy ýürek-damar kesellerinden ölýärler. Bularyň bolsa esasy sebäbi ýokumsyz we nädogry iýmitlenme we gündelik durmuşda fiziki hereketiň ýetmezçiligidir.
Garbanalgalar ýa-da çaýyň ýany bilen kabul edilýän süýji-kökeler hem günlük iýmitimize uly mukdarlarda ýokumsyz maddalary, esasan-da şekerleri, ýaglary we duzlary goşýarlar. Emma garbanalgalar ýokumsyz bolmaly diýen zat ýok. Biraz öňünden pikirlenmek we üşükli bolmak bilen, ýokumly we saglygymyza peýdaly garbanalgalary saýlap bileris.
Gytyrdaýan garbanalgalar:
↪ Alma, armyt ýa-da şoňa meňzeş miwe bilen arassa arahis püresi;
↪ Hummus ýa-da gatyk bilen ter gök-önümler (käşir, hyýat, pomidor, bulgar burçy);
↪ Gowrulan nohut;
↪ Ýagsyz patrak;
↪ Bitin dänelilerden ýa-da tüwüden edilen krakerler;
↪ Duzsuz maňyzlar we çigitler (bularyň kaloriýasynyň köpdügi üçin, mukdaryna üns bermeli).
Ýumşak garbanalgalar:
↪ Tworog ýa-da çekize;
↪ Tudanalar, dürli ter miweler;
↪ Bitin dänelilerden bişirilen şekersiz nanlar ýa-da kökeler;
↪ Hiç zat goşulmadyk, arassa gury iýmişler we kaklar;
↪ Az ýagly peýnirler;
↪ Şekersiz we ýagsyz gök-önümli we miweli smuziler;
↪ Hiç zat goşulman, arassalygyna doňdurylan miweler;
↪ Öýde arassa ingredientlerden özüň garbanalga taýýarlamak – meselem, süle kökeleri;
↪ Gaplanan garbanalgalary alanyňda kuwwatlylyk gymmatyna we düzümine üns bermek.
Içgileriňi hem pikirlenip saýla
Eger-de köplenç şekerli içgileri ýa-da energiýa içgilerini içýän bolsaň, olaryň daşyndaky ýokumlylygyna we düzümine üns ber. Şekerli içgiler köplenç hiç hili ýokum bermezden, gündelik iýmitiňe ençeme kaloriýa we zyýan goşýarlar. Arassa içgileri saýlamaga çalyş:
↪ Arassa agyz suwuny ýa-da gazlandyrylan agyz suwuny iç. Tagamlandyrmak isleseň narpyz ýapragyny, limon ýa-da hyýar böleklerini goşup bilersiň;
↪ Ýagsyzlandyrylan ýa-da az ýagly süýt, arassa soý süýdi ýa-da süýjedilmedik süle ýa-da maňyz süýtleri;
↪ Şeker goşulmadyk çaý ýa-da kofe;
↪ 100% miwe şiresi;
↪ Pomidoryň ýa-da gök-önümleriň 100% suwy.
Mundan başga-da, hünärmenler dykgatly garbanmagy, ýagny bir zada güýmenip otyrkaň däl-de, edip oturan işiňi taşlap, edil nahar iýmäge çemeleşişiň ýaly, bar ünsüňi berip garbanalgaňy iýmegi maslahat berýärler. Şeýdilende iýýän iýmitiňden has uly lezzet alyp, haçan doýýanyňy has gowy duýup we iýýän zadyň möçberini kontrolda saklap bolýar.
Galyberse-de, garbanalgaňy hemişe ýanyňda götermegi endik edinmek gyssaga düşüp ýokumsyz iýmitlere el urmakdan halas eder. Sumkaň kiçi bolsa, az ýer tutýan we dökülip zaýalanmajak ter gök-önümleri, krakerleri we gury ir-iýmişlerdir maňyzlary saýlap bilersiň.
- 75 gezek okalan