Anyklanylmadyk jynsy ýokançlyklary bolan aýallar köplenç aýbaşynyň öň ýanynda döreýän alamatlaryň agyr geçmeginden ejir çekýärler. Olar barada Oksford uniwersitetinde geçirlen tejribeler güwä geçýär. Jynsy gatnaşyklar arkaly geçýän ýokançlyklaryň ençemesiniň alamatsyz geçýändigi mälimdir. Meselem, hlamidiozly adamlaryň 70%-i öz keselleri barada bilmeýärler. Bu ýokançlyk bolsa önelgesizlige getirip bilýändir. Bu ýokançlyklaryň aýalyň önelgelilik ulgamyna howp salýandygy sebäpli alymlar öz geçirýän barlaglaryny wajyp hasaplaýarlar.
Barlaga 865 sany aýal maşgala gatnaşyp, olaryň hemmesinden jynsy arkaly geçýän keselleri geçirip-geçirmezligi barada sorag edildi. Ondan soň keseliň görnüşi, alan bejergileri, aýbaşynyň geçişi, ol döwürde emosional üýtgemeler, ulanylýan gormonal serişdeler barada anyk maglumat ýygnaldy.
Barlagyň netijelerine baglylykda, hlamidioz, uçuk ýa-da adamyň papilloma wirusy ýaly ýokançlyklaryň barlygy, aýbaşynyň öň ýanyndaky alamatlaryň agyr geçýändigi barada habar berme töwekgelçiligini iki esse ýokarlandyrdy. Aýallary aýbaşy başlanmazdan öň iç sanjylamalary, kellagyrlar, keýpiň bolmazlygy biynjalyk edýärdi.
"Biziň barlaglarymyz öz aýbaşy halkaňy ünsli öwrenip, aýallaryň öz saglygyny gowlandyryp biljekdigini görkezýär. Eger siziň aýbaşyňyz agyr geçýän bolsa, onda bu jyns gatnaşyklary arkaly geçýän keselleriň alamaty bolup biler. Ýokançlyk netijesinde dörän sowuklama bedeniň köp güýjüni alýar. Onuň bilen bilelikde aýbaşy hem başlanan wagty, bedeniň biziň emosiýalarymyzy kadalaşdyryjy serotonin gormonyny emele getirmäge mümkinçiligi bolmaýar. Şol sebäpli bu döwürde aýalyň keýpi, emosional durky pes bolýar" diýip, barlaga gatnaşan lukman Aleksandr Alwern belleýär.
Biziň köpümiziň "nädogry" egin-eşikleriň saglyk üçin zyýanlydygyny bilmeýändigimiz hem mümkindir. Aşakda bellenilip geçilen "howply" zatlary siz her gün ulanýansyňyz, ýöne makalajygy okap, belki siz olary ulanma babatda pikiriňizi üýtgedersiňiz.
Uzyn ökjeli köwüşler.
Aýallaryň aglabasy uzyn ökjeli köwüşleri halaýarlar, çünki olar zenany syratly, gözel görkezýärler. Şeýle köwüşleri siz duşuşyga, dabaraly çärelere (meselem, toýlara) gideniňizde, elbetde geýip bilersiňiz. Ýöne olary her gün ertirden agşama çenli geýmegiň geregi ýokdur. Ortoped lukmanlaryň duýdurmagyna görä, olar dabanyň görnüşiniň üýtgemegi (deformasiýasy), siňirleriň süýnmegi, oňurganyň gyşarmagy ýaly çynlakaý kesellere sezewar edip bilerler.
Dar jinsi balaklary.
Dar jinsi balaklaryň dowamly geýilmegi diňe bir siziň owadan we syratly aýaklaryňyzyň görnüşini görkezmän, eýsem wenalaryň warikoz keseliniň döremegine hem itergi berip biler. Has hem dar jinsiler kompýuteriň öňünde uzyn gün oturyp işleýän adamlar üçin howpludyr. Sebäbi döreýän gan aýlanşygyň bozulmasy gan damarlarynyň çynlakaý keselleriniň döremegine itergi berip biler.
Ýalňyş saýlanan göwüshaltalar (býusgalter).
