1 1 1 1 1

Lukmanlar boýy kiçi erkek adamlarda saçyň ir düşme töwekgelçiliginiň bardygyny duýdurdylar. Bonn Uniwersitetiniň hünärmenleriniň geçiren barlaglary boýuň kiçi bolmagy we ir saçyň düşmegi üçin bir geniň jogapkärdigini görkezdi.

Ýaýbaň geçirlen genetiki barlaglara ir saçy düşüp başlan 11 müň erkek adam we entek saçyny ýitirmedik 12 müň erkek adam gatnaşdylar. Boýuň kiçi we saçyň düşmegine "günäkär" genler testosteron gormonynyň işläp çykarylmagyna jogapkär bolup, onuň derejesiniň ýokarlanmagy ýetginjeklik döwründe boýuň ösmeginiň saklanmagyna we kelledäki saçlaryň düşmegine sebäpkär bolýarlar.

Barlaglaryň awtorlary, eger nesil daragtynda hemme erkek adamlaryň boýunyň pes bolup, saçyň düşmeginden kösenmedik bolanlarynda, bu mesele babatda biynjalyk bolmaly däldigini belleýärler. Ýöne saçy düşmäniň ýuze çykma töwekgelçiliginiň ýokary bolan halatlarynda onuň öňüni alma kynçylykly bolup durýandyr.

Alymlaryň bellemegine görä, saçyň düşüp başlamagyndan öň, testosteronyň derejesini peseltmek üçin geçiriljek kastrasiýa (biçme) bu ugurda peýdaly bolup biljek ýeke-täk usuldyr.
 

  • 911 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Minnesota Uniwersitetiniň barlagçylary donordan alnyp doňdurylan beden agzalarynyň işleýşini bozmazdan janlandyrmagyň usulyny işläp düzdüler. Donor agzalaryň ýetmezçiligi her ýyl müňlerçe adamlaryň ölümine sebäp bolýar. Donor ýürekleriň we öýkenleriň 60%-e golaýy olary uzak saklap bilmek şertleriň ýoklugy sebäpli ulanylyp bilinmeýär. Kriokonserwasiýa ýa-da dokumalaryň doňdurylmagy usuly 1980-nji ýyldan belli bolsa hem, doňdurylan dokumalary täzeden janlandyrma örän çylşyrymly bolup, dokumalar janlanmazdan dargama ýagdaýyna sezewar bolup bilýändir. Nanojanlandyrma diýlip atlandyrylan bu ýagdaý fiziologiki işjeňligini bozmazdan, alymlara haýwanlaryň ýürek gan damarlaryny we gabsalaryny janlandyrmaga mümkinçilik berdi. Bu hadysa demriň oksidiniň nanobölejikleriniň kömegi bilen amala aşyrylyp, olar dokumalary "gyzdyryjylar" höküminde elektromagnit şöhleleriniň kömegi bilen işjeňleşdirildi. Janlandyrma hadysasy çalt we birsydyrgyn, minutda 100-den 2000 С derejesinde geçirilýär.

  • 807 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (16 Ses)

Seýrek duş gelýän ýa-da orfan keselleri diýlip, uly bolmadyk adam populýasiýasynda duş gelýän keseller hasaplanýar. Ýer Togalagynyň dürli künjeginde bu keseller dürli-dürli bolup bilýändir. Şeýle-de, orfan keselleri lukmançylygyň dürli ugurlarynda duş gelýändir. Şolaryň 80%-iň sebäbi genetiki bozulmalardyr.

Ekspertleriň bellemegine görä, dünýäde howply seýrek duş gelýän keselleriň görnüşleriniň 5-7 müňe golaýy bellidir. Olaryň arasynda has seýrek duş gelýän keseller hem bolýar: kabuki sindromy (Ýewropada 300 näsag), Pallistera-Killiani sindromy (Ýewropada 30 näsag), ýaýbaňlanýan süňk geteroplaziýasy. Niman-Pikiň keseli, Goşeniň keseli. Orfan keselleriň arasynda has ýygy düş gelýän görnüşleri hem bardyr: mukowissidoz, gemofiliýa, rak keseliniň dürli görnüşleri, miýeloma, Alsgeýmeriň keseli, Gentingtonyň keseli we başgalar.

