MALAÝZIÝA "ÜMSÜM JAN ALYJA" GARŞY ELÝETERLI BEJERGINI ÖŇE SÜRÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

gepatit c habarMalaýziýanyň anyklamasy kyn bolan "sessiz jan alyjy" – gepatit C üçin dünýäde ilkinji elýeterli we täsirli dermany bellige almagy, millionlarça adamy bejergi bilen üpjün eder.

Serroz we bagyryň ragyna sebäp bolup biljek gepatit C garşy waksina ýok. Pes we orta girdejili ýurtlarda bu keseliň irki tapgyrlarynda berilýän bejergileriň agyr ýan täsiri bardyr.

Gilead kompaniýasynyň gepatit C üçin sofosbuwir diýlip atlandyrylýan antiwirus dermany patent goraglylygy we gymmatlygy üçin pes we orta girdejili ýurtlarda elýeterli däldi.

2016-njy ýylda Malaýziýanyň hökümeti kliniki synaglary gurnap, ünsden düşürilýän keseller üçin dermanlar guramasy (DNDi) bilen derman öndürmek maksatly hyzmatdaşlygy ýola goýdy. Bu Malaýziýa derman üçin patenti ret edýän ýöne Müsürden sofobuwiri amatly bahadan almaga we onuň çalşyryjy (generik) görnüşini rawidaswiri öndürmäge mümkinçilik berdi.

The Lancet-iň aprelde çap eden synag netijeleri sofosbuwir we rawidaswir dermanyň näsaglary bejermekde 97% täsirlidigini we howpsyzdygyny görkezdi. Şondan soň, (rawidaswir) täze derman sofosbuwir bilen birlikde ulanmak üçin iýunda tassyklanyldy.

  • 881 gezek okalan