Aşagy bölegi juda gaty göwüshaltalar göwüsleriň görnüşini üýtgedip, şikesleri döredip bilýändir. Bolmalysyndan uly saýlanan göwüshaltalaryň arkada agyrynyň döremegine we göwüsleriň sallanmagyna getirse, kiçi bolýanlaryň bolsa aşa derlegenligi döredip, emziklerden bölünip çykmalaryň döremegine sebäp boljakdygyny ýatdan çykarmaň.
Aşa uly torbalar.
Elbetde, uly torbalar götermäge oňaýly, sebäbi olara köp zat sygýar. Ýöne olar hemişe, onda-da bir eginde göterilse oňurganyň gyşarmagyna getirip biler. Ondan başga-da, göterilýän tarapyň myşsalary we siňirleri gowşap, egin bognunyň alawlamasyna sezewar edip biler.
Insiz içki eşik (stringi).
Içki eşigiň bu görnüşi dar köýnekleriň we balaklaryň aşagyndan geýlende enaýy görnüp biler. Ýöne olaryň hemişe geýilmegi kömelekli ýokançlyklaryň döremeginiň sebäbi bolup biler, sebäbi olar ýamza we daşky jyns agzalara sürtülip, olaryň tenmegine getirip bilýär.
Ilkinji gezek biologlara içinde ýerleşýän ösmedik öýjüge goraglylyk berýän follikulda aýal jyns öýjügini ösdürmek başartdy. Laborator tejribeleri iňlis we amerikan biologlary geçirdiler. Hünärmenler bu açyşyň dürli sebäplere görä dörän önelgesizlige sezewar bolan, şeýle hem himiýa bejergisini geçen aýallara kömek etjekdigine tama bildirýärler.
Tejribeler üçin biologlar kesarewo kesimi operasiýasyny geçiren, 25-39 ýaş aralygyndaky aýallaryň 10-yň ýumurtgalygyndan dokuma bölejigini aldylar. Ol böleklerde biopsiýa barlagy geçirildi. Alnan nusgalardan primordial follikullar alnyp, olar ýörite iýmitlendiriji gurşawa ýerleşdirildi. Şeýle follikullar enäniň göwresindekä gyzjagazyň ýumurtgajygynda emele gelip, olaryň uzynlygy 50 mikrometre deň bolup durýandyr. Haçanda aýal jyns öýjükleri ýetişende, alymlar olary jyns gormonlaryny işläp çykarýan granulez öýjükleri bilen aldylar. Alnan aýal jyns öýjükleri öz "ösüşini" düzüminde Aktiwin-A belogy we follikultijendiriji gormony goşulan ýörite taýynlanan iýmitlendiriji goşundyda dowam etdiler. Ösüşiň öňýanyndaky tapgyra 87 nusgadan 48 öýjük ýetdi. Hromosomlaryň hemme toplumyny saklaýan öýjükleriň bolsa bary-ýogy 9-sy alyndy. Soňky tejribelerde alymlar aýal jyns öýjükleri emeli şertlerde ösdürmegiň has hem içgin öwrenilmegini we kämilleşdirilmegini göz öňüne tutýarlar.
Beden tarapyndan işlenilip çykarylýan serotonin şatlanma duýgusynyň döremegi üçin jogapkärdir. Bu gormon bedeniň köp ulgamlaryna täsir edýändir we onuň köp işlenilip çykarylmagy bedene ýaramly täsir etjek ýalydyr. Ýöne hakykatdan hem bu beýle däldir.
Hünärmenler bu gormonyň ýokary mukdarynyň bedene zyýan ýetirýändigini bellediler. Onuň ýokary mukdary "serotonin sindromy" diýip atlandyrylan keseli döredýändir. Serotoniniň ýokary mukdaryny gamgynlylyga garşy kabul edilýän serişdeler, neşe serişdeleri ýokarlandyrmaga ukyplydyr.
Lukmanlar şeýle keseliň beden üçin howplylygyny aýtsalar hem, onuň alamatlarynyň başga keselleriň alamatlary bilen meňzeşdigi sebäpli, hatda tejribeli lukmana hem anyklama kynçylygyny döretjekdigini belleýärler. Serotonin gormony kadadan ýokarlananda adam emosional taýdan joşgunly bolýar, ol yzyny üzmän gepleýär. Adamda howsala düşme, özüni ýitirme, gözüne görünme ýaly ýagdaýlar hem döräp bilýändir. Ondan başga-da, adamyň ýüregi bulanyp gaýtaryp bilýär. Ol derleýär, içgeçme döräp bilýär, dem alşy kynlaşýar, kelagyrylar başlanýar. Adamyň agzy gurap, titremegi, el-aýagynyň duýujylygynyň ýitirilmegi mümkindir. Şeýle alamatlar dörände haýal etmän lukmana ýüz tutmak maslahat berilýändir.
