ABŞ-da 1 ýaşdan 19 ýaşa çenli çagalaryň gark bolmagy tötänleýin şikes zerarly ölümçilige eltýän hadysalaryň esasylaryndan biridir. Emma käbir çagalaryň gark bolma töwekgelçiligi beýlekilerden diýseň uly.
Amerikan Pediatorlar Akademiýasynyň (AAP) Iýuldaky hasabatyna görä, 15-19 ýaşly ýetginjek oglanlaryň gyzlara seredeniňde gark bolma töwekgelçiligi 10 esse ýokarydyr.
Dowamy
Malaýziýanyň anyklamasy kyn bolan "sessiz jan alyjy" – gepatit C üçin dünýäde ilkinji elýeterli we täsirli dermany bellige almagy, millionlarça adamy bejergi bilen üpjün eder.
Serroz we bagyryň ragyna sebäp bolup biljek gepatit C garşy waksina ýok. Pes we orta girdejili ýurtlarda bu keseliň irki tapgyrlarynda berilýän bejergileriň agyr ýan täsiri bardyr.
Dowamy
Onlarça ýyl bäri Sudanda aýal-gyzlara garşy zulum meselesi babatynda gürrüňem edilenokdy. Bu baradaky maglumatlar ýiti ýetmezçilik edýärdi – diýip UN News habar berýär.
2019-njy ýylyň Aprelinde Omar al Başiriň häkimýetden agdarylmagy bilen başa geçen täze hökümet zenanlaryň hukuklaryny goramagy ösdürmäge, aýal jyns agzasynyň kastrasiýasynyň jenaýatlaşdyrylmagyna, jynsy zulum barada aç-açan aýtmaga we barlaglar geçirmäge ýol beriljekdigini mälim etdi.
Dowamy
Bütin dünýäde erkekler bilen jynsy gatnaşyk edýän erkekleriň takmynan 7.5%-inde sifilisiň (merezýel) bardygyny BSGG-nyň täze barlagy görkezýär. Bu uly görkeziji öňüni alyp we bejerip bolýan kesellere garşy dessin çäreleri görmek üçin duýduryşdyr.
Merezýel keseli (sifilis) – dowamly weneriki kesel bolup, deriniň, nemli örtükleriň, içki agzalaryň, süňkleriň we nerw ulgamynyň şikeslenmegi bilen häsiýetlendirilýär. Ýokuşma wagtyndan başlap, umumy ýokançly kesele öwrülýär we bejergi alynmadyk halatlarynda gaýtalama we gowşama döwürleriniň gezekleşmegi bilen geçýär.
Dowamy
Dowamy
Dowamy
Adamyň papillomawirusyna (HPV) garşy sanjymyň
käbir ýasy öýjükli täze döremeleriň öňüni almakda täsirlidigine garamazdan, ABŞ-da bu sanjymy alýan ilatyň sany pesligine galýar. Sanjyma bolan ikirjiňlenmeleriň we garşylyklaryň birnäçe sebäbi bolup, iň ýaýgyny howpsuzlyk aladalarydyr. COVID-19 pandemiýasy sanjymlaryň howpsuzlygyna bolan ynamsyzlygy has-da artdyrdy. Täzelikde geçirilen ylmy derňew zyýanly täsirleri ýa-da howpsuzlyk aladalaryny 11 ýylyň içinde HPV waksinasyny almazlygyň esasy sebäbi hökmünde öwrendi.
Dowamy
Fiziki jezalandyryşa çagalara zeper ýetirýän zulumyň bir görnüşi hökmünde garalmagy barha artýar. Bu düşündirişli syn fiziki temmi berýänleri we syýasatçylary fiziki jezalandyryşyň täsirini öwrenen 69 sany uzak-möhletleýin ylmy barlagyň netijeleri bilen habardar edýär. Bu syn 7 esasy netijäni kesgitledi. Olar:
Dowamy
1-nji iýulda, Ýewropa Bileleşigi sanly COVID-19 waksina pasportyny resmi taýdan işe girizdi. Bu sanly pasport soňky negatiw test netijelerini we öň COVID-19 ýokuşanlygyny hem görkezýär. Hindistanyň resmileri eger Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlary Hindistanyň ýasan waksinalaryny ykrar etseler, hindi tarapy hem Ýewropanyň Derman Serişdeler Agentligniň "ýaşyl geçişini" (iňlisçe: green pass) kabul etjekdiklerini duýdurýarlar.
Dowamy
Adam hukuklaryny goraýjy Human Rights Watch guramasynyň (HRW) Meniň durmuşym seniň üçin porno däl: Günorta Koreýada digital jynsy erjeşme jenaýatlary atly hasabatyna görä, Günorta Koreýada digital jynsy zorluk we erjeşme epidemiýasy pidalara ömürlik yz galdyrýan şikesler ýetirýär we ýurtdaky ähli aýal-gyzlara ýaramaz täsir edýär. Günorta Koreýanyň Kriminologiýa institutynyň berýän maglumatyna görä, ýurtda bikanun wideo düşürmek bilen baglanyşykly jynsy jenaýat ýagdaýlarynyň sany 2008-2017-nji ýyllar aralygynda 11 esse artdy.
Dowamy