Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MUGT LUKMANÇYLYK KÖMEGINI ALMA HUKUGY HAÝSY KANUNDA BERILÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

hukuk soraglarySorag: Salam, ýurdumyzda näsaga mugt lukmançylyk kömegini we diagnostika alma hukugy haýsy kanunda berilýär?

Jogap: Mugt lukmançylyk kömegine bolan hukuk Türkmenistanyň "Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakyndaky" kanunynyň şu maddalarynda bellenilýär: 9, 15, 16, 17, 21, 22, 23, 29, 36, 38 we 63. Türkmenistanyň "Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda" kodeksiniň 15-nji bölüminiň 99-njy maddasynda raýatlaryň mugt we tölegli esasda durmuş taýdan hyzmat alyp bilýändikleri aýdylýar. Şeýle-de, bu kodeksiň 18-nji babynyň 115-nji maddasynda beýleki döwletleriň çäklerinde bolan söweşlere gatnaşanlara şu hukuklar we ýeňillikler berilýär:

↪ döwlet we ýöriteleşdirilen dermanhanalardan, lukmanyň görkezmesi boýunça dermanlary mugt almak;

↪ ýaşaýan ýerindäki döwletiň bejeriş-öňüni alyş edaralarynda diş protezlerini (gymmat metallardan ýasalýan protezlerden başga) mugt taýýarlatmak we abatlamak, şeýle hem beýleki protezleri we protez-ortopediki önümleri mugt almak.

Hassahanalarda saglyk hyzmatlary üçin tölemäge ýagdaýy ýetmeýän näsaglara hem hyzmat etmek üçin dürli çäreler görülýär. Näsag ýolbaşçylara arza ýazyp, "býujetli krowata" ýerleşip bilýär. Hassahananyň ýolbaşçysy näsaglardan hyzmatlar üçin alnan tölegleri "býujetli" näsagy bejermek üçin ulanmaga karar berip bilýär. Mundan başga-da, her hepdäniň başynda her bölüm näsaglaryň ýagdaýlaryny ýekän-ýekän gözden geçirip çykýar we mugt hyzmat edilmeli näsag bar bolsa ýolbaşçylara habar berýär. Eger näsag işsiz bolsa, munuň subutnamasy hökmünde kepilnama görkezmeli. Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň № 333 buýrugyna laýyklykda, býujetli krowatlarda ýeňillikli näsaglar ýerleşdirilýär.

  • 707 gezek okalan