Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň täze görkezmesi ruhy saglyk bilen bagly hyzmatlar edilende adam hukuklarynyň bozulmazlygyny üpjün etmäge gönükdirilen.
Bütin dünýäde ruhy näsaglaryň idegi esasan psihiki keseller hassahanalarynda üpjün edilip, bu köplenç adam hukuklarynyň bozulmagy we mejbury usullar bilen amala aşyrylýar. Ösüş derejesine garamazdan, dünýäniň ähli ýurtlarynda adam hukuklarynyň gödek bozulmalaryny we mejbury amallaryň ulanylyşyny subut edýän wakalar häli-şindi hasaba alynyp dur. Şeýle hereketlere:
Dowamy
Covid-19 pandemiýa poliomiýelite garşy göreşi yza tesdirdi, emma Poliomiýeliti Ýok Etmek boýunça Global Inisiatiwanyň ýaňy-ýakynda kabul eden 5.1 milliard dollarlyk meýilnamasy täze çözgütlere ýol açýar.
1988-nji ýyldan bäri poliomiýelidiň 99,9% azalandygyna garamazdan, bu kesel Halkara Jemgyýetçilik Saglygy üçin adatdan daşary ýagdaý bolmagynda galýar we soňky döwür poliomiýelit bilen keselleýänleriň sany artyp başlady:
Dowamy
Lancet
žurnalynyň täze çap eden makalasynda soňky 40 ýyl çilimkeşligiň ýaýrama depgininiň biraz haýallandygy, emma dünýa ilatynyň artmagy zerarly çilim çekýänleriň sanynyň 1,1 milliarda ýetendigi aýdylýar.
Dowamy
Gyzyl Goşun esgerleriniň köpçülikleýin zorlamalarynyň şaýady bolan, Wenada doglan sud patologoanatomy Rudiger Breitenecker mundan 50 ýyl ozal Baltimorda jynsy zorluklary haýal etmän derňemek we subutnamalary ýygnamak we saklamak boýunça ýörite bölüm döredýär.
Ol lukmanlara nem çyrşagyny (mazok) almagy we zorlaýjynyň yzlaryny gözlemegi öwredýär. "Bir gün peýdasy deger" – diýen pikir bilen, ol müňlerçe nusgalyklary ýygnaýar.
Dowamy
40 ýyl mundan ozal şu aýda AIW dünýämizi agdar-düňder edip başlady: ol derrew pandemiýa ýagdaýyna geçdi we çalt depginde tagma öwrüldi, alymlary aljyratdy we 32 million adamyň ölümine sebäp boldy.
Lancetiň teswirinde epidemiolog we Halkara AIDS Jemgyýetiniň öňki prezidenti Kris Beýrer, 1996-njy ýylda ilkinji üstünlikli antiretrowirus bejergisi AIW-i ölüm jezasyndan, dolandyryp bolýan ýagdaýa öwürmäge kömek edendigini, emma bu bejerginiň hemmelere elýeterli dälligini aýdýar.
Dowamy
Soňky ýyllarda Braziliýa, Ekwador we Germaniýa ýaly birnäçe döwletler gürrüňdeşlik terapiýasy, gipnoz, elektroşok we agyz beklemegi öz içine alýan konwersiýa (uýtgetmek) terapiýasyny (adamy LGBT bolmakdan saklaýan/bejerýan terapiýasy) doly ýa-da bölekleýin gadagan etdi.
2020-nji ýylyň iýulynda BMG-nyň ýörite hasabatçysy lukmançylyga, ylyma gabat gelmeýän – konwersiýa terapiýasy zorluk bilen ulanylsa gynamalara we ýaramaz çemeleşilmä sebäp bolup biler diýen netijä geldi.
Dowamy
BMG-nyň 2020-nji ýyl üçin AIW-i gözegçilikde saklamak maksatlaryny onlarça döwlet amala aşyrdy ýa has artygy bilen ýerine ýetirdi. Emma, AIW/AIDS-yň üstüniň açylanyna 40 ýyl geçsede, gowşak döwletlerde AIW hyzmatlary entegem elýeterli däldigini UNAIDS-iň täze hasabaty tassyklaýar.
Dowamy
Hytaý jübütlere 3 çaga edinmäge rugsat berýän möhüm syýasy özgertmesini yglan edenden soň, ýurduň sosial mediýasy nägilelikden doldy – diýip The New York Times neşiri habar berýär.
Köpler üç çaga ulaltmagyň çykdaýjylarynyň ummasyz boljakdygyna ynanýarlar. Ýene bir esasy meseleleriň biri iş ýerlerinde aýallaryň diskriminasiýa duçar bolmagydyr.
Dowamy
Türkmenistanda klimat töwekgelçiligi: Ýokary temperaturalar adamyň saglygyna, ýaşaýyş durmuşyna we ekosistema güýçli täsir edýär.
Bütindünýä bankynyň we Aziýanyň ösüş bankynyň taýýarlan we 9-nji iýunda çap eden hasabatynyň gysga beýany:
Dowamy
Alymlar ilkinji gezek adam we maýmyn öýjüklerinden ybarat bolan düwünçekleri döretdiler. Bu işe gatnaşan halkara alymlar toparynyň "Cell" žurnalynda bellemegine görä, bu düwünçekleri döretmegiň bir maksady organ transplantatlaryna mätäç adamlar üçin täze organlary öndürmegiň ýollaryny öwrenmekdir. Emma bu ylmy barlag ynjalyksyzlyk döretdi.
Dowamy