BILIMLER GÜNI BILEN!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.91 (11 Ses)

Hormatly mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar!

Bir akyldar diýmişleýin: “Juwanlykda okama – daşa ýazma, garrylykda okama – gumda surat çekme ýalydyr”. Bilimler dünýäsine aralaşyp, ony öwrenme, onuň gymmatly miwelerini durmuşa, jemgyýetiň ösüşi üçin peýdaly edip ulanma siz, ýaşlaryň amala aşyrmaly borjuňyzdyr.

Bilimler Güni bilen gutlap, Size saglyk, rowaçlyk, takat, jepakeşligi we uly üstünlikleri arzuw edýäris.

Baýramyňyz gutly bolsun!

Gutlaglar bilen, saýtyň işgärler topary.

  • 2263 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Alymlar özara düşünişme bilen ýaşaýan agzybir, bagtly maşgalalarda maşgala jübütleriniň artykmaç beden agramly bolýandygyny belleýärler. Alymlar 4 ýylyň dowamynda 170 sany maşgala jübütleriniň durmuşyna syn edip şeýle netijä geldiler. Näme üçin?

Bagtly, asudalyk höküm surýän maşgalada adamsyny söýýän aýal dürli tagamlary bişirip ärine hödür edýär, onuň göwnünden turmak isleýär. Ondan başga-da, asuda, dartgynsyz, agzybir durmuş ýakymly duýgulary döredip, nerw ulgamynyň stressiz ýagdaýyny üpjün edýär. Onsoň nädip şeýle ýagdaýda semremejek?

Tersine, aýrylyşma alyp barýan dawa-jenjelli maşgala durmuşy nerw ulgamy ýadadýar. Jübütleriň biri-birine üns berip, idetmegi barada gürrüň hem ýok.

Başga barlaglar bolsa, bagtly maşgala jübütleriniň dawaly aýrylyşmany başdan geçiren jübütlere garanyňda uzak ýaşaýandygyny äşgär etdi.

  • 1206 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Dogrudan hem gazlandyrylan süýjüli içgiler şeýle zyýanlymyka ýa-da bu maglumatlar toslamamyka? Gynansak hem, getirilýän deliller toslama däldir. Meselem, Kolanyň düzümindäki fosfor turşylygy dişiň daşky gatlagyndan kalsiý mineralynyň ýuwulmagyna getirýändir. Bu bolsa wagtyň geçmegi bilen dişleriň dargamagyna getirip biler.

Başga bir kynçylyk – bu içgileri halaýan adamlar semizligiň döremegine ýykgyn bolýarlar. Sebäbi içgiler ýokumly bolup, gandyň köp mukdaryny saklaýandyr. Süýjüli gazlandyrylan içgileri içip, az hereket etmeklik bolsa semizligiň döreme ähtimallygyny has hem ýokarlandyrýandyr.

Elbetde, şeker saklamaýn içgiler hem bardyr. Ýöne biziň hemmämiz olarda şekeriň ýerini tutujy maddalaryň bardygyny bilýäris. Meselem aspartamy olara degişli edip bolýandyr. Soňky yllaryň barlaglary emeli tagam beriji maddalaryň süýji keseline we işdäniň ýokarlanmagy netijesinde semizlige getirp bilýändigini subut etdi. Ondan başga-da, aspartamy rak keselini döretmäge ukyply goşundy hasaplaýarlar. Şol sebäpli hem, Pepsi içgisini öndürijiler bu süýji tagam beriji goşundynyň ýerine kaliniň asesulfamy bilen goşulan sukralozany ulanýarlar.

Şeýle-de, barlaglar gazlandyrylan süýjüli içgileriň köp kabul edilmeginiň beden süňkleriniň gowşamagyna we aýal maşgalalarda jyns gormonlarynyň emele gelmeginiň bozulmalaryna getirip biljekdigini subut etdi.