Dowamy

  • 2475 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (1 Ses)

Lukmanlaryň bellemegine görä, häzirki çagalar ekranly serişdeleri has ir ulanyp başlaýarlar. Bu howsalaly ýagdaýdyr. Alymlar alakalar bilen tejribe geçirdiler. Olar haýwanlaryň gözüniň torly gatlagyna planşetiň ak swetodiod şöhlelenmesi bilen täsir etdiler. Ýöne bir ýagdaýlarda goraýjy süzgüçler (filtr) ulanylsa, galanlarynda ol ulanylmady. Netijede, filtrler ulanylmadyk halatlarynda, üç aýdan soň alakalaryň gözüniň torly gatlagyndaky öýjükleriniň dargamagynyň görkezijileri 23% ýokarlandy. Bu görüşi ýitirme howpuny döredýärdi.

Onuň üstüne hem, öýjükleriň ölümi bilen bagly genleriň üýtgemegi we bu hadysany çaltlaşdyrýan fermentleriň bölüp çykarylmagy hem ýokarlanýandyr. Ýöne filtrler bu ýagdaýlardan goramaga ukyplydyrlar. Ondan başga-da, ekspertler dürli täze enjamlardan bölünip çykýan ýagtylygyň çagalaryň gözüne ýetirýän täsirini öwrendiler. Görlüp oturylsa, çagalaryň elleriniň gysgadygy we planşetiň ýa-da telefonyň ekranyndan aranyň uly däldigi sebäpli, çagalaryň gözleri gysga tolkunly şöhleleriň täsirine 3 esse köp sezewar bolýar ekeni.

Gözüň torly gatlagynyň bolup biljek zeperlenmelerinden başga hem, dürli gadžetleriň ulanylmagy netijesinde gözleriň gurylygy döreýär. Şol sebäpli lukmanlar her 20 min. arakesme edip, ýörite gözler üçin niýetlenen maşklary geçirmegi maslahat berýärler.

  • 878 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Beýik Britaniýanyň alymlaryna stomatologiýada uly açyş etmek başartdy. Olar dişleri bejermegiň netijeli usulyny işläp düzdüler.

Täze usul ýakyn wagtlarda emeli petikleri (plomba) ulanmagyň ýerini tutamaga ýardam berer. Bu ýerde gürrüň diş dokumasynyň janly sütünli öýjkleriň kömegi bilen özbaşdak dikeldilmegi baradadyr.

Köpden bäri ulanylýan plombalar dişleri ýokarsyndan gorasalar hem, onuň içiniň minerallar bilen baýlaşmagyna täsirini ýetirmeýärler.

Adaty diş petikleriň ýerine, alymlar dişlerdäki boşluklary doldurmak üçin kollagenly biodargaýjy serişdäni ulanarlar. Bu serişde wagtyň geçmegi bilen dargap, bedende döreýän berk diş dokumasyna – dentiniň täze gatlagynyň emele gelmegine mümkinçilik döreder.

  • 875 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Awstraliýa we amerikan alymlaryň topary dürli ýurtlarda adamynyň ukysynyň ortaça dowamlylygyny kesgitlediler. “Lenta.ru” belleýşi ýaly, Russiýada adamlar agşam 22 sag. 43 min. ýatyp, irden 7 sag. 54 min. hem turýarlar we ortaça 9 sag. 20 min. uklaýarlar. Ýaponiýanyň ýaşaýjylary iň az ýatýanlardyr – 7 sag. 16 min.

Iň köp ýatýanlary Argentinada gözlemelidir. Olar 10 sag.16 min ukyda geçirýärler. ABŞ-da ortaça 8 sag. 31 min. ýatýarlar. Öz gezeginde Ýewropada we Günorta Koreýada ukynyň dowamlylygy meňzeşdir – 8 sag. 55 min. we 8 sag. 57 min.

Seljermeleri geçirme bilen, ekspertler belli bir üýtgeşmeleri hem kesgitlediler. Barlag geçirilýän döwründe ( 2006-2012ýý. statistiki maglumatlary göz öňüne tutuldy) ukynyň ortaça dowamlylygy Ýewropada gysgalsa, tersine, Gündogar Aziýada uzalypdyr. ABŞ-da bolsa bu görkeziji üýtgemändir.

  • 1065 gezek okalan
1 1 1 1 1

Kaliforniýa Uniwersitetiniň alymlary gandaky glýukozanyň derejesini agyrsyz kesgitlemegiň täze usulyny işläp düzdüler. Ýöne bu usul glýukozanyň gandaky derejesini kesgitlemän, adamyň derleme netijesinde bölüp çykarýan deriniň düzümindäki glýukozany barlaýandyr. Bu ýumşy sensor goýlan aýratyn joraplar üstünlikli ýerine ýetirýärler.

Bu jorap-enjam diňe bir takyk seljermäni geçirmän, eýsem toplanan maglumaty ulanyjynyň telefonyna hem iberýändir. Ýörite döredilen sahypada ulanyjynyň bedendäki glýikoza we süýt turşylygynyň derejesi barada sanlar görkezilip, adaty bolmadyk, ýokary duýujylykly sensorlaryň ulanylmagy, bu enjamyň aýratyn häsiýetliligi bolup durýandyr.

