POLIOMIÝELITI ÝOK ETMEK UGRUNDAKY GÖREŞ DOWAM EDÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

polio yok etmekCovid-19 pandemiýa poliomiýelite garşy göreşi yza tesdirdi, emma Poliomiýeliti Ýok Etmek boýunça Global Inisiatiwanyň ýaňy-ýakynda kabul eden 5.1 milliard dollarlyk meýilnamasy täze çözgütlere ýol açýar.

1988-nji ýyldan bäri poliomiýelidiň 99,9% azalandygyna garamazdan, bu kesel Halkara Jemgyýetçilik Saglygy üçin adatdan daşary ýagdaý bolmagynda galýar we soňky döwür poliomiýelit bilen keselleýänleriň sany artyp başlady:

↪ 2020-nji ýylda poliomielitiň ähli görnüşleri bilen kesellänleriň sany 1226 ýetdi. Bu san 2018-nji ýylda bary ýogy 138-di.

The New York Times gazetiniň habaryna görä, geçen ýyl poliomiýelit maksatnamalaryndan möhüm hünärmenleriň ençemesi we 100 million dollardan gowrak serişdeler COVID-19 -a gönükdirildi. Şeýle hem, 30-dan gowrak ýurtda öýme-öý gatnap sanjym ediş kampaniýalary 4 aýlyk togtadylmaly boldy.

Polimiýeliti Ýok Etmek boýunça Global Inisiatiwanyň täze meýilnamasynyň esasy funksiýalary:

↪ Poliomiýelite garşy çäreleri esasy saglyk hyzmatlary bilen utgaşdyrmak – şol sanda, dowamly immunizasiýany ýola goýmak;

↪ Ýokary töwekgelçilik astynda bolan ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy artdyrmak, hususan-da Päkistan we Owganystan – entäk poliomiýelitiň ýowuz ýaýramagyny togtatmaly ýurtlardyr;

↪ Sanjym bilen üpjün etmek;

↪ Habar beriş usullaryny seresaply saýlamak we waksina garşy ikirjiňlenme meselesini çözmek üçin jemgyýetiň gatnaşmagyny üpjün etmek.

Hünärmenleriň pikiri: Lancet Bütindünýä Saglygynyň (Lancet Global Health) täze makalasynda awtorlaryň dördüsi, ýokuşma zynjyryny ýeke-ýeke yzarlamaga derek, ähliumumy sanjym edilişiň ýola goýulmagyny maslahat berýär. Olar hakykata ýakyn bolmadyk, wirusdan bitünley saplanmak maksadyna ymtylman, eýsem, keseliň öňüni almak meselesiniň ileri tutulmagyny ündeýärler. Esasan hem, keselden has köp ejir çekýän ýurtlary sanjym ediş meselesinde goldamagyň zerurldygyny nygtaýarlar.

Poliomiýelit (polio) örän ýokanç kesel bolup, esasan 5 ýaşdan kiçi çagalara täsir edýär. Poliomiýelit wirusy adamdan adama nejesat-agyz ýoly arkaly, käbir ýagdaýlarda hem, zäherlenen suw ýa iýmit arkaly ýokuşýar. Wirus içegede köpelýär we nerw ulgamyna hüjüm edip, adamy ysmaz edýär. Wirusy köplenç ýokuşan adamlar (esasan çagalar) nejesatlarynyň üsti bilen ýaýradýarlar. Bu esasan gigeýana we sanitariýa şertleri ýaramaz ýerlerde çalt ýaýraýar.

2002-nji ýylda Türkmenistan poliomiýelitden azat bolandygy barada güwanama gol çekdi, emma 2010-njy ýylda bu wirusyň Merkezi Aziýa täzeden ýaýramagy bilen, Türkmenistanda poliomiýelit bilen kesellän 3 adam hasaba alyndy. Türkmenistanda poliomiýelite garşy sanjymlar keselleriň öňüni alyş sanjymlaryň tertibine görä çagalara berilýär.

Häzirki wagtda biziň goňşy döwletlerimiz bolan Owganystanda we Päkistanda heniz hem wirus ýaýramagyny dowam edýär. Munuň esasy sebäpleri bu ýurtlaryň syýasy howpsuzlyk ýagdaýlarynyň ýaramazlaşmagy, saglygy goraýyş ulgamlarynyň we sanitariýanyň hiliniň pes bolmasydyr. BSGG-nyň aýtmagyna görä, hatda dünýäde bu wirusly ýekeje çaga galsa hem, ol ähli çagalary howp astynda goýýar.

  • 915 gezek okalan