  • 1295 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Şu ýylyň 28-nji iýulynda Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy Zika wirusynyň dünýäniň 70-e golaý döwletine ýaýrandygyny tassyklady. Gözegçilikler 9 ýyl dowam etdi, kesel esasan mör-möjekler arkaly geçirildi. Soňky iki ýylda bu wirus 67 sany döwletiň 64-de tapyldy. Şu ýylyň gyş aýlaryndan başlap wirusyň adamdan-adama (jyns gatnaşygy arkaly) geçiş ýoly hem hasaba alyndy. Wirusyň täsiri bilen täze dogan çagalarda duş gelýän dogabitdi şikeslenmeler barada dünýäniň 11 sany döwletinden BSGG-na habar gelip gowuşdy. Çagalarda mikrosefaliýa we nerw ulgamyň başga bozulmalary anyklanyldy. Birnäçe wirus ýokuşan aýalda çaganyň düşmegi, döwletleriň birnäçesinde Giýena-Barre sindromy bilen kesellän näsaglaryň köpelmegi hasaba alyndy. Keseli çybynlar geçirip, wirus esasan hem Amerika, Aziýa we Afrika sebitlerine giňden ýaýrady.

  • 1091 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (1 Ses)

Ýewropa himiki agentliginiň alymlary tatuaž geçirmek üçin ulanylýan reňkleriň howplulygyny subut edýän barlaglary geçirdiler. Bu reňkler zäherli bolup, dürli keselleri, şol sanda allergiki täsirliligi we rak keselini döretmäge ukyplydyr. Reňkleriň içinde iň zäherlisi gyzyl reňk bolup, zäherliligi boýunça soň gök, ýaşyl we gara reňkler bellenilýändir.

Alymlaryň tatuaž geçirmek meselesi bilen gyzyklanmagy tötänden däldir: Ýewropa ýurtlarynda tatuažyň ösýän meşhurlygyna seretmezden, käbit ýurtlarda (meselem, Beýik Britaniýa) ony geçirmek üçin ulanylýan serişdeleriň hil taýdan ygtyýarnamasy tassyklanmadykdyr.

Saglygy goraýyş ulgamynyň hünärmenleri hem tatuaž geçirmegiň düzgünleriniň bir bellenilen we gözegçilikde saklap boljak ülňülere salynmagynyň wajypdygyny belleýärler. Meselem, tatuaž geçirýän hünärmen, müşderinden gan akýan bolsa hem, bir gezek ulanylýan ellikleri geýmäge borçly däldir. Işlerinde bir gezek ulanylýan gurallary ulanmak barada hem kabul edilen berk talaplar ýokdur. Bu bolsa tatu-salonyň bir müşderinden beýlekisine ýokançlyklaryň aňsat ýaýrama ähtimallygyny ýokarlandyrýandyr.

  • 1006 gezek okalan

ÝODA ALYP BARÝAN UMYT

  • Hyzmatdaşymyz
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.77 (22 Ses)

30-njy IÝUL – ADAM SÖWDASYNA GARŞY GÖREŞMEGIŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNÜDIR.

Gündelik dünýä täzeliklerini görenimizde gowy habarlardan betbagtçylykly habarlar has agdyklyk edýär. Käbir meseleler, gynansakda, belli bir derejede hemme ýere mahsus meseleler bolup durýarlar: jynsy gulçulyk, maşgala içinde zulumlyk (esasan aýal maşgalalara garşy), jynsy erjeşme, islenilmedik göwrelilik. Bu ýagdaýlaryň esasy sebäpleriniň biri – garyplyk, ýagny ýeter-ýetmezçilik diýsek ýalňyş bolmazmyka diýip pikir edýärin.

Bulara öz rahat öýlerimizde, çaý başynda seredip, başgalaryň başdan geçirýän durmuşy wakalaryna biparh garamak örän aňsat. Eýsem bu betbagtçylyklarda çekilýän ejir her birimizde deň duýulmazmy ahyryn? Aramyzdaky sanlyja duýgudaşlyk bildirýänlerimiz bolsa bu meseleleri çözmekde özlerini güýçsiz, alaçsyz duýýarlar. "Eýsem biz nädip kömek edip bileris?" diýen soraglaryna jogap tapman, umytsyz, göwniçökgünlik bilen galýarlar.

Dowamy

  • 1854 gezek okalan

KONSERWALAR SAGLYK ÜÇIN HOWPLYDYR.

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Dürli ýaşdaky 7 müň adamynyň gatnaşmagynda geçirlen, bäş ýyllyk barlaglaryň dowamynda alymlar şunuň ýaly netijä geldiler.

Barlaglar iýmitinde konserwirlenen önümleri kabul edýän adamlaryň ganynyň düzüminde dürli himiki maddalaryň ýokary mukdarynyň saklanýandygyny görkezdi.

