Bütindünýä bankynyň ýakynda çap eden hasabatyna görä, buzluklaryň eremegi netijesinde deňiziň derejesiniň ýokarlanmagy, süýji suwuň ýetmezçiligi we oba-hojalykda hasylyň azalmagy, 2050-nji ýyla çenli 216 million adamlaryň öz ýurtlaryndan göçüp gitmegine getirip biler. Bu bolsa pes girdeýjili ýurtlara has hem agyr deger.
Groundswell 2.0 kompýuter modeline görä, klimatyň üýtgemegi sebäpli migrasiýa 2030-nji ýylda möwj alyp we 2050-nji ýyla çenli güýçlenip biler. Netijede, Afrika yklymynyň diňe bir Saharanyň günortasyndan 86 million adamlaryň göçmegine, ýene-de:
↪ 19 million adamlaryň Demirgazyk Afrikadan;
↪ 40 million adamlaryň Günorta Aziýadan;
↪ 49 million adamlaryň Gündogar Aziýadan we Ýuwaş umman sebitinden;
↪ 5 million adamlaryň Gündogar Ýewropadan we Merkezi Aziýadan.
Hasabatyň awtorlarynyň aýtmagyna görä, klimatyň üýtgemegi indi hakykata öwrüldi, ýöne onuň ýaramaz täsirlerini azaldyp bolar. Atmosfera zyňylýan parnik gazlaryny azaltmak, ösüşdäki boşluklaryň öwezini dolmak we ekosistemalary dikeltmek bilen, migrantlaryň sanyny 80% – ýagny 44 milliona çenli azaldyp bolar.
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.