Ýer togalagynyň takmynan 180 mln. ýaşaýjysynyň peşew çykaryş agzalarynda daşlar bardyr. Her bäşinjide bolsa öt haltanyň daş keseli ýüze çykarlandyr. Ýöne bozulma bolan halatynda daşlaryň başga agzalarda hem döräp biljekdigini hemmeler bilmeýän bolsa gerek.
↪ Bronhlar we öýken-daşlar esasan öýkeniň esasy we orta böleginde trifosfat we kömürturşy kalsiý görnüşinde döräp bilýändir. Esasan aýallarda döreýändir we rentgen barlagynyň üsti bilen anyklanylýandyr. Kesel ýaýbaňlanýan görnüşde geçende öýkeniň alweolalaryny dykyp, dem alşyň çynlakaý bozulmalaryna getirip bilýär. Ýöne bronhlarda mineral çökündileriň döremegi (bronholitiaz) has ýaýran we howply ýagdaýlaryň biridir. Hünärmenler bu keseliň inçekesel bilen kesellän näsaglarda ýygy duş gelýändigini belleýärler.
↪ Burunda döreýän daşlary "rinolit" diýip atlandyrýarlar. Duzlar burun geçelgesiniň aşaky böleginde, del jisim bölejikleriň, meselem, gan lagtajyklarynyň, ir-iýmiş şäniginiň daşynda toplanyp bilýärler. Rinolitler burun boşlugynda köp ýyllaryň dowamynda saklanyp, onuň alamatlary burundan kynçylyk bilen dem alma, ondan ganly, nemli bölünip çykmalaryň döremegi bilen häsiýetlenýandir.
↪ Daşlar tüýkülik mäzlerinde hem döreýändir. Hawa, geň galmaň! Olar "sialolitiaz" diýip atlandyrylýar. Bu kesel 20-45 ýaş aralygyndaky adamlaryň 1%-de anyklanylýandyr. Daşjagazlar örän kiçi bolup adama oňaýsyzlyk ýetirmän biler. Ýöne olar uly bolan halatynda tüýkülik mäzleriniň ýodajyklaryny ýapyp, alawlama ýagdaýyna sezewar edip bilýändir. Lukmanlar olaryň döremegini alyş-çalyş hadysalaryň bozulmagy bilen düşündirýärler. Howply topara çilimkeşler we buşukdyrýan hem-de rahatlandyryjy dermanlary kabul edýän adamlar degişli edilýändir.
↪ Gözlerde hem ýokanç keselleriň täsiri netijesinde çal ýa-da ak reňkli daşjagazlar döräp bilýändirler. Olar esasan kirpikleriň ösýän ýerinde ýa-da gözüň älemgoşar bardasynda emele gelýärler. Bu daşlar ýörite bejergini talap edýän däldirler, çünki olar biraz wagtdan özbaşdak dargamaga ukyplydyrlar.
Amerikan lukmançylyk assosiasiýasynyň alymlarynyň geçiren barlaglary mobil telefonlardan çykýan şöhlelenmeleriň beýnide beta-amiloid beloklaryň derejesiniň ýokarlanmagyna getirýändigini subut etdi. Şu belok bölejiklerinden düzülen ýasmajyklaryň döremegi Alsgeýmeriň keseline getirýändir.
Ençeme ylmy barlaglar, gijeki wagt mobil telefonlaryň şöhlelenmeleriniň bir sagatlyk täsiriniň melatonin gormonynyň tebigy bölünip çykmasyny üýtgedýändigini subut etdiler. Ukynyň dürli tapgyrlaryny kadalaşdyrýan bu gormonyň işlenilip çykmasynyň bozulmalary ukysyzlyga getirip bilýändir. Şeýle üýtgemeleriň öňüni almak üçin alymlar uklanylanda mobil telefonlary kelleden biraz daşlykda saklamagy maslahat berýärler.
