Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

DÜŞÜNDIRIŞ: RAÝATYŇ AÝRYLYŞMA HUKUKLARY

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.00 (2 Ses)

rayatyn ayrylysma hukuklarySaglyk Türkmenistanly ýuriste aýrylyşma hukugy barada birnäçe sorag bilen ýüzlendi.

1. Ýurdumyzda aýrylyşýanlaryň statistikasy ýöredilýärmi? Nähili statistika bar? 

Aýrylyşýanlaryň statistikasy bar, ýöne halk köpçüligine elýeter däl. Şonuň üçinem bu soraga doly we dogry jogap berip bolmaýar.

2. Siziň pikiriňizçe, bizde adamlar näme üçin aýrylyşýarlar?

Aýrylyşmaga esasan sosial meseleler sebäp bolýar. Olaryň içinde işsizlik, öý edinmek we ýaşaýyş şertleri bilen bagly kynçylyklar, erkegiň ýa aýalyň maşgalasyndan uzaklarda işlemegi, gelne ýoldaşynyň ýa-da gaýynlarynyň fiziki ýa-da psihologik taýdan azar bermegi iň köp duş gelýän sebäplerdir.

3. Är-aýal aýrylyşmak barada nähili kanunlardan habardar bolmaly?

Aýrylyşmagyň esaslary we düzgünleri Türkmenistanyň Maşgala Kodeksiniň 22-34 maddalarynda bellenilip geçilýär.

4. Nikanyň bozulmagyna ýol berilmeýän ýagdaýlar barmy?

Maşgala kodeksine laýyklykda, nikä 3 ýagdaýda bozulyp bilinmeýär:

1. Göwreli döwründe aýalyň razylygy bolmazdan;

2. Är-aýalyň bir ýaşyna ýetmedik çagasy bar bolsa, aýalyň razylygy bolmazdan;

3. Eger är-aýalyň biriniň kämillik ukyby ýok bolsa we hossary diňe ýanýoldaşy bolsa, onuň ýanýoldaşy nika bozmaga arza tabşyryp bilmeýär.

5. Kimler kanun taýdan aýrylyşyp bilýärler?

Kanuny nikada duran är-aýalyň nikasy olaryň haýsy hem bolsa biriniň arzasy boýunça bozulyp bilinýär. Eger arza berýän şahsyň kämillik ukyby ýok bolsa, onda arzany onuň kanuny hossarlary berip bilýärler (hossar onuň ýanýoldaşy bolmaly däl). (TMK, 22-nji madda)

Aýrylyşmaga karar beren är-aýal bilelikde RÝNÝ (raýat ýagdaýynyň namalarynyň ýazgysy) edarasyna arza tabşyrýarlar. Arza tabşyrmazdan ozal är-aýal çagalary, bilelikdäki emläkleri, we zähmete ukypsyz äriň ýa-da aýalyň eklenji barada ylalaşyga gelmeli.

Aýrylyşmagyň kanuny şertleri (TMK, 26-njy madda):

1. Är-aýalyň kämillik ýaşyna ýetmedik we zähmete ukypsyz kämillik ýaşyna ýeten umumy çagalary bar bolsa;

2. Nikanyň bozulmagyna är-aýalyň biriniň razylygy bolmasa;

3. Bilelikdäki emläk hakynda jedel bolsa;

4. Kämillik ukyby ýok adamyň nikasynyň bozulmagy hakynda onuň hossarynyň arzasy bar bolsa;

5. Jenaýat edenligi üçin azatlykdan mahrum etmeklige iş kesileniň özüniň nikasynyň bozulmagy hakynda arzasy bar bolsa.

6. Kanun nähili sebäpler üçin aýrylyşmaga rugsat berýär?

Kanunda aşakdaky meseleler sebäpli nikany bozup bolýar. Aýrylyşmak üçin arza berýän şahs bu meseleleriň dogrulygyna subutnama görkezmeli.

