Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

"TRANSGENDER" WE "TRANSSEKSUAL" SÖZI NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (18 Ses)

transgenderTakmynan 4-5 ýyl mundan öň habar beriş serişdelerinde, edebiýatlarda "transgender", "transseksual" sözleri köp eşdilip başlady. Olar kimler?

Doglan çaganyň jynsy ol ýa-da bu jynsa degişli alamatlar bilen kesgitlenýär we ol hromosomlaryň belli bir topary we gormonlaryň belli bir deňagramlylygy bilen dünýä inýär. Ýöne bu adamynyň gurluşyna we bedeniň kadaly işlemegine täsir edýändir. Adamynyň aňyna, ruhy dünýäsine, psihiki ösüşine bolsa jemgyýet köpçüligi we onuň medeniýeti uly täsirini ýetirýändir.

Transgender – bu öz tenini kabul edip bilmeýan, özüni garşydaş jyns saýýan adamdyr. Başgaça aýdylanda, bu erkek bedeninde özüni aýal ýaly duýýan adamdyr we tersine.

Transseksual – bu jynsyny üýtgetmegi meýilleşdiren transgenderdir. Onuň üçin ýörite hirurgiki usullar we ömürboýy kabul edilmeli gormonal serişdeler ulanylýar.

Her transseksual (bedenini üýtgeden) – trasngenderdir, ýöne her transgender transseksual däldir.

Adam trangenderligini ýaşlykdan duýup başlaýar. Keselleriň Halkara bölünşiginiň 10-njy neşirinde transgenderlik psihiki bozulmalara degişli edilen bolsa-da, täzeden işlenilen 11-nji neşiri transgenderligi bu kesgitlemeden aýyrdy. Transgenderlik- bu kesel ýa-da bozulma däldir. Bu dogabitdi ýüze çykýan häsiýetdir.

Bulardan başga-da, adamlaryň ýene bir topary barada eşidip bilersiňiz – transwestitler. Adatça aýal eşigini geýmäge we özüni aýal ýaly alyp barmaga ymtylýan erkek we tersine, erkek eşigini geýmäge ymtylýan aýal şeýle atlandyrylýar.

Şeýle adamlar adamzadyň bütin taryhynyň dowamynda hem bar bolan bolsalar, diňe soňky ýyllar özleri barada billirip başladylar. Bu ýagdaýyň näme bilen baglydygyny düşündirmek kyn. Sosiologlaryň köpüsi jemgyýetiň medeniýetiniň we düşünjesiniň ýokarlanandygy bilen baglanyşdyrsalar, ençemesi jemjyýetde psihiki bozulmalaryň agdyklyk edýändigi bilen düşündirýär.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2553 gezek okalan
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Менин пикирим меслик сонам хазирки заманда коп зады едип болянлыгында едеси гелмеян адамларам едип гормекде

Batyr
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Bagyşlaň welin ol meslikdenem däl, beýlekidenem. Onuň asyl bolşy şeýle. Özi erkek oglan halyna gyzlara seretmän oglanlara gyzyň gözi bilen seredýär, özi gyz halyna oglanlara seretmän gyzlara oglanlaryň gözi bişen seredýär. Bu ýerde düşünip...

Bagyşlaň welin ol meslikdenem däl, beýlekidenem. Onuň asyl bolşy şeýle. Özi erkek oglan halyna gyzlara seretmän oglanlara gyzyň gözi bilen seredýär, özi gyz halyna oglanlara seretmän gyzlara oglanlaryň gözi bişen seredýär. Bu ýerde düşünip düşünmez ýaly zat ýok, gyz bolsada oglan bilen bolmaga islegi bolman gyzlary etmek isleýär, öz jyns agzalary bolsa gyzyňky, oglan bolsa-da gyzlara seretmän oglanlara gyzyň gözi bilen seredýär. Bu ýagdaý tebigy bolanda adam näme etmeli? Ol mesligem däl, beýlekem. Goňşy obamyzda şeýle oglanyň bardygyny aýdýarlar. Siziň ol pikiriňiz ýalňyş. Ylym ýalan sözlemez, meňä ylyma bolan sarpam uludyr... Elbetde dinimede ynanýan, ýöne ylymdanan ýüz öwüremok. Hormatlamak bilen, redaktor Gurbanmyradow Ahmet...

Dowamy
Ahmedik
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Aňyrdan sen erkek ýa-da aýal adam diýip ýaradylan bolsa, jynsy agzalary hem ýerinde bolmalysy ýaly kadada bolsa, name üçin şol jynsy kabul etmeli dälmişin? Menä muňa "döwrüň mesçiligi" ýa-da ruhy dünýäsiniň üýtgemegi-bozulmasy diýjek. Egerde iki...

Aňyrdan sen erkek ýa-da aýal adam diýip ýaradylan bolsa, jynsy agzalary hem ýerinde bolmalysy ýaly kadada bolsa, name üçin şol jynsy kabul etmeli dälmişin? Menä muňa "döwrüň mesçiligi" ýa-da ruhy dünýäsiniň üýtgemegi-bozulmasy diýjek. Egerde iki jynsyň agzasyny göterip ýören bolsa ol başga mesele. Öz takdyryna kaýyl bolman belli bir jynsy kabul etäniň ugryna çykar.

Dowamy
Pikirli
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Name uçin 10-njy neshirde kesel emma 11-nji neshirde kesel dal edip ayirdylarka? Belki, adamlaryñ indi shunun kesel daldigini ynandyrmak uchinmika? Ylym her gechen gun uytgap dur, uytgemeklik ylymyñ hasiyetidir. Ertir-birigun chagalarymyza 5...

Name uçin 10-njy neshirde kesel emma 11-nji neshirde kesel dal edip ayirdylarka? Belki, adamlaryñ indi shunun kesel daldigini ynandyrmak uchinmika? Ylym her gechen gun uytgap dur, uytgemeklik ylymyñ hasiyetidir. Ertir-birigun chagalarymyza 5 yashynda "Sen isleseñ gyz hem bolup bilyäñ, islemeseñ erkek" ya-da yen 10 yildan "isleseñiz pishik ya-da güjik hem bolup bilyäñiz" diyip chykarjaklary belli zat. (Eyyam chykarmadyk bolsalar)
11-nji neshire, we umuman adamlaryñ öz jynsyny saylap bilya diyen bir ynama adamlary sürmek bilen, Siz, Beyik Yaradanyñ Sizi-Bizi yaradanda yalñyshlyk goyberenligini görkezyanligiñizden habaryñyz barmy? (Biz-Adamzat kim bolupdyrda Yaradanyñ yaradyshyny tankytlan bolyas) Tersine, chagalarymyza, bu pikiriñ yalñyshlygyny kichilkden owredip, durmushda, okuwda, mashgalada kynchylyklaryñ hemme wagt chykjagdygyny, jynsyñy uytgetmek bilen kynchylyklaryñ ayrylmayandygyny hem owredip bolya.

Dowamy
Lomay pikir
COM_KT_COMMENT_MINIMIZED_BY_MODERATOR

Ujudy bolupda gowusleri bar bolan ayallar degişlimi

Santa
Teswir ýazylmandyr, okalanlar barada pikiriňi derrew paýlaş

Pikirleriňizi paýlaşyň

0 Characters
Attachments (0 / 3)
Share Your Location