HAPA HOWA BARADA TÄZE HASABAT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

hapa howa taze hasabat

2021-nji ýylda dünýäniň ýeke ýurdy hem BSGG-nyň howanyň hili boýunça gollanmasynyň düzgünlerine laýyk gelmedi. Munuň netijesinde millionlarça adam BSGG-nyň saglyk standartlaryna gabat gelmeýän hapa howadan dem alýar.

Dünýäniň diňe 222 şäheriniň BSGG-nyň standartlaryny kanagatlandyrýan orta hilli howasy bar. BSGG-nyň standartlaryna görä, howadaky howply maddalaryň (PM2.5) ýyllyk mukdary her kub metrde 5 mikrogramdan geçmeli däl. Aşgabat şäheriniň howasyndaky PM2.5 maddalaryň ýyllyk ortaça mukdary 20.4 mikrograma barabar bolup, maslahat berilýän howpsuz derejeden 3-5 esse geçýär.

Dünýäniň iň hapa howaly ýurdy Bangladeş we iň hapa howaly şäheri Hindistanyň paýtagty Täze Deli boldy. Howasy iň hapa ýurtlar Hindistan, Päkistan we Bangaldeş bolup, ol ýerlerdäki hapa howanyň görkezijileri BSGG-nyň standartlaryndan 10 esse ýokary çykdy.

Howasy iň arassa ýurtlar bolsa Daniýa, Norwegiýa, Şwesiýa, Awstraliýa, Kanada, Ýaponiýa we Birleşen Patyşalyk bolup, olaryň howasyndaky howply maddalar standartlardan diňe 1-2 esse ýokary geçýär.

  • 755 gezek okalan