GADAGANÇYLYGA GARAMAZDAN GYZLYK PERDÄNIŇ BARLAGLARY DOWAM EDÝÄR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

gyzlyk perdanin barlaglaryMongoliýada gyzlyk barlaglary geçen ýyl gadagan edildi. Ýöne bu mekdepleriň gyzlaryň razylygy bolmazdan bu barlagy geçirmegine päsgel bermedi we barlaýjylar jogapkärçilige çekilmedi.

20 ýurtda entegem gyzlyk perdesiniň barlagy geçirilýär. Mongoliýada mekdep ýolbaşçylary okuwçylaryň ýa-da ene-atalaryň rugsady bolmazdan gyzlyk barlagyny etmegi buýurýarlar.

Gyzlar lukmanlaryň otagynyň daşynda nobata durmaly we waginal barlag üçin eşiklerini çykarmaly. Muňa garşy çykanlar bolsa kemsidilmä sezewar bolýarlar.

"Ony etdirmeseň adamlar seni göwreli diýip pikir edýärler" – diýip, bir gyz aýdýar.

Mekdep ýolbaşçylary barlaglaryň islenilmeýän göwrelilige we aborta böwet bolmak maksady bilen geçirilýändigini düşündirýärler. Ýöne, bu inwaziw barlagyň ylmy ýa-da kliniki esasy ýokdur.

Çeşme

  • 755 gezek okalan