Barlagçylar konserwalary iýmek bilen ýürek-damar ulgamynyň keselleriniň, süýji keseliniň döremeginiň we gormonal bozulmalaryň arasynda ýakyn arabaglanşygyň bardygyny ýüze çykardylar.

Barlaga gatnaşyjylarda bisfenolyň ýokary mukdary ýüze çykaryldy. Bisfenol plastik önümleri öndürmekde we konserw gaplary örtüji serişde höküminde ulanylýar. Bu madda adam üçin juda zäherli bolup, konserwirlenen önümiň bir adama niýetlenen mukdary kabul edilende onuň bedendäki mukdary 24% ýokarlanýandyr.

Şeýle netijeleri alyp, alymlar öz howsalalaryny bildirýärler we konserwalary gowy görüjilere iýmitinde olaryň mukdaryny azaltmagy maslahat berýärler.

  • 1096 gezek okalan
1 1 1 1 1

Izwestiýa gazetiniň habar bermegine görä, düzüminde retinoid turşylygyny saklaýan serişdeler gizlin, täsirsiz wiruslary ýok edip, immun ulgamyna wirusly öýjükleri dargatmaga mümkinçilik berýändir.

AIDS dörediji wirusa garşy bejergi serişdeler ol diýen netijeli däldir, çünki zeperlenen öýjükleriň içinde gizlin ýatan wiruslar, bedende wiruslaryň köp bölegi ýok edilenden soň hem işjeňleşip bilýändir.

Amerikan alymlarynyň pikirine görä, retinoid tutşylygyny saklaýan serişdeleriň ulanylmagy diňe bir näsaglaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltman, eýsem AIW doly ýok etmekde päsgel berýän sebäplere garşy hem göreşmäge mümkinçilik döreder.

  • 1032 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

Hünärmenleriň bellemegine görä, indiki ýylyň dowamynda rak, ýürek keselleri, emfizema ýaly çilimkeşlik bilen bagly keseller sebäpli 6 mln. adam öler.

Alymlar dörän ýagdaýy öwrenip, temmäki önümleriň ulanylmagynyň dünýä ykdysadyýetine 500 mlrd. amerikan dollary möçberinde zyýan ýetirýändigini we ol pullaryň lukmançylyk çykdaýjylara, zähmete ukypsyzlygyň öwezini dolmaga we ekologiki zyýançylyklary ýok etmäge sarp edilýändigini beýan etdi.

Çilimkeşlik döreýän ölümçiligiň her onunjy ýagdaýyna günäkärdir. Geçen ýyl bu ýaramaz endik sebäpli dünýäde 5,5 mln. adam öldi we bu sanlar ýylsaýyn ýokarlanar. Öňünden berilýän seljermeler, eger netijeli çäreler geçirilmese, 2020-nji ýylda çilimkeşligiň 7 mln. adamyň, 2030-njy ýylda bolsa 8 mln. adamyň ölüminiň sebäpkäri boljakdygyny äşgär etdi.

Hünärmenleriň maglumatyna görä, geçen kyrk ýylyň dowamynda ösen ýurtlarda (ABŞ, Ýaponiýa, Beýik Britaniýa) çilimkeşleriň sany azalyp, tersine, ösüp barýan ýurtlarda ýokarlandy.

  • 2269 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Rak öýjüklerini dargatmaga mümkinçilik berýän usuly Tehas Uniwersitetiniň alymy, dosent Metýu Gdowin öz ady bilen hasaba goýdy. Bu tehnologiýa iki sagadyň içinde rak öýjükleriniň 95%-den gowragyny ýok etmäge ukyplydyr. Täze usulyň esasynda howply döremä nitrobenzaldegid himiki birleşmesini göýbermek ýatýar. Bu madda çişiň dokumasyna aralaşyp we rak öýjükleriniň içinde turşy gurşawy emele getirip, öýjükleriň dargamagyna getirýändir.

Bu usul süýt mäzleriniň ragy bilen keselli näsaglarda barlanylyp, himiki madda göýberlenden soň howply çişiň iki esse kiçelendigi, näsaglaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmaga mümkinçiligiň dörändigi aýdyň göründi.

M. Gdowin bu usuly ulanmagyň ýakynlaşmasy kyn bolan ýerlerdäki howply çişleri bejermekde (meselem, beýniň sütüninde, oňurgada, aortada) peýdaly we netijeli boljakdygyna tama bildirýär.

  • 1069 gezek okalan