BAGYR ZEPERLENMESI BARADA DUÝDURYŞ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

bagyr zeperlenmesiSaglygy goraýyş edaralary çagalarda birden köpelen ýiti gepatitiň sebäbini derňemäge çalyşýarlar.

Gepatit bagyr çişmesine getirip, ölüme eltip bilýär. Kesellän çagalardan entek ýogalan bolmasa-da, birnäçe çaga bagyr transplantasiýasyny etmek zerurlygy döredi.

Häzire çenli 130-dan gowrak çaga ýiti gepatit diagnozy goýuldy. Hadysalaryň aglabasy Britaniýada, birnäçesi bolsa ABŞ-da, Ysraýylda, Daniýada, Irlandiýada, Niderlandiýada we Ispaniýada ýüze çykdy.

Geň galdyryjy tarapy: Kesel agyr geçýär we adaty gepatit wiruslary A, B, C, D we E bilen baglanyşyksyz.

Häzirki esasy teoriýalar: Alymlar bu kesele adaty sowuklama sebäp bolýan adenowirusyň mutasiýasynyň sebäpkärligini ýa däldigini anyklamaga çalyşýarlar.

↪ Angliýada bu kesele sezewar bolan çagalaryň 77% -inde adenowirusyň barlygy anyklanyldy.

↪ Alabamada ýüze çykan 9 hadysanyň ählisi adenowirusa we gepatite pozitiw çykdy.

Pandemiýada sosial çetleşmeler zerarly immunitetiň peselmegi ýiti gepatitiň döremesinde ýene bir  teoriýalardan biridir.

  • 630 gezek okalan