Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

NIDERLANDIÝADA, GERMANIÝADA WE ABŞ-DA AIW WE IŞLEMEK HUKUGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

aids hukuklary2020-nji ýylyň 6-njy maýynda biz Instagramdaky yzarlaýjylarymyz bilen UNAIDS tarapyndan geçirilen pikirsoraşmanyň netijelerini paýlaşdyk. Netijeler 15-49 ýaş aralygyndaky türkmenistanlylaryň 75-100 göteriminiň AIW göteriji satyjydan gök-önüm almajakdygyny görkezýär. Bu pikirsoraşmanyň geçirilen 68 ýurtdundan 29 sanysynda ilatyň ýarysyndan gowragy AIW göteriji adamlardan gök-önüm almajakdyklaryny aýdypdyrlar. Bu pikirsoraşma AIW göteriji adamlara garşy diskriminasiýanyň örän köp ýurtda ýaýgyndygyny görkezýär.

Okyjylarymyzyň birnäçesi hatda ösen döwletlerde-de AIW göteriji adamlara iýmit sektorynda işlemegiň gadagandygyny agzadylar. Pikir alyşmada esasy üç ýurdy belläp geçdiler: Niderlandiýa, Germaniýa we Birleşen Ştatlar. Biz hem ol ýurtlarda AIW-pozitiw adamlaryň iş hukuklary barada gözleg geçirip, okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik. Makala AFEW International bilen hyzmatdaşlykda ýazyldy.

AIW nädip ýokuşýar?

AIW esasan jynsy gatnaşyklar ýa-da iňňe we şpris arkaly geçýär. Diňe AIW göteriji adamyň belli beden suwuklyklary (gan, sperma, spermadan irki suwuklyk, artbujak suwuklygy, waginal suwuklyklar, göwüs süýdi) başga adama AIW geçirip bilýär. AIW-iň ýokuşmagy üçin bu beden suwuklyklary beýleki adamyň nemli bardasyna ýa-da zyýan ýeten dokumasyna baryp ýetmeli, ýa-da şpris bilen göni gan aýlanyş damaryna goýberilmeli. Nemli bardalar artbujagyň, waginanyň, ujydyň, we agzyň içinde ýerleşýärler.

Kanunlar

Niderlandiýanyň, Germaniýanyň we Amerikanyň üçüsiniň hem kanunçylygynda saglyk statusy sebäpli işgär dandamak gadagan edilen. Niderlandiýanyň Deň Görmek Hakyndaky kanunynda (konstitusiýanyň 4-nji maddasynyň 7-nji bendi) AIW göterýän adamy saglyk statusy esasynda diskriminirläp bolmaýandygy bellenilýär. Şeýle-de, iş berijä iş gözleýänden saglyk ýagdaýy barada soramak kanun taýdan gadagan. Şonuň üçin hem, eger sen işgär ýa-da iş gözleýji bolsaň, AIW statusyňy aýan etmezlige doly hukugyň bar. Eger-de seniň saglyk ýagdaýyň işiňe täsir edýän bolsa (meselem: käte döreýän yzgynsyzlyk) we iş sagatlaryňy şoňa görä sazlamak isleýän bolsaň, onda bu barada başlygyňa duýdurmaly. Emma munuň sebäbini aýtmazlyga hukugyň bar.

Germaniýanyň konstitusiýasyna görä, hiç bir adam saglyk statusy sebäpli diskriminirlenmeli däl. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda hem adamy saglyk statusy sebäpli diskriminirlemek bikanun hasap edilýär. Amerikanyň 1973-nji ýylda kabul edilen Reabilitasiýa Aktynyň 504-nji bölümi we Maýyplygy Bolan Amerikanlar Akty (ADA) adamy AIW/AIDS statusy sebäpli işe almakdan ýa-da dürli hyzmatlary bermekden boýun gaçyrmagy gadagan edýär. Gizlinlik Akty bolsa, adama saglyk taryhnamasyny paýlaşmazlyga hukuk berýär.

Döwlet tarapyndan maliýeleşdirilýän Nemes AIDS Kömegi guramasy we Niderland AIW Assosiýasiýasy AIW ýokançlygynyň gündelik durmuşda, hatda iş ýerinde hem ýokuşyp bilmeýändigini nygtaýarlar. Bu bolsa, AIW göteriji adamyň islendik işi ýerine ýetirip bilýändigini, hatda iýmit sektorynda hem işläp bilýändigini aňladýar. AIW-iň iş ýerlerinde ýokuşyp bilmeýändigini ylmy barlaglar hem tassyklaýar. AIW göteriji işdeşiň bilen elleşmek, iş enjamlaryny bile ulanmak, hatda gujaklaşmak we öpüşmek hem saňa howp salmaýar. AIW üçin bejergi alýan adamyň bedenindäki wirusyň möçberi nola deň bolýar we ol wirusy başgalara ýokuşdyryp bilmeýär.

Kesel Bejeriş-Öňüni Alyş Merkezine (CDC) görä, adama AIW göteriji adamyň taýýarlan ýa-da ellän iýmitini iýmek arkaly AIW ýokuşyp bilmeýär. Hatda iýmite ujypsyz möçberde wirus gaçan hem bolsa, ony howa, naharyň gyzgynlygy we aşgazan kislotasy weýran edýär. Örän seýrek ýagdaýlarda, AIW göteriji adamyň çeýnän iýmitini iýmek arkaly AIW ýokuşyp bilýär. Çünki AIW-li adam iýmiti çeýnän mahaly onuň ganyndaky wirus iýmite geçip bilýär. Häzire çenli iýmit arkaly AIW ýokuşma hadysasy diňe bäbeklerde anyklanyldy.

Wirus otag temperaturasynda ýuwaşşadan ölýär, emma doňan mahaly diri galyp bilýär. AIW gyzgynlyga hem çydap bilmeýär we +55 we ondan ýokary Selsiý gradusynda tiz wagtda weýran bolýar. Şeýle-de, bu wirus pes we ýokary pH derejeleriniň ikisinde-de güýjüni ýitirýär. AIW wirusyny giňden ulanylýan biosid konsentrasiýalary (meselem: gipohlorid, etil spirti, izopropil spirti) bilen hem derrew öldürip bolýar.

Iýmit bilen işleýän AIW-pozitiw adamlar işdeşlerine-de, elleýän iýmitlerine-de howp salmaýarlar. Olar üçin iýmitdir içgiler bilen işlemek ýa-da ofis esbaplaryny ulanmak hem-de hajathanalardan, duşlardan, iýip-içilýän ýerlerden peýdalanmak çäklendirilmeli däl.

Kanadada AIW/AIDS göteriji ýaşaýjylar diskriminasiýa garşy göreşmek maksady bilen öz restoranlaryny açdylar.

  • 297 gezek okalan