1. Ýanýoldaşyňyz maşgalasyny taşlap giden bolsa we gidenine azyndan bir ýyl geçen bolsa. Şeýle-de, yza dönmek islemeýän bolsa;

2. Arakhor ýa neşekeş bolsa;

3. Maşgalanyň maddy üpjünçiligine goşant goşmakdan gödeklik, zalymlyk, we sebäpsizlik bilen ýüz dönderse;

4. Başga birleri bilen ýakyn aragatnaşykda bolmak arkaly biwepalyk eden bolsa;

5. Impotensiýa – eger ýanýoldaşyňyz siziň bilen jynsy gatnaşyk geçirmäge ukypsyz bolsa;

6. Jenaýatçylyk edip türmä girse.

7. Aýrylyşmak üçin är-aýalyň ikisi hem arza berip bilýärmi? 

Gysgaça aýtsak: Çagalary we bilelikdäki emläk barada dawasy bolmadyk jübütler RÝNÝ edarasyna arza bermek arkaly aýrylyşyp bilýärler. Nikanyň bozulmasy iki aý soňra geçirilýär. Bu aýrylyşmagyň iň çalt usuly bolup durýar.

8. Arza nähili tabşyrylýar?

2020-nji ýylyň maý aýyna görä, nikany bozmak üçin ýaşaýan ýeriňdäki RÝNÝ edarasyna şu resminamalar tabşyrylýar:

1. Nika şahadatnamasy;

2. Öý uprawleniýasyndan №3 belgili kepilnama;

3. Pasportyň kopiýasy;

4. Çagalaryň dogluş hakyndaky şahadatnamalarynyň kopiýasy;

5. Döwlet paçlarynyň (30 manat) tölenendigi barada kwitansiýa.

9. Arza berleninden soňra näme bolýar? (Kazyýet näme edýär? Näçe wagt alýar?)

Kazyýet arza bir aýyň içinde seredýär. Nika bozma işine garanda kazyýet şulary berjaý etmäge borçly:

1. är-aýaly ýaraşdyrmak we maşgalany saklamak üçin çäre görmek, zerur halatlarda alty aýa çenli pikirlenmäge möhlet bermek;

2. çagalaryň iň gowy bähbitlerini nazara alyp, olaryň kim bilen ýaşajakdygyny kesgitlemek;

3. ata-enäniň haýsysyndan we näçe möçberde alimentiň (ekläp-saklamak üçin serişdeler) tutup alynmagyny anyklamak;

4. çagalary ýa-da zähmete ukypsyz äri (aýaly) ekläp-saklamak üçin aliment tölemegiň tertibini we möçberini anyklamak;

5. emläk hakynda jedeliň bardygyny anyklamak;

6. emlägiň nähili bölünmelidigini anyklamak.

Eger aýrylyşmaga är-aýalyň ikisi hem razy bolsa we olaryň arasynda jedelli mesele ýok bolsa, nikany üç aýyň içinde bozup berýärler. (TMK, 27-nji madda)

10. Är-aýal aýrylyşanda emläkleri nähili bölünýär?

Är-aýalyň nikaly döwründe edinen emlägi (pul, gymmatly kagyzlar, gozgalmaýan we gozgalýan zatlar hem degişli) olaryň haýsynyň satyn alandygyna ýa ulanandygyna garamazdan, olaryň bilelikdäki umumy eýeçiligi bolup durýar. (TMK, 52-nji madda)

Bilelikdäki emlägiň bölünmegi är-aýalyň (haýsam bolsa biriniň) talap etmegi boýunça, olaryň nikaly döwründe hem, nika bozulandan soň hem geçirilip bilinýär. Şeýle-de, bilelikdäki emläk är-aýalyň özara ylalaşygy boýunça hem bölünip bilinýär. Eger är-aýal özara ylalaşyp bilmeseler, meseläni çözmek kazyýetiň eline geçýär. Kazyýet är-aýalyň talaby bilen olaryň emlägini bölende kime nämäniň berilmelidigini kesgitleýär. Eger är-aýalyň birine oňa düşýän paýdan has köp emläk berilse, beýlekisine hem deň mukdarda öwez tölegi berlip bilner. Kazyýet, maşgala gatnaşyklary bes edilende, nikada duran är-aýalyň aýry ýaşan döwründe olaryň her biriniň edinen emlägi olaryň her biriniň özüniň eýeçiligi diýip ykrar edip biler.

