YS ALŞYŇ ÝITMEGINI DIKELDIP BOLÝARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (3 Ses)

anosmiaCOVID-19 sebäpli köp adamyň ys alşyny ýitirmegi bilen beýniniň ys alyş ukyplaryna düşünmäge we olary dikeltmäge gönükdirilen gözleglere has kän üns berlip başlady.

Ujypsyzja ähtimallyk: Ys alyş duýgusy boýunça gözlegçi Tomas Hummel ker adama kohlear implantasiýasynyň edilişi ýaly beýniniň ys duýgusyny dikeltmek üçin elektrik signallaryny ulanýan burun implantasiýasynyň mümkindigini aýtdy.

Hummele görä, beýle tehnologiýanyň döredilmegi üçin entek uzak wagt gerek we bu mesele boýunça gözleg geçirýänler az.

Hyzmatdaşlaryň kemçilik etmegi: "Ýürek-damar keselleri boýunça ylmy gözleg geçirýän wagtyň, şol ugurdan gözleg edýänleri her burçdan diýen ýaly tapyp bolýar. Emma, ys alyş meselesinde bu başgaça. Töweregiňe seredýärsiň welin, bu ugurdan gözleg edýän hiç kim ýok." – diýip, Hummel belleýär.

Çeşme: Nature

  • 555 gezek okalan