Şuňa meňzeş usullary alymlar köpden bäri ulanýarlar. Ýöne käbir ttehniki çäklendirmeler sensorlary egin-eşiklere birleşdirmäge mümkinçilik bermeýärdiler. Nähili hem bolsa, bu oňaýly çözgüt bolup, gözegçiligi 24 sagadyň dowamynda alyp barmaga kömek edýändir. "Jorap" enjamy döredijileriň bellemegine görä, wagtyň geçmegi bilen adaty glýukometrler ulanyşdan galarlar.

  • 925 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Uzak wagtyň dowamynda köriçegäniň uly bolmadyk goşundysy bolan gurçuk görnüşlli ösüntgi (appendix) adam bedeniniň wajyp däl bölegi ýaly hasaplanýardy. Ol barada diňe gaýragoýulmasyz hirurgiki kömegi talap edýän appendisit keseli ýüze çykanda ýatlanýardy. Ýöne soňky barlaglar appendiksiň beden üçin peýdalylygyny subut etdiler. Süýdemdirijileriň 500-den gowrak görnüşiniň aşgazan-içege ulgamy öwrenilip, köp görnüşlerde bu ösüntginiň 30 gezege çenli ulalyp özbaşdak kämilleşýändigi we ýitip gitmeýändigi anyklanyldy. Ondan başga-da, ösüntginiň limfoid dokumasyna baýlygy kesgitlendi. Şeýle açyşlaryň esasynda appendiksiň immun ulgamynyň işjeňligi üçin wajyplygy we onuň goraglylygynyň goşmaça düzüjisi bolýandygy baradaky düşünjeler döredi. Şeýle görnüşli goşundyda bedene peýda berýän bakteriýalaryň hem toplanýandygyny bellemelidir. Immun ulgamynyň mümkinçiliklerine täsir edýändigi üçin hem appendiksi goramagyň möhümdigi nygtalýar. Eger ahyrynda bu ösüntgini aýyrma zerurlygy ýüze çykan halatynda, adamyň immun ulgamynyň gowşap, ony başga usullar bilen taplandyrmaly boljakdygy bellenilýär.

  • 1377 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.55 (20 Ses)

4-nji FEWRAL – RAK KESELINE GARŞY GÖREŞMEGIŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNIDIR

Howply täze döremeler häzirki zaman lukmançylygynda ölümçilige getirýän keselleriň biri bolup, bütin dünýäniň alymlary bu howply keseli bejermäge ýardam berjek islendik mümkinçilikleri öwrenýärler. Alymlaryň çaklamalaryna görä, rak keseli geljekde her ikinji erkek adamyny we her üçünji aýal maşgalany keselçilige getirip biler. Soňky birnäçe ýylda rak keseliniň netijeli bejergisini üpjün etjek köp üstünlikler gazanyldy.

Dowamy

  • 4524 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

BBC-iň habar bermegine görä, Edinburg Uniwersitetiniň işgärleri ýakyn geljekde uly pandemiýalary (birnäçe epidemiýanyň möçberinde) döredip biljek 37 sany ýokanç keselleri kesgitlediler.

Häzirki günde olar adamlaryň arasynda hem ýaýrama häsiýetini ýüze çykarsalarda, ýaýraň möçberde keselçiligi döredenoklar. Ünsi çekýän wiruslar haýwanlarda duş gelýän ýokançlyklar bolup, häzirki wagtda esasan haýwanlary keselçilige getirýärler. Ýöne belli bir mutasiýalar (özgerişler) netijesinde olaryň adamlaryň arasynda hem ýaýramagy garaşylýandyr. Şeýle häsiýetli wiruslara Ýakyn Gündogar koronawirus respirator sindromy, Ebola wirusy we başga hem çirkeýler arkaly geçirilýän wiruslary degişli edip bolar.

Professor Mark Wulhausyň bellemegine görä: "Ýokanç keselleriň ýaýramagyna gözegçilik etmek wajyp mesele bolup durýandyr, çünki kiçi kynçylyklaryň hem uly kynçylyklara öwrülmegi üçin ekologiýanyň ujypsyz özgermegi ýeterlikdir".

Aýdyň mysal höküminde gyrgyn keseliniň pandemiýasyny (1350-ni ýylda 50 mln. adamyň ömrüni kesdi), AIW-i we 1918-hji hem-de 2009-njy ýyllarda adamlary heläk eden H1N1 dümewiň wirusyny belläp bolýandyr.

  • 1187 gezek okalan