BSGG NÄDIP DÜNÝÄDE ALKOGOLIZMI AZALTMAGY MEÝILLEŞDIRÝÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

bsgg alkogoliz azaltmagyAlkogoly artyk kabul etmek dünýäde iň köp gabat gelýän, emma öňüni alyp bolýan ölümçiligiň bir görnüşi bolup, her ýylda 3 milliondan köp adamyň ölümine sebäp bolýar. Şeýle-de bu iň köp ünsden düşürilýän meseleleriň biri bolup galýar. Muňa hem esasy alkogol söwdasyndan 1.5 trillion dollar girdeji gazanýan alkogol senagaty sebäp bolýar.

Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) kiçi bir bölegi dünýäde alkogolyň artyk içilmegini azaltmak üçin ilata gönükdirilen syýasatlary pugtalandyrmaga bagyşlanýar. Onuň ýolbaşçysy Huan Tello öz alyp barýan işleri barada Think Global Health toparyna gürrüň berdi.

Ýokanç däl keselleriň döremegine alyp barýan esasy dört töwekgellik faktorlaryna temmäki ulanmak, hereketsizlik, nädogry iýmitlenmek hem-de alkogol kabul etmek degişli. Men soňky iki ýylda alkogola gözegçilik wezipesine geçdim.

BSGG-da alkogol meselesine nähili çemeleşilýär?

Biz öňler esasy ünsi alkogolizm meselesi bolan adamlara gönükdirýärdik; olary bejerýärdik; alkogolizmiň öňüni almaga synanyşýardyk we olaryň maşgalalaryna goldaw berýärdik.

Biz indi BSGG-da alkogola täzeçe çemeleşýäris. Biziň guramamyz indi keseli bejermekden başga-da, keseliň sebäplerine hem düşünmäge çalyşýar: "Adamlar näme üçin içýärler? Alkogolizme itekleýän zatlar näme?"

Bahasy elýeterli. Soňky ýyllarda alkogolyň bahasy has-da arzanlady—bu bolsa has köp adamyň alkogol satyn almagyna getirdi.

Giňden ýaýran. Indi supermarketlerde, dermanhanalarda, köçeleriň gyrasyndaky dükanlarda hem alkogol satyn alyp bolýar. Alkogol öňler her ýerde tapdyrmaýardy.

Mahabatlar artdy. Alkogol senagaty ýaş adamlary we aýallary alkogol içmäge çekmek üçin temmäkiniňkä meňzeş mahabatlandyrmalary we marketing strategiýalaryny ulanýar.

Adatylaşdyryldy. Günbatar medeniýetlerinde köpçülikleýin alkogol kabul etmek adaty endige öwrülen. Biz şatlykly günümizde-de tost aýdyp alkogol içýäris, gama batsak hem alkogoldan aram gözleýäris.

Adamlar alkogoly asyrlarboýy ulanyp gelýärler we alkogol köp ýurtda temmäkiden has gowy garşylanýar. Şonuň üçin-de, bize alkogola garşy göreşmek has kyn bolýar.

Biz indi alkogol içmegiň hiç bir ýagdaýda howpsuz däldigine gowy düşünýäris. Alkogol içmek diňe bir zulumyň artmagyna we ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmagyna sebäp bolman, onuň düzümindäki etil spirti rak keselleriniň döremegi bilen hem baglanyşdyrylýar. Rak boýunça halkara ylmy-barlag agentligi alkogoly hiç bir mukdarda kabul etmegi maslahat bermeýär.

Biz alkogol senagatyna garşy göreşmek ugrunda iş alyp barýarys. Alkogol öndürýän kompaniýalar uly sport çärelerine hemaýatkärlik edýärler – bu bolsa gapma-garşylyk döredýär: biz sport bilen meşgullanmak arkaly saglyga peýdaly zatlary edýäris, emma şol bir wagtda-da stadionlarda piwonyň ýa-da spirtiň mahabatlaryny görýäris. Mahabat näçe köp edilse, içgä we içmege adaty zat ýaly garaýan adamlaryň sany hem şonça köpelýär. Alkogolyň mahabatlaryny köp görüp ulalýan çagalar hem ir içip başlaýarlar, netijede 18 ýaşda piwo içip ýören bolýarlar we 20 ýaşdan geçensoňlar wino, wodka we agyr içgilere geçýärler. Biz hem hut şuňa garşy. Biz adamlaryň alkogola we alkogol mahabatlaryna ýanaşmagynyň öňüni almak isleýäris. Biz adamlaryň içýän zatlaryny bilip saýlamagyny isleýäris.

Alkogolizme garşy göreşmekde BSGG-nyň nähili güýji bar?

Biz milli hökümetlere alkogol senagatynyň we alkogolyň ilata ýetirýän täsirleri barada habar berip bilýäris. Biz olaryň ýöredýän syýasatlaryny soraga çekip bilýäris: meselem, ençeme ýurt alkogol senagatyna pul kömegini (subsidiýa) berýär, sebäbi munuň ykdysadyýetiň ösüşine goşant goşjakdygyna ynanýar. Emma welin, alkogol senagatynyň adamlary has köp alkogol içmäge itermek bilen ýetirýän zyýany onuň gazanýan girdejisinden has uludyr. Biz hökümetlere bu ýagdaýlar barada duýdurýarys. Biz ýurtlara, esasan hem orta-girdejili ýurtlara alkogola garşy göreşmekde durmuşa geçirmesi gymmat düşmejek 5 maslahaty berýäris:

1. Alkogolyň bahasyny galdyryň, esasan-da salgytlaryň üsti bilen.

2. Alkogolyň marketingini we mahabatyna hemaýatkärlik edilmegini gadagan ediň.

3. Alkogol satýan dükanlaryň sanyny azaldyň.

4. Alkogolyň gandaky konsentrasiýasynyň barlagyny we gözegçiligini berkleşdiriň.

5. Alkogol bilen bagly meseleleriň bejergisini üpjün ediň.

Häzirki wagtda alkogolyň we beýleki saglyga zyýanly harytlaryň mahabatlandyrylmagynda sanly marketing ulanylyp başlandy. Onuň regulýasiýasy her ýurduň özüne bagly bolsa-da, bu halkara derejede heniz çözülmedik mesele bolup galýar. Sanly marketingi we mahabat kampaniýalarynyň işini nädip düzgünleşdirip boljakdygy barada uly çekeleşikler dowam edýär. Biz hem bu ugurdan nähili işleri edip biljekdigimize düşünmäge synanyşýarys. BSGG häzirki wagtda hökümetlere sanly marketing ulgamyny düzgünleşdirmäge kömek etjek maslahatlaryň üstünde işleýär.

Çeşme: Think Global Health

  • 589 gezek okalan