Bedeniň işjeňliginiň gije-gündiziň wagtyna baglylykda üýtgeýändigi öňden bäri bellidir. Ýöne Kembridž Uniwersitetiniň barlagçylary ýaňy-ýakynda bu üýtgemeleriň bedene alnan ýaralaryň bitmegine hem täsir edýändigini subut etdiler. Alymlar günüň garaňky wagty alnan ýaralaryň, gündiz alnan ýaralar bilen deňeşdirlende haýal bitýändigini kesgitlediler.
Şeýle netijeleri almak üçin alymlar fibroblastlaryň – birleşdiriji dokumanyň esasyny düzýän öýjükleriň häsiýetini öwrendiler. Barlaglar olaryň işjeňliginiň gije-gündiziň wagtyna görä üýtgeýändigini hem görkezdi. Barlagçylar gündizki we gijeki wagtlar laborator şertlerde fibroblastlary kesip, birinji ýagdaýda olaryň işjeňliginiň 2 esse ýokarlanýandygyny subut etdiler. Edil şeýle netijeleri laborator şertlerde saklanýan gemrijilerde geçirlen barlaglar hem görkezdiler. Şeýle-de, gije alnan ýanyklaryň "gündizkiler" bilen deňeşdirlende 11 gün giç bitýändigi anyklanyldy.
Alymlar adamynyň bakteriýalaryň uly bir toplumyndan (mikrobiom) düzülendigini aýdýarlar. Biziň her birimizde azyndan 100 trillion bakteriýa ýaşaýandyr we olaryň agramy 3-4 kg. barabardyr. Bakteriýalaryň aglaba bölegi içegelerde ýaşaýan mikroflorany düzýändir we olaryň işjeňligine biziň iýmit siňdirişimiz, keýpimiz, saglyk ýagdaýymyz, agramymyz, hatda isleglerimiz we zehinliligimiz hem bagly bolup durýandyr.
"Iň sadaja mysal: adam süýji iýmäge isleg bildirýär. Hakykatda bolsa süýjini içegede ýaşaýan bakteriýalar isleýändir" diýip, Moskwa şäherindäki immunologiýa we allergologiýa merkeziniň ylmy ýolbaşçysy Andreý Prodeus düşündiriş berýär.
Barlaglar Alsgeýmeriň keseli bilen kesellän näsaglaryň içege mikroflorasynda kadasyz özgermeleriň bardygyny görkezdi. Edil şeýle ýagdaý autizmli çagalarda hem syn edilýändir.
Alymlar mikrobiomy öwrenmek bilen 50-ä golaý bozulmalary, şol sanda içegeleriň sowuklama kesellerini, aterosklerozy, dermatitleri, demgysmany, rak keseliniň käbir görnüşlerini netijeli bejermäge mümkinçiligiň dörejekdigini belleýärler.
Häzirki wagtda immun ulgamyny kadalaşdyrmaga, semizlik netijesinde dörän süýji keselini bejermäge kömek etjek dermanlary döretmek ugrunda işler alnyp barylýar.
Ýöne mikrobiom adam genleri bilen hem deňeşdireniňde has çylşyrymly düzümlidir we ony has içgin öwrenmek geljekde esasy işleriň biri bolup durýandyr.
Ýakyn wagtda ýürek-damar keselleriniň öňüni almaga kömek etjek netijeli derman serişdesi peýda bolar. Hünärmenler arteriýa gan damarlaryny ýagdan arassalajak Troduskwemin dermanyny döretmegiň üstünde işleýärler.
Şundan öňki geçirlen tejribeler alymlara bu dermanyň süýt mäzleriniň ragyna we süýji keseline garşy netijeli täsir edýändigini mälim etdi.
Alymlar laborator barlaglaryny geçirip, genetiki jähtden ateroskleroz keseline töwekgelçiligi bolan syçanlarda bu dermanyň täsirini barladylar. Tejribäniň netijelerinden bu serişdäniň bellenen bir mukdaryndan aterosklerozyň alamatlarynyň ýitendigi belli boldy.
Alymlar ýürek-damar keselleriniň döremeginiň öňüni almaga kömek etjek derman serişdesiniň wajyplygyny nygtaýarlar, çünki ol kesellerden bir ýylda dünýäde 17mln. gowrak adam ölýär.