Nikasy bozulan är-aýalyň bilelikdäki emlägini bölmek üçin üç ýyla çenli möhlet berlip bilinýär. (TMK, 56-njy madda)

11. Ene-atasy aýrylyşýan çagalaryň hukuklary nähili?

Aýrylyşýan ene-atanyň çagalaryna gezek gelende, olaryň nika bozulmasyndan soňra kim bilen ýaşajakdygy esasy mesele bolup durýar. Kazyýet 10 ýaşdan geçen çagalaryň pikirlerini kabul edip bilýär. Kazyýet aşakdaky faktorlary nazara alyp, çaganyň kim bilen ýaşajakdygyny kesgitleýär:

↪ Çaganyň ene-atasynyň her birine we jigi-doganlaryna bolan ysnyşyklygy;

↪ Çaganyň ýaşy;

↪ Ene-atanyň ahlak we şahsy aýratynlyklary;

↪ Ene-atanynyň her biriniň çaga bilen aragatnaşygy;

↪ Çaganyň terbiýe we ösüş mümkinçilikleri (ene-atanyň käri, iş sagatlary, maddy we maşgala ýagdaýy, we ş.m.).

Mundan başga-da, kazyýet ene-atanyň haýsynyň çaga aliment tölemeldigini kesgitleýär. Aliment esasan kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň zerurlyklary üçin tölenýär. Aliment töleýän ene ýa-da ata, bir çaga özüniň umumy aýlyk girdejisiniň 25% töleýär. Iki çaga 33%, üçden köp çaga 50% aliment tölenýär.

Eger aliment tölemeli ene-atanyň durnukly girdejisi ýok bolsa ýa-da ol talyp bolsa, ýa-da çaga kämillik ýaşyna ýeten emma zähmete ukypsyz bolsa, onda kazyýet çaga 218 manat möçberinde döwlet kömek pulunyň berilmegine karar berýär.

Bilelikdäki emläk bölünen mahaly, kazyýetiň kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň zerurlyklaryny göz öňünde tutup, emlägi är-aýala deň bölüp bermezlige hukugy bar. Kämillik ýaşyna ýetmedik çaganyň zerurlyklaryny üpjün etmek maksady bilen satyn alnan harytlar (eşikler, mekdep we sport esbaplary, saz gurallary we ş.m) çaga kim bilen ýaşasa şoňa berilýär.

12. Är-aýal aýrylyşmak barada başga nähili hukuklardan habarly bolmaly?

Nikanyň bozulmagy köplenç aýala has agyr degýär. Nika bozulmagyna erkek we aýalyň hereketleri, islegleri deň derejede sebäp bolup bilýär. Emma, köp maşgalada aýal ejiz orunda goýlansoň, aýrylyşmalaryň 70%-nde esasy aýal kösenýär. Aýrylyşan aýallaryň köp ýüzbe-ýüz bolýan meselesi öňki ýanýoldaşynyň aliment tölemekden gaçmasy bolup durýar. Çünki adamlar dürli ýollar bilen kazyýetiň öňünde girdejilerini ýa hakykysyndan az ýa-da durnuksyz edip görkezýärler.

13. Goňşy ýurtlarda aýrylyşmak isleýän är-aýal psihologyň hyzmatlaryndan peýdalanyp bilýär. Psihologlar jübütlere özara düşünişmäge kömek edip bilýärler. Bizde ilata şeýle hyzmatlary hödürlenýän edaralar barmy?

Heniz bizde döwlet derejesindäki psihologik kömek merkezleri ýola goýulmady. Diňe Aşgabatdaky "Keýik Okara" we Marydaky "Maşgala" ýaly jemgyýetçilik guramalaryndan psihologlaryň kömegini alyp bolýar.

  • 250 gezek okalan